"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Welosipede dahylly gyzykly maglumatlar

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 6-njy oktýabrda – Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Sazlaşykly ösüşleriň beýany

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna her birimiz şaýat. «Sagdynlyk – bagtyýarlyk» diýen jümläniň durmuş hakykatynyň beýik dabaralanmasydygyny hiç kim inkär edip bilmez. Sebäbi sagdynlygyň bar ýerinde bagtyýarlyk, bagtyýar durmuş rowaçlanýar, sagdynlyk ähli üstünlikleriň, ösüşleriň gözbaşy bolup durýar. Sagdyn halkly, sagdyn jemgyýetli döwletde bilimem ösýär, ylymam, sungatam rowaçlanýar, medeniýetem, ykdysadyýetem barha kuwwatlanmak bilen bolýar, halkyň hal-ýagdaýam gitdigiçe gowulanýar. Köpçülikleýin bedenterbiýedir sport bolsa şol jemgyýetiň tutuş durkuny gurşap alýar diýsek, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. Ýaş nesli sagdyn hem bilimli bolan ýurduň ösüşleri hem diňe öňe ilerlemek bilen bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hut şeýle ýurtdugyny, elbetde, bu günki gün bütin dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenis

Sport hünärmenleriniň köňül kelamy

Amir Borgeý,  Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili:

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň çapdan çykmagy halkymyzy guwandyran, begendiren wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIV jildiniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde ministrligiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň wekilleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň ähmiýetine, çuň many-mazmunyna ünsi çekdiler.

Halkara maslahatdan galan täsirler

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň çäklerindäki halkara maslahatyň «Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak» atly 14-nji bölümçe mejlisi geçirildi. Bu maslahata daşary ýurtlardan bolan sport bilermenleri onlaýn görnüşinde, şeýle hem ýurdumyzyň sport federasiýalarynyň, Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de ministrligiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaryşlar ýaýbaňlandyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletli işleriniň netijesinde Garaşsyz Türkmenistan sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pajarlap ösýän ýurdy, iri halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän mekany hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň bäsleşikleri hem sport muşdaklarynyň üns merkezinden ornuny tapýar. Golaýda geçirilen suwda ýüzmek hem-de ýeňil atletika ýaryşlary ajaýyp Spartakiadanyň gyzygyny artdyrdy.

Aň-paýhas oýnunyň ussatlary

Ýakynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küştüň çalt oýnalýan görnüşi, düzzüm hem-de 64 öýjükli şaşka boýunça ýaryşlar geçirildi. Küşt oýnunyň çalt (rapid) görnüşi boýunça ýaryşa oglanlaryň we gyzlaryň 54-si gatnaşdy. Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça geçirilip, ýedi tapgyrdan ybarat boldy. Birinji derejeli küştçüleriň arasynda geçirilen ýaryşda oglanlardan Amanmuhammet Hommadow, Serdar Seýitmyradow we Azatgeldi Annageldiýew degişlilikde baýrakly orunlary eýelediler. Gyzlardan bolsa Merýem Agajanowa, Eneş Arazmedowa we Aýşe Gubataýewa öňdäki orunlary eýelediler.

Açyk birinjilik

Golaýda 2005—2009-njy ýyllar aralygynda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Olimp» orta sport mekdebiniň hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň agyr atletika boýunça açyk birinjiligi guraldy. Agram derejeleriň 9-sy boýunça guralan ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi. Bäsleşige sportuň şu görnüşi boýunça bärha kämilleşýän ýetginjekleriň ençemesi gatnaşdy. 38 kilogram agram derejesinde «Olimp» orta sport mekdebinden Atabek Azamatow iň gowy netijäni görkezdi. Şol mekdepde bilim alýan ýetginjek Resul Gaýlyýew 41 kilogram agramda iň agyr agramy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde okaýan Dawut Kakageldiýew 49 kg-de garşydaşlarynyň ählisini ahmyrda goýmagy başardy. 55 kg agramda Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep internatyndan Şatlyk Gurbanmyradow ýeňşi elden bermedi. 61 kg-de «Olimp» orta sport mekdebiniň ýetginjekleriň arasyndaky halkara ýaryşlarda netijeli çykyş etmegi başaran okuwçysy Perhat Bagtyýarow ýeňiş gazandy. 67 kg-de hem şol mekdepden Ýusup Garahanow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Nowruz Allabergenow 73 kg-de hemmelerden rüstem çykdy. 81 kg agramda ýeňiş «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylarynyň tarapynda boldy. Bu agramda Soltan Jafarow tapawutlandy. Paýtagtymyzyň 6-njy sport mekdebin

