Beýik ynamyň, uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleri
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalan ýaşlarymyza beýik ynam bildirilýändiginiň, olaryň uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleridiginiň has-da dabaralanýan ýylydyr. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz — ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Biz şol göreldäni özümize nusga edinip, ata Watanymyza, halkymyza wepaly, Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde tagallamyzy, zehinimizi, ukybymyzy gaýgyrmaýarys. Döwletimizde ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar barada edilýän aladanyň örän uludygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, ol ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmat