Bedewlere çäksiz buýsanç

17 Maý 2024
134

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleri elmydama üns merkezinde saklaýar. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Akademiýanyň ýapyk manežine gelen Milli Liderimizi bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy.

«Türkmen sporty».