"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Ýe­ňiş­li ýol­lar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da­ky üs­tün­lik­le­ri bi­len Wa­ta­na şan ge­tir­ýän tür­gen­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Şeý­le ussatlary ýetişdirýän mek­dep­le­riň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­giniň 6-njy sport mek­de­bi­ni hem gör­kez­mek bo­lar. Bu sport mek­de­bin­de ýaş­laryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin müm­kin­çi­likler bar. Ha­ly­pa tä­lim­çi­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da kämilleşýän ýaş­lar spor­tuň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýurt we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­lar­da ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Kon­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len

Gymmatly gollanma

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň yzysüresi bellenip geçilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaralarynyň dowam edýän günlerinde biz ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk, ýagny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХIV jildi türkmen halkyna gowuşdy. Kitabyň täze jildinde milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly Diýarymyzyň ösümlik dünýäsinde endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleriň 118-si barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitap 2 bapdan: dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasyndan we maglumatnamadan ybaratdyr. Ondaky dermanlyk ösümlikler Türkmenistanyň şypahanalarynda ýörite şypahana şertlerinde bejergi alýan adamlar üçin hem örän peýdalydyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň milli tebipçilikde hem halk lukmançylygynda 2000-den gowrak görnüşi

ULY ÜSTÜNLIKLERIŇ BINÝADY

Islendik işde üstünlik berkden tutulan binýada bagly. Şeýle binýat bolsa, elbetde, mekdepde tutulýar. Ynsanyň uly durmuşa uzaýan ýolunyň başynyň mekdepden başlanyşy ýaly, ussat türgenleriň ýeňişli menzilleri hem sport mekdeplerinden gaýdýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan türgenleriň hatarynda mekdep okuwçylarynyň hem köp bolmagy bu hakykaty ýene bir gezek subut edýär. Bizem okyjylarymyzy çempionlaryň täze neslini kemala getirýän sport mekdepleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Şol tanyşlygymyzy bolsa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinden başlaýarys. «Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde dünýä we yklym çempionlary hem-de iri halkara ýaryşlaryň ýeňijileri bolan türgenleriň kemala gelýändigi bizi buýsandyrýar. Agyr atletika boýunça dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa, sambo boýunça iri ýaryşlarda köp gezek baýrakly orunlary eýelän Muhammet Kössekow, öz şägirtlerimden 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda guşakly göreş boýunça baýrakly orunlary eýelän Tagantäç Güýçmämmedow, Myrathan Azadow, Agajan Täçmuhammedow, Iskender Aşyrow, Agageldi Tagandurdyýew dagy iň meşhur uçurymlarymyzdyr. Sport mekdebimiziň uçurymlarynyň aglabasynyň ýurdumyzyň a

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýär. Be­den­ter­bi­ýä­ni sag­ly­gyň sa­ka­sy ha­sap­la­ýan Arkadagly Serdarymyz bu ugur­da äh­li baş­lan­gyç­la­ryň ro­waç al­ma­gy üçin şert-müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Sport bäs­le­şik­le­ri­dir da­ba­ra­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi bol­sa tür­gen­le­riň us­sat­ly­gy­nyň art­ma­gyn­da, Wa­ta­na we­pa­ly, berk be­den­li ýaş­la­ryň ke­ma­la gel­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Biz, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri hem et­ra­by­my­zyň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de bu ugur­da me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Spor­tuň, be­den­ter­bi­ýä­niň ada­myň dur­mu­şyn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni dü­şün­dir­mek­de ilat ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry­dyr mas­la­hat­la­ry ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Dür­li sport bäs­le­şik­le­ri gu­ra­lan­da ta­pa­wut­lan­ýan to­par­la­ra, tür­gen­le­re ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ryň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şyp, ýaş­la­ry ýe­ne­ki üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýa­rys. Ýa­kyn­da 8 to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da klub­la­ryň ara­syn­da geçirilen Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň açyk çem­pio­na­ty hem munuň aýdyň mysaly boldy. Ýa­ryş spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça asyl­ly däp­le­ri bo­lan et­ra­by­my­zyň «M

Be­dew – türk­me­niň uçar ga­na­ty

Türk­me­niň ahal­te­ke be­dew­le­ri dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki dö­wür­de halkymyza hu­su­sy ho­ja­ly­gyn­da at sak­la­ma­ga giň mümkinçilikler bar. Bu özi ra­ýat­la­ryň at­çy­ly­ga hö­we­si­ni art­dyr­ýar, to­hum­çy­ly­gyň go­wu­lan­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýer­ler­de at­çy­lyk ugry bilen meşgullanýanlar az däl. Ola­ryň ara­syn­da at­la­ry aý­la­wa bag­la­ýan­lar, il-ýur­da şöh­rat ge­tir­ýän, et­rap­dyr oba­sy­nyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ýan ýyn­dam at­ly­lar diýseň kän. In­di bi­ziň toý-baý­ra­my­myz­da dür­li çe­per, me­de­ni şü­we­leň­ler bi­len bir­lik­de at üs­tündäki oýun­lar, at ça­py­şyk­la­ry hem ge­çi­ril­ýär. Toý-to­ma­şalara çy­ka­ryl­ýan sy­rat­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň al­tyn-kü­mü­şe bes­le­nen be­zeg­le­ri­ni, at üs­tün­dä­ki ýi­git­le­riň be­ze­men­li­gi­ni gö­ren­ler haý­ra­n gal­ýar­lar.

