"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Zenan hekaýaty

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 26, 29-njy sanlarynda). “Adama kuwwat berýän üç sany güýç bolup, biri Buýsanç, ikinjisi Umyt, üçünjisi jaý ýerinde berlen delalatdyr”.Abu Ali ibn Sina.

Reňkleriň dili bar

Ilkinji tanyşlyk Günlerde bir gün gowy görýän dostlarymyň biri şahyr Orazmyrat Gurdow iş otagyma geldi. Şol ýyllar ol «Mydam taýýar» gazetinde bölüm müdiridi. Dört redaksiýa-da bir binanyň içindedi. Birek-biregiňkä häli-şindi baryp-gelip durduk.

Kyssalarda ýaşaýan duýgular

Dur­muş­da tä­sin yk­bal­ly adam­lar bol­ýar. Ola­ry gün­de-gü­na­şa gö­rüp, gür­le­şe­siň, der­di­ni­şe­siň gel­ýär. Şeý­le ki­şi­le­re bo­lan al­ky­şyň bol­sa, as­la eg­sil­me­ýär. Şeý­le adam­la­ryň bi­rem öz öm­rü­ni dö­re­di­ji­li­ge ba­gyş­lan, de­giş­mä­niň aşy­gy, en­çe ýyl bä­ri «Al­tyn asyr: Türk­me­nis­tan» te­le­ra­di­o­ýaý­ly­my­nyň «Wa­tan» ra­dio­ýaý­ly­myn­da zäh­met çe­kip gel­ýän Nur­ber­di Dä­de­ba­ýew­dir. Nur­ber­di aga bi­len köp ýyl bä­ri bir eda­ra­da zäh­met çe­kip gel­ýä­ris. Öz işi­niň us­sa­dy, ha­ly­pa hök­mün­de-de iş­gär­le­riň ara­syn­da ab­ra­ýy uly. Ha­çan gör­seň bir za­da düm­tü­nip otu­ran­dyr. Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge ag­ras, ýö­ne sa­lam­la­şyp, hal-ah­wal so­ra­şa­nyň­dan soň, Nur­ber­di aga bi­len gür­rü­ňiň nä­dip gy­zy­şa­ny­ny bil­män gal­ýar­syň. De­giş­mä­nem go­wy gör­ýär. Gül­kü­li kys­sa­la­ry­nyň go­ry en­tek-en­tek eg­si­ler­li däl. Ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de-de ha­ly­pa­nyň dö­re­den eser­le­ri­niň gym­ma­ty uly. Ga­zet-žur­nallaryň sa­hy­pa­la­ryn­da ýy­gy-ýy­gy­dan çy­kyş ed­ýär. «Sa­zan­da», «Mag­şuk gy­zyň şer­ti», «Ba­lyk­çy», «Ar­zuw­çyl aşyk», «Özü­me sow­gat», «Söý­gi ha­ty», «Ma­ta söw­da­sy» atly gül­kü­li kys­sa­la­ry, «Kal­byň owa­zy», «Na­zar Ba­ga­nyň ýaş­ly­gy», «Yh­las», «Ýa­şa­jyk ça­pyk­su­war», «Ynam», «Sy­gyr söw­da­sy», «Ýa­şa­jyk bag­ban» atly he­ka­ýa­la­ry oky­jy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­zan­dy.

Gözelligi döredýän sungat

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde ruhy medeniýeti ösdürmekde ägirt uly üstünlikleri gazandy. Aýratyn-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler durmuşyň täze öwüşginleri bilen, edil şonuň ýaly hem türkmen halkynyň hakyky adamkärçilik ruhy siňdirilen köp asyrlyk medeni mirasyny gorap saklamak bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen çeperçilik medeniýetini gaýtadan janlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz nakgaşçylyk, zergärçilik bilen birlikde heýkeltaraşlyk ýaly akylyňy haýran ediji sungatlaryň gadymy ojagydyr. Bu sungatlaryň ajaýyp eserleri bizi pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamyndaky durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz bilen tanyşdyrýar, nesilleriň arasyndaky mizemez sazlaşygy üpjün edýär.

Nesil terbiýesi - mukaddes ýörelge

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, nesil terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep - bergidir, bermedige – görgüdir” diý

Duýgularyň reňki

«Reňkleriň owazy» Döredijilik adamynyň aýratynlygy dünýäni ýüregi bilen görüp, gursakdaky ýiti zehini bilenem düşünmeginde. Reňkdir boýag çotgasynyň, galamyň sazlaşygy esasynda ajaýyp sungat eseri döreýär. Täsin ýeri, barmaklaryň ujundaky ýekeje galam giden dünýäni geň galdyryjy şekile getirýär.

