Bagtyýar durmuşyň binýady

10 Maý 2024
97

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Sport diplomatiýasy — parahatçylygyň dialogy» atly hepdelik meýilnamasy esasynda hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda «Sport we sagdynlyk — bagtyýar durmuşa binýat» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi, beden taýdan berk nesliň terbiýelenmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

Mekan ANNAGURBANOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň müdiri.