"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Il alkyşynyň eýesi

Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr» diýmek bilen, ýaş nesle uly ynam bildirýär. Özlerine bildirilýän şeýle belent ynamdan ruhlanan ýaşlar hem okuwda, zähmetde uly üstünlikleri gazanýarlar. Olar şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ýaş hünärmen Bahargül Rejebowa hem öz işine yhlasly çemeleşip, halka medeniýetli hyzmat etmegi, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryň many-mazmunyny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ilhalar syýasatyny köpçülige ýetirmegi özüne belent borç hasaplaýar.

Ildeşimiz — halkara bäsleşiginiň ýeňijisi

Üstümizdäki ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň döredilenine 30 ýyl doldy. Şanly sene mynasybetli bu gurama agza bolup durýan döwletleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ylmy-amaly maslahatlar, festiwallar, bäsleşikler geçirildi. «TÜRKSOÝ — türki dünýäniň altyn köprüsi» diýen mowzukda düzme ýazmak boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan bäsleşik hem şanly senä bagyşlandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşige Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Akpamyk Maksadowa hem gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýurdumyza wekilçilik eden maryly, ahally ýaşlar bolsa, degişlilikde, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde ýeňijileri sylaglamaklyga bagyşlanan dabara boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan türkmenabatly Akpamyk Maksadowa dabara mahalynda Hormat haty, altyn medal we kompýuter gowşuryldy. Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanmak bilen naýbaşy baýramymyza sowgatly gelmek zehinli ildeşimizde çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Ýeňijileri sylaglamaklyga bagyşlanan dabara TÜRKSOÝ-a agza bolup durýan döwletleriň mekdep okuwçylarynyň bilelikdäki tejribe sapaklarynyň, dabaralaryň geçirilmegi bilen utgaşdy. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň gatnaşmaklarynda bir hepdäniň dowamynda Türkiýäniň Ankara, Stambul şäher

Bilim — geljege şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz uly ösüşlere, taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýaşlygyň hyjuwy möwç urýan joşguny bolup gelen bu ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, biziň geljegimiz bolan ýaş nesli sagdyn, ylymly-bilimli, aň-düşünjeli kemala getirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylmagy, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy aýratyn taryhy waka bolup kalbymyzda orun aldy. Elbetde, munuň özi ýaşlaryň ylma-bilime bolan dünýägaraýşyny giňeltmäge, kitaba, kitaphanalara bolan höwesini artdyrmaga uly ýardam berýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe berýän bilim işgärleri şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp işleýärler. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sakarçäge etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen 45-nji orta mekdepde yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň ýürekleri buýsançdan doly. Mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gyzylgül Çaryýewa ýaşlygyna garamazdan, çagalara bilim-terbiýe bermekde döredijilikli zähmet çekýär. Ol ýaş nesillere bilim bermekde görkezme esbaplaryndan peýdalanýar we okuwçylaryň sowatly bolup ýetişmeklerini gazanýar.

Tä­ze bi­lim oja­gy il­kin­ji ta­lyp­la­ry­na gu­ja­gy­ny giň­den aç­dy

Tä­ze okuw ýy­ly mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Al­tyn güý­züň il­kin­ji gü­nün­de, ýag­ny Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de Arka­dag şä­he­rin­de Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­de bi­lim al­ma­ga how­lug­ýan bag­ty­ýar ýaş­lar ýo­ka­ry okuw­la­ry­na oku­wa baş­la­dy­lar. Aka­de­mi­ýa­da okuw­lar tö­leg­siz esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Je­mi 9 hü­när — at­çy­lyk, we­te­ri­nar luk­man­çy­ly­gy hü­när­le­ri bo­ýun­ça hü­när­men mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da okuw al­nyp ba­ryl­sa, se­ýis­çi­lik, we­te­ri­nar we sa­ni­tar eks­per­ti­za­sy, mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar, at­ly sport we at­ly sy­ýa­hat­çy­lyk, sirk sun­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti we do­lan­dy­ry­ly­şy, buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit (oba ho­ja­ly­gyn­da) ugur­la­ryn­dan ta­lyp­la­ra ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da bi­lim be­ril­ýär.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp günlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna ruhubelentlik bilen barýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen bilim ojaklary, orta mekdepler toýly günlerimiziň dabarasyny has-da belende göterdi. Şeýle hem altyn güýzüň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Munuň özi bilim işgärlerini, mugallymlary döredijilikli işlemäge, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Bagtyýar Watanyň daýanjy ýaşlar