Şägirtleri ussat çykan halypa

Sähet Durdyýew,Türkmenistanyň halk artisti. Sungat ýolunda öçmejek yz galdyranlaryň biri hem ussat režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Sähet Durdyýewdir. Ol 1942-nji ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynda dogulýar. Ömrüni çopançylyk edip geçiren kakasy Durdy aga ýaşajyk Sähede Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadar eken.

Ussadyň dowamly ýoly

Halk hakydasynyň aňyrsyna göz ýetirmek ýok. Ýyllar geçip, asyrlar aşdygysaýy onuň gerimi giňeýär. Rowaýatlar, eserler arkaly many goýazylygy artýar. Ähmiýeti çuňlaşýar. Bu sözleri şabram şelpelerden döreden şirin owazlary gadymy topragymyza, halkymyzyň kalbyna müdimi siňen Şükür bagşy, Sahy aga ýaly ussatlar babatda hem aýtsa bolar. Sebäbi Arkadag şäherindäki Ahal welaýatynyň çagalar sungat mekdebine meşhur sazanda Şükür bagşynyň ady, welaýat ýörite sungat mekdebine bolsa Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň ady dakyldy. Ýakyn wagtda Ahal ýaýlasynyň görküne öwrüljek Arkadag şäherinde bu iki ussadyň ady günüň-gününe dillere sena bolar. «Gelin ýörişi», «Salmadan bökdüren» ýaly birnäçe halk sazlarymyzy döreden, ýerine ýetirijilik täsinligi, öte ýatkeşligi bilen ady rowaýata öwrülen Şükür bagşy Dowat ogly 1831-nji ýylda dünýä inýär. Gökdepe etrabynyň Hurmant-Gökje obasynda ýaşap, ömrüni daýhançylykda geçiren Dowat aganyň üç oglunyň ulusy Hojamämmet özi ýaly, ýerden rysgyny tapypdyr. Ortanjysy Hojamberdi yzçylyk edip güzeran aýlasa, kiçileri Şükür ykbalyny dutara baglapdyr. Onuň halkyň ýüregine barýan ýoldaky ilkinji ýolbeledi Aly bagşy bolupdyr.

Zenan hekaýaty

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 26-njy sanynda). Näme üçin “Zenan hekaýaty”?!

Magtymgulynyň döredijiliginde hünär, kesp-kär düşünjeleri

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde umumadamzada mahsus ynsanperwerlik meselesi uly orny eýelemek bilen, ol tutuşlygyna edep-terbiýe mekdebine ýugrulandyr. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldar hemişe öz okyjysyny ahlak taýdan edepli sypatlar bilen bezemäge çalşypdyr. Onuň döredijiligi beýleki şahyrlaryň döredijiligine seredeniňde, iňňän köptaraplaýynlygy, durmuşyň köp meselelerine içgin ýüzlenenligi bilen tapawutlanýar. Akyldaryň beýik döredijiligi watançylyk, ynsanperwerlik, mertlik, dogruçyllyk, sahylyk, agzybirlik, adalatlylyk, ar-namys, dostluk, doganlyk ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.

Ga­dymy hem-de mü­di­mi sun­gat

Geç­miş ta­ry­hy­my­za na­zar aý­la­sak, türk­me­niň mil­li­li­gi asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne si­ňip gid­ýär. Türk­men hal­ky­nyň mil­li me­de­ni­ýe­ti öw­re­ni­len­de olar­da in­çe sun­ga­ty — ne­pis ha­ly­la­ry gör­mek bol­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­sy­na gym­mat­ly sar­pa go­ýul­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň buý­san­jy bo­lan türk­men ha­ly­sy bü­tin dün­ýä­de giň meş­hur­ly­ga eýe bol­mak bi­len, uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Ha­ly­çy­lyk, dok­ma­çy­lyk sun­ga­ty ne­sil­den-nes­le ge­çip, olar hal­kyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň çe­per­çi­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny şöh­le­len­di­rip­dir. Türk­men ha­ly na­gyş­la­ryn­da ýur­du­my­zyň dür­li ýer­le­rin­den ta­py­lan ga­dy­my önüm­le­riň na­gyş­la­ry bi­len umu­my­ly­gyň bar­ly­gy, türk­men mil­li me­de­ni­ýe­ti­ne mah­sus reňk­le­riň bol­ma­gy, di­ňe türk­men ha­ly­la­ry­na mah­sus bo­lan geo­met­rik göl­ler –— bu sun­ga­tyň ga­dy­my­ýet­de türk­men top­ra­gyn­da dö­rän­di­gi­ni su­but ed­ýär.

