Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi: döwrebap şertler, netijeli işler
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ilata onkologiýa kömegini bermegiň we onkologiýa gullugynyň ösdürilmeginiň anyk wezipeleri hem kesgitlenilýär. Türkmenistanda saglygy goraýşyň ylmy taýdan esaslandyrylan, tertipleşdirilen ulgamy hereket edýär. Bu onkologiýa gullugy babatda-da şeýledir. Türkmenistanda ilata berilýän onkologiýa kömegi sebitleýin häsiýetli bolup, üç derejeden ybaratdyr. Olar — şäher we etrap derejesinde saglyk öýlerinde hereket edýän onkologiýa serediş otaglary; welaýat derejesinde welaýat onkologiýa hassahanalary; ýurt derejesinde Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi. Her bir şäher we etrap derejesinde saglyk öýlerinde onkologiýa we serediş otaglary hereket edýär. Olar umumy bejeriş ulgamy bilen netijeli aragatnaşykda bolup, öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýärler. Bu derejede ilata onkologiýa kömegini bermekde esasy wezipeler howply we howpsuz çişleriň (täze döremeleriň) öňüni almak, olary anyklamak, çiş keselleri babatda howatyrly topara girýän adamlara hem-de howply çiş keselli näsaglara gözegçilik etmek bolup durýar. Näsaglaryň islegi boýunça bu derejede umumy bejeriş ulgamy bilen bilelikde howply däl çişler hem bejerilip bilner. Şunda howply we howpsuz çişleriň öňüni almaga gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň geçirilişine ähli derejelerde uly üns berilýändigini aýratyn bellemeli.