Arzuwlary wysal bolan akyldar

17 Maý 2024
105

Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, ýigit, goç ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr.

Magtymguly Pyragy şygyrlarynda serkerde, merdana ýigit bolmagyň şertlerini beýan edipdir. At-ýarag edinmegi watançy ýigitleriň borjy hasap edipdir. Sebäbi at-ýarag mertligiň nyşany hökmünde görlüpdir.