"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, BAE-niň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan, Türkiýeden, BAE-den, Irlandiýadan, Özbegistandan, Serbiýadan, Gazagystandan, Wirjin adalaryndan we Ermenistandan gelen telekeçiler gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, awiakerosini, guradylan buýan köküni, portlandsementini we nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 57 müň 100 dollaryndan gowrak boldy.

BSG-niň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi

31-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) ministrler geňeşiniň duşuşygy geçirildi. Onda Bütindünýä Söwda Guramasyny özgertmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Bu çärä guramanyň 23 agzasynyň wekilleri, şeýle hem BSG-niň baş müdiri Ngozi Okonjo-Iweala gatnaşdy. Taraplar 2022-nji ýylyň iýun aýynda Ženewada geçirilen BSG-niň ministrler geňeşiniň 12-nji mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek BSG-niň ministrler geňeşiniň 13-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada pikir alyşdylar.

FAO: ýanwar aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary arzanlady

Azyk önümleriniň global bahalary ýanwar aýynda on aý yzygiderli peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) 3-nji fewralda habar berdi. Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýädäki bahalarynyň her aýdaky üýtgeýşini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm boýunça çykaran baha indeksi ýanwar aýynda ortaça 131,2 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks 2022-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende, 0,8 göterim peseldi. Bu bolsa indeksiň 2022-nji ýylyň mart aýyndaky ýeten iň ýokary görkezijisinden 17,9 göterim pesdir.

Daşoguz welaýatynyň ulag infrastrukturasy depginli kämilleşýär

Geçen ýylda Daşoguz welaýatynda amala aşyrylan ýolagçy we ýük gatnawlarynyň mukdary görnetin ýokarlandy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende sebitde dürli ulaglar bilen iki milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy. Harytlaryň daşalmagy bir million alty ýüz müň tonna artdy. Bu görkezijiler Daşoguz welaýatynda netijeli ulag ulgamynyň bardygyny görkezýär. Welaýat howa, demir ýol we awtoulag aragatnaşygy arkaly ýurduň beýleki sebitleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar.

Lebap welaýatynda 163 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy

2022-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýaty boýunça dürli maksatly ýükleriň 100 million 742,5 müň tonnasy daşaldy. Bu bolsa öňki ýyldakydan 3 göterim köpdür. Geçen ýylda gündogar sebiti boýunça ýolagçylaryň 163 million 228,5 müňüsi gatnadyldy. Netijede, ýolagçylaryň gatnadylyşy 2021-nji ýyldakydan ep-esli artdy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm web-saýty habar berýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ulag toplumynda gowy görkezijileriň gazanylmagynda awtomobil ulaglary esasy orny eýeleýär. 2022-nji ýylda ýük dolanyşygynyň umumy möçberinde awtomobil ulaglarynyň tutýan paýy täjirçilik gatnawlary bilen meşgullanýan hususy telekeçileri hem hasaba almak bilen 57,3 göterime, ýolagçy dolanyşygynda bolsa 98,2 göterime deň boldy.

Awtoulag akkumulýatorlarynyň ýerli önümçiliginiň depgini artýar

Türkmenistanda daşary ýurtlardan import edilýän önümleriň ornuny tutýan özboluşly önümçilik awtoulaglaryň akkumulýatorlary bolup, bu ugurda häzirki wagtda «Kökçi» hojalyk jemgyýeti isleg bildirilýän harytlary halka ýetirýär. Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijesinde, «Kökçi» HJ bu günki günde ýurduň çägine, şeýle-de ýakyn ýurtlara dürli ýygylykdaky akkumulýator önümlerini hödürleýär. Kärhanada akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 ýygylykdaky görnüşleri öndürilýär.

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň mümkinçilikleri artdyrylar

Hökümetiň penşenbe güni Mary welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyna «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.  Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda bu ulgamda toplumlaýyn işleriň depginini ýokarlandyrmak, şol sanda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmek we ulanmak, halkara ýük daşamalary ösdürmek boýunça mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýet, maglumat jemgyýeti we ýaşlar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi täze taryhy eýýamyň demokratik özgertmelere esaslanýan ösüş ýolunda taryhy waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşy häzirki döwürde öňde duran wezipeleriň, nazarlanýan sepgitleriň düýp esaslaryna göz ýetirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň giňden goldamagynda, yhlasly zähmet çekmeginde gazanylan üstünlikler barada nygtamak bilen, öňde has uly maksatlaryň goýulýandygyna, olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň geljegiň täze belentliklerine badalga boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ilerletmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Sanly ykdysadyýet

Döwrüň talabyna eýerip Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar.

Döwrebap kärhananyň islegli önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarydyr önümçilik pudaklary ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Magtymguly etrabyndaky Tikin we aýakgap kärhanalar toplumydyr. Toplumyň agzybir işgärleri şu ýylyň ilkinji aýynyň önümçilik tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Bu ýerde ýanwar aýynda sarp edijilere ýetirilen aýakgap we tikin önümleri ep-esli ýokarlandy. Häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalar toplumynda geçen aýda öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 1 million 495 müň manada barabar boldy. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgininiň 134 göterim ýokarlanandygyndan habar berýär.

Maýa goýum syýasaty: ykdysady ösüşde möhüm gural

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitleriň ykdysady we durmuş infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda erkin bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilýän durmuş-ykdysady strategiýada maýa goýum syýasaty ähmiýetli orny eýeläp, onuň işjeň ýagdaýda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Milli maksatnamada amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda içerki we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ähli pudaklarda täze önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň önüm berijiligi we önümiň hili ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyryp, goýlan maýa goýumlaryň bellenilen möhletlerde özüni ödemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna şert döredýär. Bu ýagdaý nebit we gazhimiýa önümleri babatda hem, azyk we dokma, gurluşyk önümçiligi, dokma senagaty barada aýdylanda-da şeýledir. Saglygy goraýyş maksatly harytlar dünýäniň bu ugurda ösen ýurtlaryndan satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, milli derman senagatynyň ösüşlerini

«Çeperiň» hyrydarly önümleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden täze görnüşli önümler öndürilip başlandy. Çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin iň täze biçüwdäki egin-eşikler, dürli reňkli keltekçelerdir iş geýimleri ilatyň ýokary islegine mynasyp boldy. Fabrik boýunça geçen ýylda jemi bahasy 19 million 695 müň manada deň bolan önüm öndürilip, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Döwrebap tikin enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde önümçiligiň ähli ugurlary boýunça 181,9 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda fabrikde tikinçileriň, dürli hünärli işgärleriň 200-e golaýy zähmet çekip, şolaryň agramly bölegini ýaşlar düzýär.

Milli Liderimiziň röwşen ýoly — abadançylygyň we rowaçlygyň kepili

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygyny, döwletlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara diýlip ykrar edilmegi hem-de ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän, demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilen ýörelgelere eýerýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ähli halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. Döwletli maslahatda halkymyzyň göwün islegleri, haýyşlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi ähli halkymyzyň göwü

Kuwwatly kärhanada

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna belent maksatlar bilen gadam basan kuwwatly kärhanalaryň biridir. Şol maksatlar bolsa gönezligini 2022-nji ýylda gazanylan zähmet üstünliklerinden alyp gaýdýar. Welaýat merkeziniň bir çetinde ençeme gektar meýdany eýeläp oturan kuwwatly kärhana «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny üstünlikli jemledi. Muny önümçilikleriň agramly böleginde meýilnamanyň wagtyndan öň berjaý edilip, ýyl tamamlanýança, käbir önümleriň meýilnamadan has artyk öndürilmegi hem görkezýär.

