Ylmy-amaly maslahat

17 Maý 2024
114

13-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa we Döwlet baýdagymyz berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň hem-de rowaçlygymyzyň belent maksatlaryna ruhlandyrýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekili we ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir», «Asudalygyň hem buýsanjyň beýany», «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we milli demokratiýa berkararlygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň sarsmaz sütünidir» atly bölümlerde dowam etdi.

Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe we gimnastika kafedrasynyň uly mugallymy.