“El hünäri il gezer”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen gelin-gyzlaryny bezeýän ilkinji aýratynlyk olaryň milli edim-gylymlarymyza we ýörelgelerimize wepalylygydyr. Eli çeperlik, işine gaýymlyk we hünärine ussatlyk hem gyz-gelinleri etiki we estetiki tarapdan owadan häsiýetli, gözel görkli görkezýär. Şonuň üçin gyzlaryň çagalykdan çeper güýmenjesi gurjak-goş bolýar. Tikin-çatyn işlerine bolan höwes-duýgulary ösüp başlaýar. Keşde çekmek, gaýma gaýamak türkmen gelin-gyzlarynyň durmuşynyň özenidir. Türkmen zenanlarynyň arasynda keşde çekip, gaýma gaýap bilmeýäni ýokdur. Sebäbi ulalanda eli işli bolar ýaly, şeýle-de bu inçe sungatyň nesilme-nesil dowam etmegini gazanmak maksady bilen, ene-mamalarymyz gyzlaryna kiçiliginden tikin tikmegi, keşde çekmegi öwredipdirler. Sallançakda ýatan gyz bäbejigi hüwdülänlerinde, olaryň zähmetsöýer, eli işli, işeňňir bolmaklaryny arzuw edipdirler. Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülerde, lälelerde we gazallarda bu arzuwlaryny bentlere salyp aýdypdyrlar. Bu ýörelge esasynda ene-mamalarymyz gyz perzendiň eli işli, tikin-çatyndan başy çykýan, haly-palas dokap bilýän ezber bolup ýetişmegi üçin alada edipdirler. Gyzlaryň durmuşa çykyp baran ýerinde öz elinden çykan sepi bilen abraýly bolmagyny isläpdirler. Şol sebäpli-de türkmen zenanlarynyň nepisligi duýup bilşi, çeperçilik bilen bagly zehini hemmeleri haýran galdyrypdyr.

Aýdyma baglanan ömür

Akkordeon saz guralynda ilkinji bolup saz çalyp, aýdym aýdyp, «akkordeonly aýdymçy» diýen at bilen abraýy çar ýana ýaýran ussat kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýew öz ýürek mährini, göwün yhlasyny kärine bagyş edip, şol kärinden bagt, döwlet, abraý tapan adamlaryň biri. Mämi Çaryýew 1940-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Baýramaly etrabynyň «Ýalkym» obasynda dünýä inýär. Geljekki meşhur aýdymçynyň zehini şindi mekdep partasyndaka äşgär ýüze çykýar. Mekdepde geçirilýän dabaralarda onuň sesi belent ýaňlanýar. 1956-njy ýylda çeper höwesjeňleriň respublikan gözden geçirilişinde üstünlikli çykyş edip, iň oňat aýdymçy hökmünde ykrar edilýär hem-de A.Gulmämmedow, M.Kulyýewa, D.Öwezow, A.Esadow, G.Japarow ýaly tanymal ussatlaryň uly bahasyna mynasyp bolýar. Şonda kompozitor D.Öwezow ýaş aýdymça aýdym-saz ugrundan bilimini artdyrmak üçin sazçylyk mekdebine okuwa girmegi maslahat berýär. Ýüregi sahna diýip atygsap duran ýetginjek aýdym bölüminde okuwyny dowam etdirýär. Ol 1960-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebini tamamlap, Moskwa şäherindäki medeniýet institutynyň hor dirižýorlaryny taýýarlaýan bölüminde okuwyny dowam etdirýär. Okuwyny üstünlikli tamamlap, ol Türkmenistana dolanýar. Öz durmuşyny tutuşlygyna aýdym bilen baglaşdyran Mämi Çaryýew zähmet ýoluna Mary şäherindäki halk döredijiligi öýüniň hor boýunça hünärmeni kärinden başlaýar. Onuň döreden

Milli medeniýet — ruhy galkynyşyň şamçyragy

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edildi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna gol çekilmegi, medeniýet we sungat işgärlerini has-da jogapkärçilikli we döredijilikli işlemeklige borçlandyrdy. Medeniýet we sungat milletiň döredijilik kuwwatynyň hem-de zamananyň ruhunyň aýnasydyr. Ussatlaryň döredýän islendik eserini synlanyňda, taryhyň şöhlesini, döwrüň ruhuny duýmak bolýar. Bu hakykat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy galkynyşyny şöhlelendirýän türkmen medeniýeti üçinem üýtgewsizdir.

Pariž — dünýäniň iň täsirli syýahatçylyk şäheri

Beýik Britaniýada iş alyp barýan täjirçilik däl gurama bolan Syýahatçylyk we gezelenç boýunça bütindünýä geňeşi 2022-nji ýyl boýunça syýahatçylyk babatda maglumatlary seljerip, Pariž şäherini dünýäniň iň täsirli syýahatçylyk şäheri diýip yglan etdi. Seljermede meşhur syýahatçylyk şäherleriniň muzeýleriniň we myhmanhana otaglarynyň bahasy bilen birlikde, ýurduň hökümetiniň we kärhanalarynyň şähere syýahatçylyk merkezi hökmünde goýan maýa goýumlaryna hem möhüm orun berildi.

