Baýramçylyk sowgatlary

17 Maý 2024
126

Aşgabatly 12 ýaşly türgen Aýlara Kakabaýewa Dohada (Katar) geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji ýaryşda jübütleýin bäsleşikde öňdäki orny eýeledi. Ýetginjek tennisçimiz bu üstünligi gazagystanly Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy.

Aýlara Kakabaýewa 7 ýaşyndan bäri Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky toparlaýyn saýlama birinjilikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3-nji orna mynasyp bolupdy.

Aýmuhammet AGAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe we gimnastika kafedrasynyň mugallymy.