Taryhy ösüşleriň tarypy

Bu gün türkmenistanly türgenleriň düşen ýeňişli ýoly her birimiz üçin buýsançly waka bolup, milli sportumyzyň taryhy ösüşlere beslenýän menzilleriniň möhüm ädimlerine öwrülýär. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bu ulgamy taryhy sepgitlere ýetirdi. Türkmenistanly agyr atletikaçy gyzyň Tokioda geçen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir. Soňky aýlarda türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, şolardan üstünlik bilen dolanmagyň hötdesinden gelmekleri bolsa milli sportumyzyň taryhyny bezejek ajaýyp ädimlerdir. Ine, şu günler Bahreýnde dowam edýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ildeşlerimiz Ýulduz Jumabaýewanyň we Gülnabat Kadyrowanyň üstünlik gazanmaklary-da, golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçen Aziýanyň açyk kubogynda türkmen samboçylarynyň gazanan netijeleri-de Watanymyzda amala aşyrylýan sport syýasatynyň miweleridir.

Ýeňişli menziller uzaýar

Türkmenistanly türgenleriň iri halkara ýaryşlarda gazanýan ajaýyp netijeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli sportumyzy ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işleriň miwesine öwrülýär. Elbetde, şeýle abraýly ýaryşlarda gazanylýan ajaýyp ýeňişlerdir üstünlikler hakyndaky hoş habarlaryň yzygiderli gelip gowuşmagy türkmen sportunyň şöhratly ýolunyň dowamat- dowamdygynyň nyşanydyr. Bahreýnde geçýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyndan gelip gowşan hoş habarlaryň biri zehinli agyr atletikaçy gyzymyz Ýulduz Jumabaýewanyň üstünligi bilen bagly. Türkmenistanly türgen yklymyň çempionatynyň bürünç medallaryny gazanmagyň hötdesinden geldi.

Sport baýramçylygyna badalga

Düýn, 14-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Institutyň aýdym-saz toparynyň hem-de ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkyň saglygyny goramak, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmekde, raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmakda asylly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi ähli türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaş nesliň sport bilen içgin meşgullanmagyna we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş hemrasyna öwürmegine ýardam edýär.

Uniwersiadanyň çäklerinde

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiada dowam edýär. Bu ýaryşlaryň çäklerinde guralan ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek hem-de estafeta bäsleşiklerinde oglanlaryň arasyda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary 1-nji, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary 2-nji, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Ýaryşda institutymyzyň talyplaryndan Mirhaýdar Saparow, Serdar Bäşimow, Begençmyrat Myradow, Toýmämmet Sähetmämmedow, Didar Tejenow, Rahym Kulow dagynyň netijeli çykyş edendigini bellemek gerek. Gyzlaryň arasynda çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 1-nji, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary 2-nji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp gyzlary bolsa 3-nji baýrakly orna mynasyp boldular. Gyzlardan Enejan Esedowa, Aýlar Babamuradowa, Mähriban Muradowa, Arzygül Mämmetberdiýewa, Gözel Çopanowa dagy öz boýdaşlaryndan tapawutly çykyş etmegi başardy.

Sport mekdeplerinde

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eşretli zamanamyzda zähmet çekmäge, okamaga, işlemäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdeplerinde yzygiderli guralýan sport bäsleşikleri we ýaryşlary ýaş türgenleriň arasynda sporta bolan söýgini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Bize şu ugurda netijeli zähmet çekmäge döredip berýän ähli şert-mümkinçikleri üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Fahradin GURBANOW,

Sag başym – soltan başym

«Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen paýhas bedenterbiýe we sportuň ähmiýetini görkezýär. Sportuň ynsanyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy saglygyna hem oňyn täsirini ýetirýändigi ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Alymlaryň geçiren barlaglary fiziki işjeňligiň adam bedeninde onuň şähdini açmaga kömek edýän endorfinleriň möçberini köpeldip, sussupesligi aýyrýandygyny tassyklaýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin her gün türgenleşmäge wagt tapmaýan bolsaňyz hem zyýany ýok. Barlaglaryň netijeleri hepdäniň dowamynda üç gezek ýarym sagatlyk türgenleşik geçýän adamlaryň sport bilen meşgullanmaga hiç hili wagt sarp etmeýänlere garanyňda has sagdyn bolýandyklaryny görkezýär.

Kämillik ýolunda

Şol günler paýtagtymyzyň täze, häzirki zaman künjekleriniň biri bolan Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň adybir sport toplumynyň göreş zaly adatdaky günlerden köp adamly boldy. Ýagny bu ýere gelen köp sanly sport janköýerleri söweş sambosy boýunça dowam edýän çempionatyň şowhunly tutluşyklarynyň şaýady boldular. Her bir tutluşykdaky üstünlik bolsa pälwany Aşgabat şäheriniň çempiony bolmak arzuwyna golaýladýardy. Köpleriň ünsüni çeken duşuşyklaryň biri hem 84 kg agramda çykyş edýän pälwanlar Muhammetnur Çaryýew bilen Ahmet Ataýewiň arasyndaky final tutluşygy boldy. Çünki Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebiniň sambo bölüminde tälimçi Muhammet Adaýewiň toparynda türgenleşik geçýän Muhammetnur soňky aýlarda geçirilen ähli ýaryşlardaky ýeňişleri bilen özüni köplere tanadypdy we onuň çykyşlaryna uly gyzyklanma bildirilýärdi. Ine-de, Aşgabat şäheriniň çempionatynyň final tutluşygy. Tutluşyk deňme-deň ýagdaýda dowam etdi we her kim indi goşmaça wagt berler diýip pikir edýärdi. Emma esasy wagtyň ahyrynda Muhammetnuryň ýyldyrym çaltlygynda geçiren emeli bu pikirleriň soňuna nokat goýdy. Eminleriň beren 4 utugy gürrüňini edýän pälwanymyza nobatdaky çempionlygy getirdi. Biz tutluşykdan soňra ýeňiji bilen gürrüňdeş bolduk:

Welaýatlardan habarlar

Eziz Diýarymyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmaga gönükdirilýän işler bir-birine ulaşyp, tutuş jemgyýetimizi gurşap aldy. Biziň müdirligimiziň işgärleri hem sagdyn durmuşy we sporty wagyz edýän, bagtyýar ýaşlarymyzyň sporta köpçülikleýin gatnaşmaklaryna ýardam edýän şeýle çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Müdirligimiziň futzal topary bolsa Balkan welaýaty boýunça guralýan ýaryşlarda çykyş etmek bilen, olarda işgärlerimiz öz ukyp-başarnykaryny görkezmäge giň mümkinçilik alýarlar. Halkyň saglygyny goramagy, sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Il saglygy – ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň aladalary we tagallalary esasynda ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, raýatlary ýokanç we beýleki kesellerden goramak, olaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar. Güýz paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, özüňi paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmaly. Adamyň şahsy arassaçylyk düzgünleri möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir. Şeýle edilse, birnäçe ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alyp bolar. Keseller hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmit harytlaryndan we arassalanylmadyk suwdan hem geçip bilýär.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» «Şagadamdan» 2:1 hasabynda üstün çykan bolsa, Balkanabatda ýerli «Nebitçi» Marynyň «Energetigi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Jemgyýetiň esasy gymmatlygy

Türkmenistanda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan raýatlaryň saglygy barada edilýän alada aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň raýatlary Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk maksatly desgalaryň, şol sanda bedenterbiýe we sport desgalarynyň hyzmatyndan peýdalanmaga ajaýyp mümkinçilikleri aldylar. Bu bolsa ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanyp, öz saglyklaryny pugtalandyrýan ildeşlerimiziň sanynyň has ýokarlanmagyna getirdi. Köpçülikleýin bedenterbiýäniň ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlaryny bellemek möhümdir. Çünki halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sportuň dürli görnüşleri boýunça ezber türgendir. Hut şu ýagdaýyň özi hem mähriban Arkadagymyzyň sport bilen meşgullanmak babatynda görkezýän ajaýyp göreldelerini il-ulsumyzyň ikelläp goldamagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerini özlerine hemişelik hemra edinen ildeşlerimiziň sanynyň hasam artmagyna alyp barýar.