Futbol täzelikleri

Azi­ýa­nyň Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da paý­tag­ty­myz­da «A» de­re­je­li yg­ty­ýar­na­ma­ny al­mak ug­run­da AFK-nyň tä­lim­çi­lik okuwlarynyň bi­rin­jisi ge­çi­ril­ýär. «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­ýän tä­lim­çi­lik kur­su­nyň gö­zük­di­ri­ji­si hök­mün­de FI­FA-nyň hem-de AFK-nyň gö­zük­di­ri­ji­si, öz­be­gis­tan­ly hü­när­men Us­mon To­şew çy­kyş ed­ýär. Onuň kö­mek­çi­si­niň we­zi­pe­si­ni ýur­du­my­zyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si, AFK-nyň gö­zük­di­ri­ji­si Röw­şen Mu­ha­dow ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

Çehiň hokkeý ýoly

Londonyň «Arsenal» hem-de «Çelsi» toparlarynyň öňki derwezeçisi Petr Çehiň futboly hokkeýe çalşanyna üç ýyl töweregi wagt geçdi. Has anygy, 2019-njy ýylda futbol aýakgabyny çüýden asan çehiýaly ussat Angliýanyň dördünji diwizionynda çykyş edýän «Gilford Finiks» hokkeý topary bilen şertnama baglaşdy. Ýakynda bolsa onuň bu topary terk edýändigi barada habar ýaýrady. Ýöne bu Çehiň asla hokkeý ýoluny tamamlaýandygyny aňladanok. Dumanly Albionyň üçünji hokkeý diwizionynyň «Çelmsford» toparynyň metbugat gullugynyň ýaýradan habaryna görä, çehiýaly derwezeçi bu topar bilen şertnama baglaşdy. «Men «Çelmsford» bilen täze çagyryşyň bosagasynda durun. Täze toparymyň bu möwsümde öz öňünde goýan maksadyna ýetmegine kömek edesim gelýär» diýip belleýän Petr Çeh hokkeý ýolunda hem derweze goraýar.

Oýun hem tizlik

Futbolyň hereketli sport görnüşleriniň hataryna girýändigi bellidir. Mälim bolşy ýaly, her duşuşykda her bir oýunçy ep-esli aralygy ylgap geçýär. Bu dürli statistik maglumatlarda öz beýanyny tapýar. Ine, Germaniýanyň «Der Spiegel» neşiri futbolçylaryň arasynda iň ýyndamyny ýüze çykarmak üçin geçiren ýörite hasaplamalaryny jemledi. Bu sanawda «Mançester Ýunaýted», «Bawariýa» hem-de «Arsenal» ýaly dünýäniň öňdebaryjy toparlarynyň «ýyldyz» futbolçylarynyň öňdäki orunlary eýeländiklerini görmek bolýar. Şeýlelikde, geçirilen hasaplamalar «Mançester Ýunaýted» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň «iň ýokary tizligini» sagatda 33,6 kilometre ýetirmäge ukyplydygyny görkezdi. Nemesleriň «Bawariýasynda» çykyş eden gollandiýaly Arýen Robbeniň tizliginiň bolsa Ronaldunyňkydan sagatda bary-ýogy 0,7 kilometr haýaldygy anyklanyldy. Özüniň hereketdäki tilsimleri bilen futbol muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Londonyň «Arsenalynyň» öňki oýunçysy Teo Uolkotyň bolsa garşydaşynyň derwezesine «okdurylanda» tizligini sagatda 32,7 kilometre ýetiren wagtlaryna hem duş gelnipdir. Öz döwründe iňlisleriň «Mançester Ýunaýted» toparynyň ätiýaçlyk oturgyjyndan oýna giren meksikaly Hawýer Ernandesiň 2010-njy ýylda GAR-da geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birinde tizligini sagatda 32,15 kilometre ýetirip, bu sanawa goşulmaga mümkinçilik alandygyny aýtmak gerek.

Ýüwrük – ýaryşda belli

Golaýda ýeňil atletika boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryş 2009 – 2011-nji, 2007 – 2008-nji, 2005 – 2006-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda ýaýbaňlandyrylyp, jemi 11 topardan 150-ä golaý türgen gatnaşdy. Ýaş türgenler 60, 150, 300, 400 metr aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek, üçürdikläp bökmek we ýadro iteklemek ýaly görnüşler boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşa Mary etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebinde tälim alýan türgenler hem gatnaşyp, gowy netijeleri görkezmegi başardylar. Olar uzak aralyga ylgamak, ýadro iteklemek ýaly görnüşler boýunça üstünlikli çykyş etdiler.

Teh­no­lo­gi­ýa­lar spor­ty öz­gerd­ýär

Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär. Sport­da hä­zir­ki za­man san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy tür­gen­ler üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. «Akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­lar tür­gen­le­şik we di­kel­diş iş­le­ri­ni we dynç al­şy ne­ti­je­li gu­ra­mak, şi­kes­len­me­ler­den soň­ky di­kel­diş döw­rü­niň möh­le­ti­ni gys­galt­mak, do­pin­giň peý­da­la­nyl­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek ýa­ly ugur­lar­da oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Spor­tu­ň keş­bi­ni öz­ger­den teh­ni­ki tä­ze­çil­lik­ler hök­mün­de öz­bo­luş­ly mik­rok­li­ma­ty bo­lan açyk sta­dion­la­ry, ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da­ky wagt öl­çeý­ji ul­gam­la­ry, sport des­ga­la­ryn­da otur­dy­lan elekt­ron tab­lo­la­ry, hok­keý hem-de fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler üçin eme­li bu­zy, kö­pu­gur­ly tre­naž­ýor­la­ry, şeý­le hem sport en­jam­la­ry­ny­dyr ly­bas­la­ry­ny ön­dür­mek üçin tä­ze dö­re­di­len ma­te­rial­la­ry gör­kez­mek bo­lar.

Tor hem top

Bas­ket­bol spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň ady iň­lis dilindäki «bas­ket» (tor) we «ball» (top) di­ýen söz­ler­den ge­lip çyk­ýar. Bas­ket­bo­lyň wa­ta­ny Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry ha­sap­la­nyl­ýar. XIX asy­ryň ahy­ryn­da Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Spring­fild şä­he­ri­niň mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň bi­ri sport sa­pak­la­ry­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, sport za­ly­nyň eý­wan­la­ry­na şet­da­ly sa­lyn­ýan se­be­di bi­rik­dir­ýär hem-de okuw­çy­la­ra hä­zir­ki bas­ket­bo­la meň­zeş oý­ny oý­na­ma­gy tek­lip ed­ýär. Il­ki­baş­da oýun­çy­lar meý­dan­ça­da yl­ga­man, du­ran ýer­le­rin­den bir-bir­le­ri­ne to­py zy­ňyp, ony se­be­de ok­lap­dyr­lar. Spor­tuň tä­ze gör­nü­şi­ni Ame­ri­ka­nyň we Ka­na­da­nyň beý­le­ki okuw mek­dep­le­ri hem örän çalt­lyk bi­len öz­leş­dir­ýär­ler. 1898-nji ýyl­da il­kin­ji pro­fes­sio­nal bas­ket­bol li­ga­sy dö­re­di­lip, ol ba­ry-ýo­gy bäş ýyl he­re­ket ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da NBA (Mil­li bas­ket­bol as­so­sia­si­ýa­sy) iň meş­hur sport bir­le­şi­gi bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Ýüp bökmekdäki rekordlar

Ýüp bökmek, ýagny skiping boýunça 1997-nji ýyldan bäri dünýä çempionatlary geçirilip gelinse-de, onuň döreýiş taryhy näbellidir. Käbir maglumatlarda onuň gadymy döwürde Hytaýda dörändigi barada aýdylsa, käbir çeşmelerde Russiýada esgerleriň bedenini taplamakda ulanylyp başlanandygy nygtalýar. Ýöne biz onuň taryhy barada däl-de, ýüp bökmekde görkezilen rekordlar hakynda gürrüň etmekçi.

Taryhda şu gün

Şol güne çenli Belarus Respublikasynyň hem-de ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 2:2 hasabynda dowam edip durdy. Şol duşuşykda ABŞ-ly Koko Wandewege bilen Şelbi Rojersiň jübüti Arina Sobolenko/Aleksandra Sosnowiç bilen bäsleşipdi. Bu duşuşyk 6:3, 7:6 hasabynda ABŞ-ly tennisçileriň peýdasyna tamamlanýar. Şeýlelikde, 3:2 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan ABŞ-nyň ýygyndy topary arzyly Kubogy 18-nji gezek gazanmagyň hötdesinden gelýär. Belarus Respublikasynyň ýygyndy toparynyň final duşuşygyna ilkinji gezek çykandygyny bellemek gerek.

Milli mirasymyzyň dünýä dolan şöhraty

«Dünýäniň iň gadymy itleriniň biri hasaplanýan türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Türkmen alabaýlary eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Olaryň dünýädäki meşhurlygy barha artýar» diýip hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, türkmen alabaýynyň janköýerlerine we mähriban halkymyza Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli iberen Gutlagynda nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna merdana halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen türkmen alabaýynyň şanyna geçen hepdede geçirilen dabaraly çäreleriň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. 29-njy oktýabrda paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisiniň geçirilmegi milli baýlygymyzyň dünýädäki meşhurlygynyň barha artýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Alabaýlary köpeltmek, olara tälim bermek bilen meşgullanýan türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň tagallalaryny birleşdirmek üçin döredilen bu assosiasiýanyň agzalarynyň sanynyň gysga wagtyň dowamynda ep-esli artandygy, oňa daşary ýurtly itşynaslaryň hem goşulandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Sapaly durmuşyň seresi

Daşky gurşawyň abadançylygynyň, arassa ekologiýa şertleriniň ynsan saglygyna peýdaly täsir edýändigi ikuçsyz hakykatdyr. Howanyň arassa bolmagy köp babatda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Ylmy-barlaglaryň netijeleriniň görkezişi ýaly, baglaryň köp ekilen ýerinde wagtal-wagtal gezelenç edip, arassa howadan dem almak hem ençe sökellikleriň öňüni almaga hem-de beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaga ýardam edýär. Şonuň üçinem, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler tebigatyň gözel künjeklerinde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çalyşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň görküne görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän agaçlar köpçülikleýin ekilýär. «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän baglaryň howadaky tozan, çaň, tüsse, gurum, zyýanly gazlar ýaly dürli görnüşli galyndylaryny özünde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary subut edilendir.

Köptaraply zehin

Ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä çekmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde kesgitlendi. Şeýlelikde, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryny, nusgalyk göreldesini ýol-ýörelge edinen ýaş nesilleriň gazanýan halkara derejesindäki üstünlikleri Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Watana şan getirýän şeýle ýaşlara ähli halkymyz, Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz uly ynam bildirýärler. Bu ynamy ödemek bolsa türkmen türgenleriniň öňündäki mukaddes borçdur. Bu borjuň jogapkärçiligini jany-teni bilen duýup, bildirilýän uly ynamy ödemek üçin yhlas bilen türgenleşýän, heniz mekdep okuwçysydygyna garamazdan, uly üstünlige ýeten, geljegine ynam bildirilýän ýaşlaryň biri-de Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mohaddese Abbasowadyr

Ähmiýetli maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmagyň, şeýle hem türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmagyň eýýamy hökmünde Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol bir wagtyň özünde hem eziz Watanymyzda milli däp-dessurlarymyza wepaly, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, zyýanly endiklerden daş durýan ruhubelent ýaşlary kemala getirmek işine uly ähmiýet berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda sport mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda bu aýdylanlar giňden şöhlelendi. Duşuşykda Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň Bagtyýarlyk etrabynyň Polisiýa bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesiller barada taýsyz tagalla edýän we ýokary ahlakly ýaşlary kemala getirmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýtagtly gandbolçylaryň üstünligi

Ýakynda 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda gandbol boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde geçirilen ýaryşda oglanlardan hem-de gyzlardan düzülen paýtagtymyzyň ýygyndy toparlary baş baýraga mynasyp boldular.

Ýaş türgen ýeňişli ýolda

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde eziz Watanymyz ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň rowaçlanýan mekany hökmünde dünýäde tanalýar. Ýurdumyzda sportuň welosiped sürmek görnüşiniň meşhurlygy hem barha artýar. Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyryp, bedeniňi taplamaga kömek edýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanylanda bedeniň kesellere garşy durmak ukyby güýçlenýär, ýürek-damar keselleriniň döremek howpy ep-esli azalýar. Ol dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, welosiped sürlende ýerine ýetirilýän sazlaşykly hereket we kadaly dem alyş ýadawlygy aýyrmagyň ajaýyp usulydyr.

Adam, jemgyýet, bedenterbiýe

Bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň hem-de aýratyn alnan her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde adamyň işiniň bedenterbiýe we sport bilen baglanyşygy bolmadyk ugruny tapmak örän kyn. Soňky ýyllarda bedenterbiýä adamyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrýan esasy şertleriň biri hökmünde baha berilýär. Taryha nazar salanyňda, bedenterbiýe hereketiniň ilatyň ähli gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaş nesliň zähmete ukyplylygy ýokarlandyrmak zerurlygy bilen baglanyşykly ýüze çykandygyny görmek bolýar. Bilim we terbiýeçilik ulgamynyň kämilleşmegi bilen, bedenterbiýe hem medeni durmuşyň möhüm bölegine öwrülýär. Häzirki döwürde-de bedenterbiýe her bir adamyň durmuşynda wajyp orny eýeleýär.