"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sport. Sport. Sport.

Talyplaryň ukyp-başarnygy aýan boldy Ýakynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň ýokary, orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyp oglan-gyzlarynyň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş, diýseň, gyzykly hem çekeleşikli boldy.

Sport we ruhubelentlik

Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny we ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmak, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edildi. Türkmenistanda ilatyň saglygy barada alada döwlet syýasatynyň möhüm ornuny eýeleýär. Adamlaryň sagdyn bagtyýar ýaşamaklygy baradaky mesele öňki döwürlerde we häzirki döwürde-de esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda dürli akyldarlar, alymlar, lukmanlar öz ylmy filosofik pikirleri bilen nähili iýmitlenmeli, nähili ýaşamaly, näme bilen meşgullanmaly, nähili hereket etmeli, nädip saglygy goramaly we şuňa meňzeş soraglara garap geçipdirler. Bu soraglaryň ahyrky jogaby bolsa adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny nähili özgertmelidigini we adamlaryň nädip bagtyýar ýaşamalydygyny görkezýär.

Ýaşlar babatda alada

Ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn, ru­hu­be­lent, ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, zäh­met­sö­ýer, wa­tan­sö­ýü­ji adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler Ar­ka­dag­ly Serda­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ýer­ler­de iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim, ka­nun­çy­lyk, be­den­ter­bi­ýe-sport we beý­le­ki eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň öňün­de mö­hüm we­zi­pe­ler dur­ýar.    Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, ýaş­lar ba­bat­da ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny za­ma­na­bap ül­ňü­le­re la­ýy­kyk­da kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da yzy­gi­der­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da 2022-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da ka­bul edi­len «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň hu­kuk esas­la­ry­ny, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýö­rel­ge­le­ri­ni, esa­sy ugur­la­ry­ny, çä­re­le­ri­ni kes­git­le­ýär.

Bedenterbiýe we saglyk

Häzirki döwürde ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülýär. Sebäbi yzygiderli beden maşklaryny ýerine ýetirmek işe bolan ukyplylygy artdyrýar, her bir adamyň bedenini terbiýeläp, ynsany döredijilik işine höweslendirýär. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň ýoludyr.

Elektron sport geljegiň sporty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy we hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my bar­ha tä­ze ösüş­le­re iler­le­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň spor­tuň gör­nüş­le­ri ba­bat­da örü­le­ri we dü­jün­je­le­ri gün­sa­ýyn gi­ňe­ýär. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de spor­tuň 200 müň­den gow­rak gör­nü­şi bar­dyr. Şo­la­ryň ara­syn­da ýaş­la­ryň iň uly gy­zyk­lan­ma bil­di­r­ýän gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem ki­bers­port­dur.

Ar­ka­dag şä­he­ri­nde sport we bedenterbiýe

Se­bit­de we Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de ra­hat we sag­dyn dur­muş üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len des­ga­lar hal­ka bir­kem­siz hyz­mat ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek­de go­şant goş­ýan sport des­ga­la­ry hem bar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni hö­wes­len­dir­mek we ös­dür­mek, oňa ila­ty, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş­la­ry giň­den çek­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler bi­len aý­ryl­maz baglanyşyklydyr. Şä­he­riň gör­kü­ne görk ber­ýän sport des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­ni, Kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­ny we Sport mer­ke­zi­ni (Suw-sport top­lu­my), 10 müň orun­lyk sta­dio­ny ag­za­mak bo­lar. Ola­ryň äh­li­si hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Bu ýer­de spor­tuň ba­şa-baş sö­weş gör­nüş­le­ri, fut­bol, wo­leý­bol, bas­ket­bol, uly we stol us­tün­dä­ki ten­nis, agyr we ýe­ňil at­le­ti­ka, gim­nas­ti­ka, gy­lyç­laş­mak, küşt, şaş­ka we beý­le­ki­ler, şol san­da spor­tuň suw gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­ler d

Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da yla­la­şy­ga gol çek­mek dabarasy boldy

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň mej­lis­ler za­lyn­da şu ýyl paý­tag­ty­myz­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da Yla­la­şy­ga gol çek­mek hem-de Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baý­da­gy­nyň ýur­du­my­za gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa gat­na­şy­jy­lar, il­ki bi­len, ko­mi­te­tiň mu­ze­ýin­dä­ki ser­gi bi­len ta­nyş­dy­lar. Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, ýur­du­my­zyň Ku­raş gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň jo­gap­kär iş­gär­le­ri hem-de Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Haý­der Far­ma­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet gat­naş­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu we­ki­li­ýet Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we oýun­lar bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­tin­den, baş kä­ti­bin­den, teh­ni­ki gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň di­rek­to­ryn­dan hem-de as­so­sia­si­ýa­nyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­syn­dan yba­rat­dyr.

Ökdeler öňe saýlandylar

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, «Döwlet-Nur mekany» hususy kärhanasynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda şaşka boýunça ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde gyzlaryň arasynda birinji we ikinji orunlara degişlilikde 1-nji orta mekdebiň okuwçylary Mähriban hem-de Gülzar Durdyýewalar, üçünji orna 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Nargül Nepesowa mynasyp boldular.

Türgenler ussatlygyny görkezdiler

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň sport meýdançasynda wolebol ýaryşy geçirildi. Müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň we ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda geçen ýaryşa zähmetkeşlerden düzülen toparlar gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Ýaryş çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlandy hem-de zähmetkeşlerde sporta höwesiň ýokarydygyny görkezdi. Onda “Gazçylar” topary birinji, “Galkynyş” topary ikinji, “Ruhubelent” topary üçünji orunlara mynasyp boldy. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Milli göreş

Her bir hal­kyň öz edim-gy­ly­my­na, aý­ra­tyn­ly­gy­na gö­rä mil­li gym­mat­lyk­la­ry bol­ýar. Şol gym­mat­lyk­lar­da hal­kyň aň-dü­şün­je­si, ýol-ýö­rel­ge­si, mil­li däp­le­ri jem­le­nen­dir. Ine, türk­me­niň asyr­lar­bo­ýy sün­nä­läp, ata-ba­ba­la­ryn­dan do­wam edip gel­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ryn­da hal­ky­my­zyň mä­hir-söý­gü­si, yh­la­sy ýa­tan­dyr. Müň­ýyl­lyk­la­ryň için­den baý tej­ri­be top­lap ge­len hal­ky­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk mi­ra­sy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry, edim-gy­ly­my we aja­ýyp däp-des­su­ry ös­dü­ri­lip, kä­mil­leş­di­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ri­lip­dir. Türk­men hal­ky ga­dym dö­wür­den bä­ri spor­ta, be­den­ter­bi­ýä uly üns be­ren halk. Ta­ry­ha ser sa­la­ny­myz­da, ata-ba­ba­la­ry­myz spor­tuň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, toý­lar­da at çap­dy­ryp, gö­reş tu­tu­lyp, ny­şa­na atyp mer­gen­çi­lik edip­dir­ler. Öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­me­niň mil­li gö­re­şi hem hal­ky­my­zyň köp ýyl­lar meş­gul­la­nyp, kä­mil­leş­di­ren sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­men mil­li gö­re­şi hat­da Oguz han ata­my­zyň döw­rün­de hem uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr. Ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri türk­men hal­ky­nyň için­den çyk­ýan mert ýi­git­ler ba­şa-baş tut­lu­şyp, güýç­le­ri­ni sy­nap­dyr­lar. Gö­reş türk­men hal­ky­nyň toý-to­ma­şa­la­ry­nyň hem esa­sy be­ze­gi bo­lup­dyr. Toý eýe­si gö­r

Plog­ging — hem yl­ga­mak, hem tä­miz­le­mek

Bir­nä­çe ýyl mun­dan öň Skan­di­na­wi­ýa­dan göz­baş alan tren­de la­ýyk­lyk­da, yl­gaw be­den üçin hem-de pla­ne­ta­my­zyň tä­miz­li­gi üçin peý­da­ly sport çä­re­si­ne öw­rül­ýär. Plog­ging eko­lo­gik he­re­ket we şol bir wag­tyň özün­de yl­gaw spor­tu­nyň bir gör­nü­şi­dir. On­da yl­gaş­la­mak zi­bil ýyg­na­mak bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar.

