Futbol täzelikleri

17 Maý 2024
122

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary öz meýdanynda «Aşgabatdan» uly hasap bilen üstün çykdy – 7:1. Ýaryş tertibiniň üçünji hem-de ikinji toparlary – «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2:2 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Şagadam» «Köpetdagdan», «Merw» bolsa «Energetikden» birmeňzeş 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Ke­rim ME­RE­DOW,
sport syn­çy­sy.