Türkmenabat şäher häkimliginde «Bilim-terbiýeli türkmen ýaşlary — ata Watanymyzyň buýsanjy» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, syýasy partiýalaryň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary, Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olar şanly ýylymyzda bagtyýar ýaşlaryň durmuşyny özgerdýän taryhy wakalar, ýaş nesliň durmuş goraglylygyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli işler dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Ildeşlerimiz türkmen ýaşlarynyň ak ertirlere gönükdirilen nurana ýollarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ady we ylymly-bilimli, çuň gözýetimli şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky beýik tutumlary bilen baglanyşyklydygyny nygtadylar. Mährem enelerimiz bolsa Milli Liderimiziň geçen umumy sapagynda eden çuň mazmunly çykyşynyň terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Ýaşlar — nurana geljegimiz

Täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde gojaman Köpetdagy etekläp oturan Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynyň täze binalarynyň açylmagy toý şatlygyny goşalandyryp, köňüllere üýtgeşik ýakym çaýdy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlaryna, körpe nesline giňden gujak açdy. Täze binalaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy has-da buýsançlydyr.

Maksadyň myrat tapmagy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, kämil bilimli hünärmenler bolup ýetişmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň çäginde hem şu ýyl giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, ýokary okuw mekdeplerimiziň bagtyýar talyby bolan ýaşlarymyzyň buýsanjynyň çäksizdigini görmek bolýar. Biz hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň deňizçi harby talyby bolmak bagty miýesser eden Ýakup AGADURDYÝEWIŇ ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyby bolup okuwa kabul edilmegim, durmuşymda buýsançly waka boldy. Deňizçi serkerde bolmak höwesi çagalyk döwrümde döredi. Kakam bilen teleýaýlymlaryň birinde harby talyplaryň uçurym dabarasyna tomaşa edenimde, şeýle-de kyblamyň maňa «Esger» gazetini okamaga bermegi, bular deňizçi bolmak umydyny oýaran wakalardyr. Üstesine-de, kakamyň harby gullukçydygyny nazarda tutsak, «Ata kesbi ogla halal» diýleni-dä! Öz öňümde deňizçi serkerde bolmak maksadyny goýupdym. Elbetde, maksada ýetmek üçin oňa ymtylyş, höwes, şeýle beýik duýgynyň ugrunda jan çekmek gerek bolup durýar. Şeýlelik bilen, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, harby okuwçy bolupdym. Diýmek, çagalykdaky

Bagtyň çyragy

Ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini terbiýelemek bilim işgärleriniň öňünde mukaddes borç bolup durýar. Şol borjy amal etmek maksady bilen, häzirki wagtda ähli amatlyklar we okatmagyň häzirki zaman wezipelerine jogap berýän şertler bilen üpjün edilen mekdeplerde ýaşlara bilim bermek, sowat öwretmek işleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şoňa laýyklykda, bu günki gün türkmen ýaşlary dünýä ýaşlary bilen deň gadam urýar. Ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynyň hatarynda welaýat merkezimizdäki 26-njy orta mekdebiň ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulmagy ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryna dünýä tejribesiniň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylandygynyň aýdyň alamatlaryny görkezýär. Bilim işgärlerine, okuwçy ýaşlara bilim bermek bilen bir hatarda, başarnyklaryny açyp görkezmäge hem mümkinçilikleriň döredilmegi ulgamda işleriň sazlaşykly guralýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşigiň ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülip, ol bilim işgäriniň ulgamda zähmet çekmek babatdaky tejribesiniň näderejededigini aýan etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Başlangyç bilimiň ähmiýeti ýokary Bilim ojaklarynda iş tejribesinden ýüki ýetik mugallymlar yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar diňe bir körpe nesillerimize sapak bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary okuw jaýlaryny gutaryp gelýän ýaş mugallymlara hem halypalyk edýärler. Eýýäm ençeme ýyl bäri bilim ulgamynda zähmet çekip, işgärleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri hem Altyn Nurberdiýewadyr.

Röwşen geljegi nazarlap

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, watansöýüji, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin taryhy işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw işine okatmagyň döwrebap usullary, ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalaryň netijeleri giňden ornaşdyrylýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplardyr obalarymyzda iň häzirki zaman bilim edaralary gurlup ulanylmaga berildi. Has takygy, şol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy uly şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle hem Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, baýramçylyk güni Sahy Jepbarow

Bilimden paýly ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar. Her bir ýurduň geljegi onuň ylymly-bilimli ýaş nesli bilen berk baglanyşyklydyr. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşyny watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli bagtyýar ýaşlarymyzda görýär. Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdepleriň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär.

Döwrebap özgertmeler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, hil taýdan täze derejä çykarylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaş nesilleri kemala getirmekde, olaryň beden taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde ähli şertler döredilýär. Ynha, 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze bilim ojaklarynyň açylyş dabarasy boldy. Arkadag şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu bilim edaralary häzirki zaman multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilip, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ukypdyr başarnygyny açmakda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň ygtybarly binýady bolup durýar.