Azia­da­lar­dan Olim­pia­da çen­li Hytaýyň Huanjou şäheri tomusky Aziýa oýunlaryny kabul etdi

1994-nji ýyl­da­ky to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ýat­da­ga­ly­jy wa­ka­la­ra baý bol­dy. Il­kin­ji çy­kyş­lar, il­kin­ji ne­ti­je­ler, il­kin­ji me­dal­lar... Azi­ada­nyň ta­ry­hyn­da ga­za­ny­lan il­kin­ji al­tyn me­dal we Al­ty­my­rat Oraz­dur­dy­ýe­wiň ba­şy­ny baş­lan üs­tün­lik­le­re bes­le­nen men­zil­ler mynasyp dowam etdirilýär. Biz ol wagt özü­mi­zem ýe­ne birnäçe ýyl­dan Aş­ga­bat­da Azi­ýa oýun­la­ry­ny ka­bul edip bil­jek­di­gi­mi­zi bi­lem­zok­dyk. Kim­dir bi­ri Aş­ga­bat 3 yk­ly­my bir ýe­re jem­läp, Olim­pia­da­lar­dan soň iň uly sport baý­ra­my­ny gu­rar diý­se­ler yna­nar­dyk. Çün­ki, ynam yn­sa­ny ýa­şad­ýar, öm­rü­ne ömür goş­ýar. Türk­men hal­ky hem eg­sil­mez yna­my hem­ra edi­nip, deň­li-de­re­je­li döw­let bo­lan­soň, bi­ziň yna­my­my­za kö­le­ge dü­şür­jek güýç ýok­dur.

Sport — kä­mil­li­giň göz­ba­şy

Fi­zi­ki iş­jeň­li­giň ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň di­ňe bir be­den taý­dan ösü­şi­ne däl-de, aň-paý­has müm­kin­çi­lik­le­ri­ne-de oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi köp san­ly tej­ri­be­ler ar­ka­ly su­but edi­len ha­ky­kat­dyr. Be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi beý­ni­niň ka­da­ly ösü­şi­ne kö­mek ed­ýär, üns­lü­li­gi we ýat­keş­li­gi ös­dür­ýär, şeý­le hem dart­gyn­ly­gy aýyr­ýar. Sport ýa-da oýun gör­nü­şin­dä­ki bäs­le­şik­ler­dir ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň umu­my ösü­şi­ne we ola­ryň mek­dep­dä­ki ýe­ti­şi­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ene­ler we mu­gal­lym­lar fi­zi­ki iş­jeň­li­giň okuw­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gyň aça­ry­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär. Sport bi­len meş­gul­la­ny­lan­da beý­ni­niň gan bi­len üp­jün edi­li­şi go­wu­lan­ýar, kis­lo­rod alyş-çal­şy­gy iş­jeň­leş­ýär, şäh­da­çyk­ly­ga we üns­lü­li­ge jo­gap ber­ýän gor­mon­la­ryň de­re­je­si ýo­kar­lan­ýar. Bu bol­sa ça­ga­la­ra okuw ders­le­ri­niň do­wa­myn­da has üns­li bol­ma­ga kö­mek edip, ola­ryň mek­dep­dä­ki ýe­ti­şi­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, sport ça­ga­lar­da we ýet­gin­jek­ler­de öz-özü­ňe erk et­mek, mak­sa­daok­gun­ly­lyk, to­par­la­ýyn iş­le­mek ba­şar­ny­gy ýa­ly üs­tün­lik ga­zan­mak üçin ge­rek­li bo­lan hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­ýär.

Sport. saglyk. ekologiýa.

Sport saglykdyr. Saglyk bolsa diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki, ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýyl bu herekete türkmenistanlylaryň barha köpsanlysy goşulýar. «Saglyk» döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Sport we sungat

Yn­san sun­ga­ta ma­ýyl. Adam be­ge­nen ma­ha­ly ýa-da gaý­gy-gus­sa ba­tan ma­ha­ly öz hal-ah­wa­ly­ny be­ýan ed­ýän aý­dy­ma hiň­le­ne­ni­ni ýa-da özi goş­gy se­tir­le­ri go­şa­ny­ny, iň bol­man­da ýa­dyn­da ga­lan goş­gu­dan bir bö­le­gi aý­da­ny­ny duý­man gal­ýar. Sun­gat adam­la­ry­nyň sport bi­len meş­gul­lan­ýan­dyk­la­ry­ny bil­mek bol­sa has-da gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň meş­hur ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň ömür ýo­ly bi­len ta­nyş bo­la­nyň­da, ola­ryň be­den­ter­bi­ýä, spor­ta öz dur­muş­la­ryn­da uly äh­mi­ýet be­ren­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Sö­zü­miz gu­rak bol­maz ýa­ly, kä­bir mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­lyň! Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň eýe­si, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy, ha­ly­pa şa­hyr Gö­zel özü­niň dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len hem ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lup, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne berk eýer­ýär. Ol bu ba­ra­da ge­çi­ril­ýän her bir du­şu­şyk­da bel­läp geç­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ja­nyp­keş­lik bi­len zäh­met çe­ken ha­ly­pa žur­na­list Ba­tyr Hal­ly­ýe­wiň ýat­la­ma­la­ry bi­len tan­şa­nym­da, Gö­zel ha­ly­pa­nyň ýaş­lyk döw­rün­den bä­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip gel­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­dum. Gö­rüp otur­sak, bel­li şa­hy­ry­myz suw­da ýüz­me­gi ha­la­ýar eken. Ha­ly­pa şa­hy­ry

