Şöhratly ýol
Sportuň haýsydyr bir görnüşinden ussatlyga ýetmegiň diýseň çetindigi professional sportuň taryhynda ençeme ýola subut edilen hakykatdyr. Belki, munuň üçin guýmagursak zehin bolmak gerekdir ýa-da tebigy zehiniň üstüniň irginsiz zähmet, abyrsyz yhlas bilen ýetirilmegi ýeterlikdir. Şeýle aýratynlygyň MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça ilkinji professional türgenlerimiziň biri, dünýä çempiony Şöhrat Orazgeldiýewiň sport ýolunda hem jemlenendigini bellemelidiris. MMA, kikboksing, karatedo, karate şotokan, kýokuşinkaý, taekwondo, ýeňil atletika, uşu sanda, sambo... garaz, birnäçe görnüşden netijeli çykyş etmäge werziş bolan ildeşimiziň üstünlikleri haýran galdyrýar. Çünki sportuň şu görnüşlerinden talyplyk ýyllarynda gazanan ýeňişleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýaryşlarynda eýe bolan üstünlikleri, ýurdumyzyň çempionatlaryndaky netijeleri, halkara ýaryşlaryndaky medallary onuň ussatlygyndan habar berýär. * * *