Hormata mynasyp bagşy

Türkmen milli aýdym-saz sungatynda öz döwründe Ahalda bagşyçylyk ýoluny mynasyp dowam etdiren görnükli wekilleriň biri-de Sahy Jepbarowdyr. Sahy aganyň şirwan perdä galyp, ýerine ýetirýän aýdymlary köpleriň göwnüni awlaýar. Munuň şeýledigine teleradio ýaýlymlarynyň arhiwinde saklanyp, häzirki döwürde mahal-mahal ýaýlyma goýberilýän aýdymlar şaýatlyk edýär. Şol aýdymlary diňläp, ondan hiç ganma ýok. Bagşynyň ussatlarça ýerine ýetiren «Gelinler» we beýleki aýdymlaryny diňläniňden soň, ol şirin owazlar soň-soňlar hem gulagyňda ýaňlanyp dur. Ençeme şägirtleriň halypasy Sahy Jepbarowyň elinde tälim alyp, aýdym-saz sungatyna çuňňur aralaşan häzirki halypalaryň birnäçesi biziň sungat mekdebimizde zähmet çekip, halypadan öwrenenlerini şägirtlerine geçirýär. Şolaryň yhlasly zähmeti bilen bu gün ýaş şägirtler Sahy Jepbarowyň yzyny mynasyp dowam etdirmek bilen, onuň ýerine ýetiren aýdymlarynyň sazyny hem sözüni ýoýman, halk köpçüligine ýetirmäge çalyşýar. Sungat mekdebimizi bagşyçylyk ýolundan tamamlap, zähmet çekip ýören ýaşlarymyzy görenimizde diýseň guwanýarys.

Üç arka — bir hünär

Ir döwürde şirin dilli ýazyjylarymyzyň biri Berdimuhammet Gulow: «Otuz ýaşdan soň elli ýaş şaglap geläýýär...» diýýärdi. Wah, elli dagy nämejik? Ýetmişden habar ber! Ýetmişden soň ýatlamalara-da ýer tapylýar. Hasam ýaşlyk döwrüň wagty bilen seriňden gitmeýär. Ýaşlyk — hyjuwyň, joşgunyň möwç urýan döwri. Bir ýerde durasyň gelenok. Dost-ýarlaram köp. Degişme-de ýeterlik, gülüşme-de. Hamala, ýaşlyk ömürlik gelen ýaly. Ýöne beýle däl eken. Ýaşlyk türkmen bahary deýin, tiz sowlup geçýär. Diňe höziri galýar. Ýaşlygyň dostlugam başgaça. Birek-biregi dogandan zyýat görýärsiň. Kyn günlerde dost-dosta arka durýar, dostuň gowy günlerine özünden beter begenýärsiň.

Bu baýram — ýaşlygyň baýramy

Dünýäniň ähli aýanlyklary we pynhanlyklary sözde hem sazda şekillenip, adamzat aňyna, kalbyna ýol salýar. Sungat nireden başlanýar? Dünýä gözden, sungat bolsa sözden başlanýar. Çünki tans — sözüň herekete geçen görnüşi, aýdym — sözüň saza goşulyp ganat açan görnüşi, heýkel sungaty bolsa, daşlaryň ebedileşen görnüşi hasaplanylýar.

Hindi tansynyň muşdaklaryna sowgat

25 — 29-njy ýanwarda Hindistanyň «Bharatanatyam» tans toparynyň wekilleri ýurdumyzda boldular. Olaryň Türkmenistana sapary dostlukly ýurduň gadymy tans sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Saparyň dowamynda hindi sungat wekilleri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş etdiler. Mälim bolşy ýaly, bharatanatyam tans sungaty bolup, ol Hindistanyň nusgawy tanslarynyň ähli görnüşleriniň arasynda iň gadymysydyr. Onuň ýerine ýetirilişi sazy, tansy we dramany özünde jemleýär. Bu gadymy tans sungaty hereketlerdäki pelsepedir. Ol pes hem orta depginde ýerine ýetirilýär. Häzir bharatanatyam sungaty bütin dünýäde öwrenilip, zenanlaram, erkeklerem bu tansy ýerine ýetirýärler.

Il ile, dil dile, ýürek ýürege ýakyn

ýa-da özbek we türkmen halklarynyň edebi-medeni gatnaşyklary hakynda kelam agyz Hiç bir halkyň medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň öz-özünden ösmeýändigi jedelsiz hakykat. Uzag-u-ýakyn milletler biri-biriniň maddy hem ruhy ýörelgelerine, ylym-bilim, terjime hem medeni gatnaşyklar arkaly täsir edýär.