Sport we žurnalistika

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­myz­da ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş­la­ryň kä­mil bi­lim­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Serdarymy­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­ly­gyň we rur­hu­be­lent­li­giň nus­ga­sy­na öw­rül­di. Şun­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni or­naş­dyr­mak­da, ýo­ka­ry sport­da ýur­du­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­jak us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Türkmen gyzy Bütindünýä Uniwersiadanyň medalyny gazandy

Türk­men gy­zy Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Çen­du şä­he­rin­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Bü­tin­dün­ýä Uni­wer­sia­da­da hor­mat mün­be­ri­ne çyk­ma­gy ba­şar­dy. Şol ýa­ryş­la­ra il­deş­le­ri­miz spor­tuň 4 gör­nü­şi bo­ýun­ça gat­naş­dy­lar.  Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Aý­gö­zel Gur­ban­gel­di­ýe­wa Bü­tin­dün­ýä Uni­wer­sia­da­da has ta­pa­wut­la­nyp çy­kyş et­di. Ze­hin­li gyz uşu-san­da bo­ýun­ça 52 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de gu­ra­lan bäs­le­şi­ge gat­naş­dy. Baş­lan­gyç tut­lu­şyk­da pa­kis­tan­ly Fiz­za Fiz­za­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­me­gi il­de­şi­mi­ziň ýa­ryş­da­ky ynam­ly çy­ky­şy­nyň baş­lan­gy­jy bol­dy.

«Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra ral­li­si

Türkmen türgenleri «Ýü­pek ýo­ly — 2023»  hal­ka­ra ral­li­si­nde baýrakly orunlary eýelediler 2023-nji ýy­lyň 5-nji iýu­lyn­da «Ýü­pek ýo­ly — 2023» hal­ka­ra ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­di. 15-nji iýul­da bol­sa dä­be öw­rü­len hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şi­ge 20-den gow­rak döw­let gat­na­şyp, ola­ryň ara­syn­da türk­me­nis­tan­ly eki­paž­la­ryň çy­kyş­la­ry to­ma­şa­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Sport bilen meşgullanýan döredijilik işgärleri

1. Spor­tuň haý­sy gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy ha­la­ýar­sy­ňyz? To­ma­şa ed­ýän sport oýun­la­ry­ňyz bar­my?2. Spor­tuň dö­re­di­ji­li­gi­ňi­ze ýe­tir­ýän tä­si­ri.3. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ba­ra­da mas­la­hat­la­ry­ňyz.

Dün­ýä ýurt­la­ryn­da mek­dep be­den­ter­bi­ýe­si

Be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek is­len­dik döw­rüň we is­len­dik hal­kyň esa­sy ala­da­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dyr. Ça­ga­la­ry be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­mek şol we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de be­den­ter­bi­ýe sa­pak­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­gy sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­me­giň iň yg­ty­bar­ly ýo­ly­dyr. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň her bi­rin­de okuw­çy­lar we ta­lyp­lar bi­len be­den­ter­bi­ýe sa­pa­gy­ny gu­ra­mak­da öz­bo­luş­ly çe­me­leş­me­ler peý­da­la­nyl­ýar. Ýa­po­ni­ýa­da ra­ýat­la­ryň sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak ýurt de­re­je­sin­de ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň or­ta mek­dep­le­rin­de be­den­ter­bi­ýe sa­pak­la­ryn­da, adat­ça, spor­tuň 8 — 10 gör­nü­şi bo­ýun­ça tä­lim be­ril­ýär. Ýa­pon mek­dep­le­rin­de eý­ýäm bi­rin­ji synp­da ça­ga­lar sy­nag­dan ge­çi­ri­lip, ola­ryň be­den iş­jeň­li­gi­niň haý­sy gör­nü­şi­ne ukyp­ly­dy­gy kes­git­le­nil­ýär.