Iňlis dili sapaklarynda oýunlaryň ähmiýeti

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda iňlis dili düýpli öwrenilýär. Ýurdumyzyň çagalar baglarynda körpeler iňlis dilini 4-5 ýaşlarynda öwrenip başlaýarlar. Iňlis dilini degişli maksatnama laýyklykda özleşdirseler, onda çagalaryň sözleýiş endikleri ösýär, söz baýlygy artýar. Şonuň üçin körpelere iňlis dili boýunça okuw maksatnamasynyň talabyna laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda okatmagyň öz usuly aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar sapagy usuly taýdan dogry guramak, çagalaryň ünsüni özüňe çekmek, sapaklary oýun esasynda alyp barmak, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmak, okuw-görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelerden ybaratdyr. Şonuň üçin mugallym sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr.

Okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamagyň usullary

Ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Elbetde, milli bilim ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmek mugallymlaryň paýyna düşýär. Mugallymyň işiniň netijesi onuň bilimli okuwçylarydyr. Okuwçynyň hakyky bilimden ýüküniň ýetikligi bolsa ders bäsleşiklerinde belli bolýar. Her okuw ýylynda ders bäsleşikleri geçirilip durulýar. Daşary ýurt dili sapaklarynda hem okuwçylar bilen ýörite işlenilip, olar ders bäsleşiklerine taýýarlanylýar. Ders bäsleşigine okuwçyny saýlap almak üçin, ilki bilen, onuň şol derse bolan höwesine, başarnygyna, ýatkeşligine, ugurtapyjylygyna we söz baýlygyna üns bermeli. Ders bäsleşigine okuwçy başlangyç synpdan taýýarlanylyp başlanýar. Zehinli okuwçylary anyklamak, ýüze çykarmak we saýlap almak başlangyç synpda, ýagny 3-nji synpda synp mugallymy bilen ders mugallymynyň sazlaşykly işlemegi netijesinde amala aşyrylsa maksadalaýyk bolar. Alymlaryň belleýşi ýaly, eýýäm şu ýaşdaky okuwçylarda ýatkeşlik, hyýal ýüwürtmek, özbaşdak oýlanmak, pikirlenmek, tabşyrylan işe jogapkärli, döredijilikli çemeleşmek, öz pikirini anyk aňlatmak, ünsi bir ýere jemlemek duýgulary kemala gelip başlaýar. Okuwçynyň bilimini, başarnygyny ýörite testleriň, barlag işleriniň, zehin sowallarynyň üsti bilen ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, ol okuwçyda maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik, erjellik, durnuklylyk, pikirlerini erkin, çek

Belent sarpanyň beýany

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Nurýagdy Suwhanow hakda söhbet Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim öwretmek, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak üçin halal we döredijilikli zähmeti, durmuşa çäksiz söýgüsi bilen uly mertebä eýe bolan halypalar sanardan kändir. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, Hormatly il ýaşulusy, syýasatşynas Nurýagdy Suwhanowdyr. Il içinde abraýly şeýle adamlaryň terjimehalyny, ömür ýoluny we döredijilik dünýäsini halka ýetirmek oňa goýulýan sylag-hormatdan nyşandyr, parz işdir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Bilimli nesil — bagtly nesil

Islendik ýurduň kuwwaty diňe bir onuň ýerasty ýa-da ýerüsti baýlyklarynda bolman, eýsem, şol ýurtda ylym-bilime berilýän ünsüň näderejede çynlakaýlygyndadyr. Hut şol nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna geçen gününden başlap, bilim ulgamyna aýratyn çemeleşip, ençeme mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýokary hem orta hünär okuw mekdepleriniň, sport we sungat desgalarynyň düýbüni tutdy, olar häzirki wagtda öz doly güýjünde ýaş nesle ylym-bilim bermek ugrunda hereket edýär. Aslynda, ata Watanymyzda her okuw ýylynyň başynda täze okuw mekdepleriniň, bilim ojaklarynyň düýbüniň tutulmagy ýa-da olaryň dabara bilen açylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Men 1-nji synpa gidýärin

Arzyly tomsuň tamamlanyp, tyllaýy donuny geýen güýzüň ilkinji gününde ak mekdepleriň ýagty otaglaryna dolan bagtyýar körpeleriň ýürek joşguny, hyjuwy egsiler ýaly däl. Bu gün ilkinji gezek bilimler dünýäsine gadam basan elleri ýantorbaly, owadan lybasly, kalby buýsançly eziz körpeleriň — 1-nji synp okuwçylaryň ýürek sözlerini, arzuwlaryny eşitmek her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek.  Emir BAÝRAMOW,Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy: