"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Beýik işleriň belent ykrarnamasy

Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň 21-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatynda demokratik özgertmeleriň dabaralanmasyna öwrülen Konstitusion kanunlaryň birnäçesi kabul edilip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Arkadagly Serdarymyz häkimiýet bilen halkyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen taryhy başlangyjy goldap, Türkmenistanyň Gahrymany, halkymyzyň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekmek bilen, ildeşlerimiziň ýürek arzuwyny hasyl etdi. Hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy hem-de kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda geçirilen hoşallyk maslahatyna Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriniň müdirleri, tälimçi-mugallymlary, şeýle hem sport desgalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdy.

Milletiň mertebesi – Watanyň buýsanjy

Täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň asylly ýörelgelerine, milli demokratiýamyzyň köpasyrlyk däplerine daýanyp, Watanymyzyň rowaçlygyny, il-günümiziň eşretli durmuşyny nazarlaýar. Ine, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütler hem şöhratly taryhymyzyň altyn öwüşginli sahypalaryny ýazdy. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň hem-de jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kabul edilmegi sözüň doly manysynda taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň halkynyň bähbidine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara, Türkmenistanyň mejlisi bolsa kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara diýlip ykrar edildi.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler halkyň ruhuny, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýär. Milli sportuň geljekki ýeňişleriniň, türkmenistanly türgenleriň täze nesliniň kemala gelmeginiň ruhlandyryjysy bolýar. Eziz Diýarymyz, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi. Sport hereketini ösdürmegiň we Türkmenistan tarapyndan halkara sport hyzmatdaşlygyny döretmegiň iň ýokary derejesi soňky ýyllarda alnyp barylýan sport diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar. Çünki hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Agzybirligiň we jebisligiň berk binýady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de degişli Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Gahrymany, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň berk binýady boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Munuň özi 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginde öz beýanyny tapýar. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütler halk häkimiýetiniň milli ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi demokratik özgertmeleriň jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanylýandygynyň subutnamasydyr. Şunda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň we jemgyýetimiziň abadançylygyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Munuň özi türkmenistanlylaryň d

Taryhy çözgütler göwünlerimizi galkyndyrdy

Nurýagdy MATNEPESOW, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň başlygy:

Köňül islegleriniň hasyl bolmagy

21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi üstümizdäki ýylyň turuwbaşdan taryhy wakalara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Ajaýyp zamanamyzyň sene ýazgysyna altyn harplarda ýazyljak bu ählihalk forumy ilimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurdumyzyň täze eýýamda täze ösüşleri nazarlaýandygynyň özboluşly güwäsine öwrüldi. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan döwrümizde ähli ugurlarda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, has-da ýokary derejede guramak möhüm talap bolup durýar. Döwrüň bu möhüm talabyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň arakesmesinde Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň geçirilmegi we onda Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, şonuň esasynda hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň biragyzdan kabul edilmegi hem-de makullanylmagy, hormatly Prezidentimiziň bu Konstitusion kanunlara gol çekmegi ykbal özgerdiji taryhy çözgütler hökmünde il-günüň ägirt uly hoşallygyna eýe boldy.

Milli syýahatçylyk zolagynyň sport mümkinçilikleri

Düşündirişli sözlüklerde diýseň giň many-mazmuna eýe bolan milli syýahatçylyk zolagy diýen düşünje bilen sportuň nähili baglanyşygy bolup biler? Bu ýerdäki esasy baglanyşyk dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň diňe bir sport ulgamynyň wekilleri üçin däl, şol bir wagtyň özünde işewürler we syýahatçylar üçin hem giňden açykdygy bilen baglydyr. Galyberse-de, «sport işewürligi» syýahatçylyk bilen bagly beýleki düşünjeler bilen bilelikde sportuň we bedenterbiýäniň ähli ulgamlary öz içine alýandygy bizi Türkmenistandaky milli syýahatçylyk zolak bolan Awazadaky sport desgalaryna syýahata çagyrdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ençeme iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň geçirilendigi bu gün dünýäniň ünsüni Hazar deňziniň türkmen kenaryna çeken bolsa, ýokary derejede guralýan iri ýaryşlar bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Awazada guralan iri sport ýaryşlary ýokary derejede geçirilen sport ýaryşlarynyň her birisi, halkara bilermenleriň oňyn seslenmesine mynasyp boldy.

Bagtyýar ýaşlar – Watan buýsanjy

Bu gün ata Watanymyzda her bir ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda beýik maksatlar, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylanan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem diňe röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlary däl, eýsem, bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ildeşlerimiziň her biriniň Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli zähmete yhlasyny artdyrdy. Elbetde, hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Ýetilen belent sepgitler bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen giren 2022-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi-de ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezdi. Şeýle ajaýyp işler Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzy mundan beýläk hem täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şol sebäpden, türkmen ýaşlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilýän ajaýyp şert-mümkinçiliklerden ruhlanyp, özlerine bildirilýän beýik ynama mynasyp jogap bermek üçin yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekerler, gurarlar, dörederler. Ýaş türgenler bolsa gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyza şan, milli sportumyza şöhrat getirerler.

Möhüm synagyň bosagasynda

Geçen hepdäniň dynç günleri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň binasynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň Kubogy jemlendi. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dzýudoçylaryň ençemesi gatnaşdy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guran ýaryşy diýseň dartgynly duşuşyklary özünde jemledi. Medallar toplumy ugrundaky göreş ýaşlaryň arasynda hem dowam etdi. Erkekleriň ýaryşlary hem, zenanlaryň bäsleşikleri-de agramlaryň ýedisi boýunça geçdi. Ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň, kiçi ýaşly türgenleriň arasyndaky bäsleşikler agram derejeleriň hem artmagyny şertlendirdi. Halkara Dzýudo federasiýasynyň talaplary esasynda geçen Türkmenistanyň Kubogy guramaçylygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlandy.

Döwletli tutumlar

Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde olaryň bilim almaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary, maşgala gymmatlygyna düşünmegi döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty rowaçlyk tapýar. Türkmen ýaşlary özleriniň ukypdyr başarnyklaryny ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarda, sportda gazanýan netijelerinde görkezmek bilen, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar.

Spartakiadanyň gyzykly ýaryşlary

Häzirki günlerde uly şowhun bilen dowam edýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň gyzykly ýaryşlary sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapýar. Ajaýyp sport baýramçylygynyň professor-mugallymlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşy gyzykly duşuşyklaryň ençemesini özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimisiniň toparlaryny özünde jemlän bäsleşigiň jemleýji duşuşyklary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçdi. Finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan üstün çykan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary Spartakiadanyň ýeňijisi boldy. Iň soňky pursatlara çenli ýeňiş üçin ýiti göreş alyp baran Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji orny eýeledi. Spartakiadanyň ýaryşlarynyň aglabasynda öňdäki üçlüge girmegi başaran Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu gezek hem üçünji boldy.

Saglyk – başlaryň täji

Ýiti respirator keseli wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Ol wirus ýokanjynyň agyr geçmegi we gaýraüzülmeleriň bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýe bolup, ýylyň dowamynda esasan hem güýz, gyş aýlarynda ýüze çykýar. Ýiti respirator keseliniň ýokanjynyň irki ýüze çykmalary alamatsyz görnüşden başlap, dürli gaýraüzülmelere çenli bolup biler. Gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy, keseliň geçiş agyrlygy näsagyň ýaşyna, immun ulgamyna, ugurdaş keselleriň barlygyna bagly. Adaty ýiti respirator keseliniň ýokanjy birden bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlaýar. Bedeniň gyzmagyna üşütme, baş aýlanma, myşsalardaky agyry, kelle agyry, umumy ysgynsyzlyk goşulýar. Bedeniň gyzgyny iň ýokary galýan döwri birinji günüň soňuna, ikinji günüň başyna gabat gelýär. Dört ýaşyna çenli çagalara kesel ýokuşanda köplenç ukusyzlyk hem ýüze çykýar. Şeýle-de, ol çagalar üçin ýürek bulanma, gaýtarma, garyndaky agyry, iç geçme häsiýetli bolup biler. Wirus ýokanjynda çagalarda gulak agyrysy, ulularda dowamly bronhitiň ýitileşmegi, bronhial astma ýaly gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler.

Täsirli duşuşyk

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty höweslendirmek, wagyz etmek we ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta uly ähmiýet berlip, Olimpiýa ýörelgelerine eýerilmegi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen utgaşýar. Şol maksatlar bolsa adam mümkinçiliklerini has doly açmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hut şoňa görä-de, ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.

Giň gerimli özgertmeler

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Bu bolsa biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýurduň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk binýadyny kemala getirmäge, ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Amala aşyrylan beýik işleriň netijesinde bütin dünýäde sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda dürli kärdäki, dürli ýaşdaky bagtyýar raýatlarymyzyň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri we beýleki medeni-sport çärelerini geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi, elbetde, aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy hem-de nusgalyk göreldesi bilen giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bu asylly ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygy guwanylmaga, buýsanylmaga mynasypdyr. Şeýle çäreler hemmeleriň sporta bolan söýgüsini artdyryp, jemgyýetimizde sagdyn durm

Milli oýunlar we nesil terbiýesi

Türkmen halky öz taryhy ösüşinde ýaş nesle terbiýe bermegiň dürli tärlerini esaslandyrypdyr. Biziň günlerimize gelip ýeten şeýle tärleriň biri hem çagalary milli oýunlaryň üsti bilen terbiýelemekdir. Olar çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, terbiýe we ählumumy bilim bermek häsiýetine hem eýedirler. Türkmen milli oýunlaryny mazmuny we häsiýeti boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar. Olaryň birnäçesi ýaş nesli zähmete, durmuşa uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bolsa, birnäçesi durmuşda görýän we göz ýetirýän zatlarynyň wezipeleriniň ornuny ýerine ýetirýär. Çaganyň özbaşdak, erkin häsiýete eýe bolup başlamagy olaryň döredijilik ukybynyň ösmegine ýardam edýär. Oýundaky aýdylýan sanawaçlar, oýun aýdymlary çagalaryň gepleýiş ukybyny ösdürmäge, aýdym aýtmagy, sanamagy öwretmäge gönükdirilipdir we bu häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Türkmen milli oýunlarynyň aglabasy hereketli oýunlardan ybarat bolup, ähli döwürlerde-de çagalara we ýetginjeklere beden terbiýesini bermekde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Şonuň üçin hem, çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, milli oýunlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanylypdyr.

Bedenterbiýe we sport

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň guramagynda futzal boýunça 2010-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda mekdebiň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Balkanabat şäherindäki sport mekdepleriniň ýaş türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň «Jebel» topary, 7-nji sport mekdebiniň «Gumdag» topary hem-de 2-nji sport mekdebiniň «Arlan» topary degişlilikde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Perhat NURALYÝEW,

Taryhda şu gün

Şol gün asly italiýaly sürüji Rudolf Karraçiola erk edýän ulagynda awtoulag ýolunyň bir kilometrlik aralygynda tizligini sagatda 432,7 kilometre ýetirmegiň hötdesinden gelýär. Ýeňişleriniň aglabasyny ýagmyrly howada gazanan Karraçioliniň «Mercedes» («Daimler-Benz AG») toparynyň agzasydygyny bellemek gerek. Ol üç gezek (1935, 1937, 1938) Ýewropanyň çempiony bolup, 17 gezek bolsa dünýä rekordyny goýmagy başarýar.

Sambonyň döreýşinden söz açsak

Kiçi futbol meýdançasynda

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde sporty hemişelik hemra edinýän, saýlap alan sport görnüşi boýunça barha kämilleşýän ýaş türgenleriň sany gün geldigiçe köpelýär. Munuň şeýledigine geçirilýän dürli sport ýaryşlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Biziň sport mekdebimizde-de şeýle ýaryşlar yzygiderli guralyp, şolaryň biri ýakynda geçirildi. Sport mekdebimiziň kiçi futbol boýunça geçiren birinjiligine 2010 — 2012-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdylar. Gyzykly hem çekeleşikli geçen duşuşyklaryň netijesinde ýaryşda birinji orny Esenguly şäheriniň topary eýelemegi başardy. Baýrakly ikinji orna Garadepe şäherçesiniň türgenleri mynasyp boldular. Ajyýap obasynyň ýetginjekleriniň paýyna üçünji orun düşdi.

Sagdynlyga, sporta beslenýän ýyllar

Bagtyýar hem-de agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ösüşlere we özgertmelere besledi. Ajaýyp zamanamyzyň uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen garşylanan ýene-de bir şanly ýylynyň – 2023-nji ýylyň ähli halkymyzyň giňden goldamagy esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç, şatlygyna şatlyk goşdy. Sebäbi ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýar we şol işleriň geljekde hem dowamat-dowam bolmagyna mynasyp goşant goşmak, ilkinji nobatda, şu günki ýaş nesliň borjy bolup durýar. Hawa, ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sportuň mekany bolan eziz Diýarymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şöhratly menziline rowana boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly ähli ugurlarda uly ösüşlere beslemek, hemmämize mälim bolşy ýaly, döwletimiziňem, halkymyzyňam öňündäki iň esasy wezipe bolup durýar. Geçen ýylda amala aşyrylan we şu ýylda durmuşa geçirilmeli il-ýurt bähbitli işler hakynda söhbet edilende bolsa, elbetde, halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini has giňden ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek meseleleriniň döwlet syýasa