Nebiti gaýtadan işleýjileriň gaýratly işleri

Ýene öňe gitmeli, täze sepgitleri ynamly eýelemeli, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaly. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ezber işgärleri, ine, şeýle maksada gulluk edýärler. Aýdyň maksatlara beslenip, yhlas bilen çekilýän agzybirlikli zähmet olara ýylyň-ýylyna uly rowaçlyklary getirýär. Munuň şeýledigine geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň önümçilik görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär. — Gazanylýan ösüş-özgerişleriň edilýän anyk tagallalara daýanýandygyny, ilkinji nobatda, belläsim gelýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda kärhanamyzda önümçilik desgalarynyň durkuny düýpli täzelemek, täze bölümleri işe girizmek bilen baglanyşykly gerimli çäreler geçirildi. Bu bolsa işleri has netijeli ýola goýmaga, ýokary hilli, geçginli önümleri öndürmäge giň ýollary açdy. Bular bilen birlikde, esasy mesele bolan önümçiligiň çig mal bilen üpjünçiligi hem barha gowulanýar. Hünärmenlerimiz wezipe borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirip, meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegini gazanýarlar — diýip, kärhananyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow gürrüň berýär.

Ojaklary alawly, kalplary hoşallykdan pürepür

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna beslenen 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Aýratyn hem edaranyň Gubadag şäherinde ýerleşýän ülşüniň işçi-hünärmenleriniň ýokary basyşly hojalygara gaz geçirijileriniň ugrunda alyp barýan işleri biziň ünsümizi özüne çekdi. Ülşüň ýolbaşçysy Begmyrat Amanmedowyň gürrüňlerinden häzirki döwürde dürli basyşly gaz geçirijileriň 1 müň 400 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýändigine göz ýetirdik. — Gyş pasly gazçylaryň iş ýüküniň has-da artýan döwri. Bu möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň we önümçilik kärhanalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen, tebigy gazyň sarp edilişi ep-esli artýar. Netijede, gaz geçirijilerde we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlarda basyş ençeme esse ýokarlanýar. Ýene-de gaz geçirijileriň egin berip geçýän ýerlerinde näsazlyk tapmak howpy ýüze çykýar. Çünki howa aşa sowuk bolan ýagdaýynda şol ýerlere tebigy gazyň düzüminde bar bolan suwuklyklar ýygnanyp, doňmak bilen «mawy ýangyjyň» üznüksiz akmagyna päsgelçilik döredýär. Şonuň üçin hem ülşümiziň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gö

Arkalaşykly işiň miwesi

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat —Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze döredijilik gözlegleri bilen işleýän öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir. Kärhananyň hünärmenleridir işçileri meýilleşdirilen önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ilkinji aýyny üstünlikli jemlediler. Baş gaz geçirijiniň ugrundaky bu ilkinji önümçilik edarasynyň zähmet adamlary ýokary basyşly gaz geçirijileriň alty ýüz kyrk iki kilometrine hyzmat etmek bilen, «Döwletabat» hem-de «Galkynyş» gaz känlerinden çykarylýan «mawy ýangyjy» baş gaz geçiriji boýunça öz degişli çäklerinden bökdençsiz akdyrmak boýunça gaýratly zähmet çekýärler.

Döredijilikli gözlegleriň miwesi

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa, sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň barha artýan kuwwatyny görkezýär. Ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda şeýle önümleri öndürmek boýunça ylmy esasda alnyp barylýan gözleg işleri oňyn netijesini berýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleri tarapyndan B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky habar hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zähmet üstünlikleriniň buşlukçysyna öwrüldi. Täze önümiň aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin biz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş tehnologynyň orunbasary — tehniki bölümiň başlygy Hajymuhammet HAJYÝEWE ýüz tutduk. — Söhbetimiziň başynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň agzybir işgärlerini gazanylan üstünlik bilen gutlaýarys. Bu üstünlige getiren ilkinji ädimler barada gürrüň beräýseňiz!

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jins matalaryny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy.