"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Soňky pursatda gazanylan ýeňiş

AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň toparçalaýyn böleginiň üçünji tapgyrynyň bu duşuşygy aýratyn ähmiýete eýedi. Ýurdumyza wekilçilik edýän «Merw» bilen «Altyn Asyr» toparlary öz aralarynda duşuşýardylar. Toparlaryň haýsysy ýeňiş gazansa, şol hem ýaryşy dowam etdirmäge gowy mümkinçilik alýardy. Ýeňlen topar bolsa ýaryşy dowam etdirmek baradaky hyýalyndan el çekmäge ýakynlaýardy. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşygyň ilkinji minutlary meýdanyň orta gürpünde geçdi diýsek hakykatdan daş düşmeris. Şol pursatlar toparlar goragy ünsden salmazlyga çalşypdylar. 10-njy minutdan başlap «Altyn Asyryň» oýunçylary tijenip ugradylar. Esasan-da Myrat Annaýewiň döredýän mümkinçilikleri has-da göze ilýärdi. 17-nji minutda M.Annaýewiň çepden jerime meýdançasyna geçiren topuna ilki ýetişen Wahyt Orazsähedow ony derwezä gönükdirdi, ýöne bu netije bermedi. Şondan soňky edilen hüjümlerden Selim Nurmyradowyň derwezeçi Merdan Saparow bilen bir-bire galan pursadyny bellemek bolar. Şonda oýnuň 35-nji minuty dowam edýärdi. Umuman, duşuşygyň birinji ýarymy hakynda aýtmaly bolsa, onda top, esasan, meýdanyň orta gürpünde saklandy. Ikinji ýarymyň başlary «Altyn Asyryň» hüjümleri bilen başlan-da bolsa, hasaby «Merw» açmagy başardy. Garşylyklaýyn hüjümleriň birinde derwezäniň 25-30 metr çemesi çep tarapynda jerime urgusyny derwezäniň alkymyna ýerine ýetiren Kemal Annamuhammedowyň

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary Mary şäheriniň «Merwi» bilen duşuşdy. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ynamly oýun görkezen «Arkadag» topary garşydaşyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Topara ýeňiş getiren toplary Didar Durdyýew (9-njy minut), Welmyrat Ballakow (11-nji minut) hem-de Abdy Bäşimow (43-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Gazanan bu ýeňşinden soň 45 utuk

Bedew at menzil keser

Ýekşenbe güni Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. Dürli ýaşdaky bedewler jemi 11 çapyşyk boýunça dürli aralyklardan ýaryşa goşuldylar. Birinji we ikinji çapyşyklarda ýetginjek çapyksuwarlar 500 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşyklarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bedewler ýeňiş gazandy. Çapyşyklaryň ilkinjisinde Bahreýn hem-de Merjen diýen atlaryň neslinden bolan Manyş diýen dor gysraga, ikinji çapyşykda bolsa Jähek diýen bedewe taý tapylmady.

Pyýada ýöremegiň saglyga peýdasy

Bedenterbiýäniň giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan pyýada ýöremek adamyň tutuş süňňüne täsirini ýetirýär. Pyýada ýöremegiň bedeniň kesele garşy goranmak ukybyny ýokarlandyrýandygyny, gan aýlanyşyny işjeňleşdirýändigini, dem alşy kadalaşdyrýandygyny, şähdiňi açýandygyny, beden myşsalaryny pugtalandyrýandygyny we gurplandyrýandygyny, süňkleriň bognunyň çeýeligini artdyrýandygyny bu ugurda, aýdylyşy ýaly, kän çorba sowadan lukmanlar belleýärler. Her günde 30 minut, iş-aladaň örän köp bolup, muňa mümkinçilik ýok ýagdaýynda, bolmanda 10 minut gezmelemek bilermenleriň her bir adama berýän maslahatydyr.

Taekwondonyň ýoly

Bagtyýar ýaşlar

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan dürli sport toplumlary, döwrebap stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri iň bir gelim-gidimli ýerlere öwrülýär. Bu döwrebap sport desgalarynda raýatlaryň, esasan-da, ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmagy, sportuň dürli ugurlary babatdaky ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, tejribe toplamaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir. Aşgabat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň mekdepleridir sport toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Sport we innowasiýalar

Sportuň käbir görnüşleriniň döränine müňlerçe ýyllar geçip, göräýmäge, bu ulgamda mümkin bolan iň ýokary netijeler gazanylan ýaly görünse-de, her on ýyllykda täzelenýän rekordlar, bolup geçýän özgerişler haýran galdyrýar. Çünki bu gün sport ýaryşlary diňe beden taýýarlygyna däl, eýsem, ylmy innowasiýalara-da daýanýar. Ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, şikeslenmeleriň öňüni almak hem sportda möhüm wezipe bolup durýar. Şunda innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Ylgaw sportuň iň howpsuz görnüşleriniň biri hasaplansa-da, käte dürli sebäpler şikeslere getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin sport aýakgaplarynyň içinde goýulýan «akylly» petekler peýdalanylýar. «Nurvv» kompaniýasy tarapyndan oýlanyp tapylan innowasiýa türgenleşik wagtynda türgeniň hereketini gowulandyrmaga ýardam edýän biomehaniki sensorlar bilen üpjün edilendir.

Dogry iýmitlenmek – üstünlige tarap ädim

Mälim bolşy ýaly, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, esasan, iki şerte – irginsiz türgenleşiklere we dogry iýmitlenmege baglydyr. Şeýle hem türgen üçin meşgullanýan görnüşine baglylykda, kesgitli iýmitleri iýmegiň has gowy netijeleri gazanmaga kömek edýändigini ýatdan çykarmaly däl. Myşsalaryny ösdürmek isleýän türgenler üçin proteinlere we ýeňil özleşdirilýän uglewodlara baý önümler, ýagny, et önümleri bilen iýmitlenmek peýdalydyr. Çydamlylygyny artdyrmak isleýänlere çylşyrymly we haýal özleşdirilýän uglewodlar zerurdyr. Beloklara, B3, B12 we PP witaminlerine, fosfor, magniý ýaly maddalara baý bolan towugyň ýa-da hindi guşunyň döşi pauerlifting, basketbol, ýeňil atletika ýaly görnüşler bilen meşgullanýanlaryň berhizinde hökman bolmalydyr. Sygryň we towugyň eti hem beloklara, B toparyna degişli witaminlere, demir, kalsiý, kaliý elementlerine, dürli görnüşli aminoturşylyklara baýdyr. Şeýle önümleri iýmek agyr atletika, boks, gimnastika we suwda ýüzmek ýaly görnüşler bilen meşgullanýanlara peýdalydyr. B toparyna degişli witaminlere, beloga, retinol, kaliý, kalsiý ýaly maddalary özünde jemleýän balyk eti sportuň oýun görnüşleri we ylgaw bilen meşgullanýanlara zerur önümdir.

Gymmatly gollanma

Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap düzümi kemala getirildi. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek hem-de adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jildiniň çapdan çykmagy hem ählimiz üçin şatlykly waka boldy. Ýokary çap usulynda neşir edilen kitabyň sahypalarynda jemi 119, şol sanda 29 sany endemik, ýagny diňe Türkmenistanyň çäginde duşýan dermanlyk ösümliklere degişli häsiýetnamalardyr maglumatnamalar berilýär. Olaryň degişli dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary bilen utgaşykly beýan edilmegi bolsa ylmy eseriň okyjylar üçin düşnükliligini we ähmiýetini has-da artdyrýar. Neşirde dermanlyk ösümlikleri lukmançylyk ylmynda, halk tebipçiliginde ulanmagyň mümkinçilikleri-de giňişleýin beýan edilýär. Kitaby okan her bir okyjy ondan dermanlyk ösümlikleriň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gory, dermanlyk çig maly, dürli k

Rowaçlyklaryň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine hem-de halkara sport hyzmatdaşlygynyň rowaçlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde tejribesi ýetik, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar. Bu babatda gürrüň edilende paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de halkara derejedäki beýleki ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegini görkezmek bolar. Şu ýylyň noýabrynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň, 2025-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny şertlendirer.

Uniwersiada dowam edýär

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar-bedenterbiýe sport guramasynyň guramagynda geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiada gyzgalaňly dowam edýär. Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde aň-paýhas oýunlary boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Şaşka boýunça oglanlaryň arasynda guralan bäsleşiklere 19 topar gatnaşdy. Gyzykly geçen oýunlaryň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazandy. Ikinji orny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, üçünji orny bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyp toparlary eýelediler.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Balkan welaýatynyň «Awaza» sport toplumynda 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşyň netijelerine görä, Aşgabat şäherinden Myrat Durdyýew 38 kg-de çykyş edýän garşydaşlaryndan rüstem gelip, birinji orna mynasyp boldy. Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde tälim alýan türgenler hem bu bäsleşikde netijeli çykyş etdiler. Olardan Dawut Mämmetgurbanow (41 kg), Abdyljelil Tejenow

Welaýatlardan habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport ulgamyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesli döwrebap, watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikler geçirilýär. Şeýle hem etrabymyzyň orta mekdeplerinde bedenterbiýäni we sporty wagyz edýän dürli duşuşyklar guralýar. Onda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary barada giňişleýin gürrüňler edilýär. Duşuşyklara gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we il-günümize wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleriň kemala getirilmegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Taryhda şu gün

Bu waka 1983-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda bolup geçýär. Şeýlelikde, ol bu ugurda absolýut çempion bolan iň ýaş gimnastikaçy hökmünde taryha girýär. Ýeňiş gazanan pursady onuň 17 ýaşy hem dolmandyr. Ýaş türgen ýaryşyň dowamynda gimnastikanyň hemme görnüşinde netijeli çykyş edip, umumylykda 59,85 utuk toplaýar. Mundan başga-da, ol aýry-aýry görnüşlerde 3 altyn hem-de 1 kümüş medal gazanýar.

«Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi

Dzýudo boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Diýseň dartgynly geçen ýaryşa toparlaryň ýedisi gatnaşdy. Bu ýerde agramlaryň birnäçesi boýunça tutluşyklar ýaýbaňlandyryldy. Agram derejeleriň ählisinden hem örän çekeleşikli ýaryşlaryň bellige alnandygyny nygtamalydyrys.

Halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýç

Hormatly Prezidentimiz: «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür. Gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we tutuş ýurdumyzda gurlan döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde toplanan oňyn tejribeler, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirýän işler hem munuň aýdyň subutnamalarydyr» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu dürdäne sözlerinden hem bütin aýdyňlygy bilen mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek bilen birlikde, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýç bolup durýan bedenterbiýäni hem-de sporty ýaýbaňlandyrmak we ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň saglygyny berkitmek, bagtyýar raýatlarymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Dünýä çempionatynyň medallary

Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) tamamlanan sambo boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty türkmen türgenleri üçin şowly tamamlandy. Çempionata dünýäniň 28 ýurdundan zehinli ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy. Sport we söweş sambosy boýunça tutluşyklar agram derejeleriň 37-si boýunça ýaýbaňlandyryldy. Türkmen ýaşlary dünýä çempionatynyň

Abraýly ýaryşyň çäklerinde

Şu günler Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndy topary Dewisiň Kubogy – 2023 halkara ýaryşynda çykyş edýär. Ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda göreş alyp barýan Türkmenistanyň ýygyndy topary çykyşyny «B» toparçada dowam etdirýär. Bu ýerde ildeşlerimizden başga-da, Kuweýtiň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Guamyň ýygyndylary bäsleşýär. Duşuşyklar Antalýada (Türkiýe Respublikasy) dowam edýär.

Halkara hyzmatdaşlyk berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy daşary ýurtlaryň ýaşlar birleşikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk etmek we ynamy berkitmek boýunça Ýaşlar geňeşiniň 6-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde «Nesilleriň dialogy» atly forum hem bu hakykaty ýene bir gezek subut etdi.

Sportuň rowaçlanýan mekany

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekilmegi, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýaýbaňlandyrylyp, iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport merkezi hökmünde ykrar edilmegini şertlendirýär. Dünýä derejesindäki sport ýaryşlary islendik ýurduň durmuşynda uzak möhletli özgerişleriň bolmagyna täsir edýär. Bu hakykaty Olimpiýa oýunlarynyň we futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilen ýurtlarynda sportuň täze derejä çykýandygynyň, raýatlaryň sagdyn durmuşa eýerýändiginiň mysalynda görkezip bolar. Türkmenistan babatda aýdylanda, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi öwrülişikli pursat boldy. Şol Oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin döredilen döwrebap düzümler ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli guramaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň 23 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde guraljak