Sport, sagdyn durmuş ýörelgesi – rowaçlyklara badalga
Ynsan durmuşynyň baş gözelliginiň saglykda, sagdynlykda jemlenendigi asyrlarboýy ykrar edilip gelinýän we hemmelere aýan hakykatdyr. Halkyň saglygyny goramakda taýsyz tagallalaryň edilýän, beýik işleriň durmuşa geçirilýän, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynda esasy ugurlar bolup durýan ýurduň diňe ösüşlere beslenýändigi, barha beýgelmek bilen bolýandygy hem inkär edip bolmajak hakykatdyr. «Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar gurlup, häzirki zaman düzümleri döredildi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde baý tejribe toplandy» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hut şeýle ýurtdygyny, onda-da bu babatda dünýäde nusgalyk derejä ýeten ýurtdygyny uly buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr.