Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi döwürlerdir nesilleriň dowamat-dowam bolýandygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr. 30-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda tabşyryklary berdi. Bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň taýýarlanylmagy babatda welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklar berildi.