"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gadymyýetden gözbaş alan mekdep

Sport barada gürrüň edilende, esasan, soňky iki asyr göz öňümize gelýän hem bolsa, ol iňňän gadymy döwürlerden bäri ähli halklaryň durmuşynda uly orny eýeleýär. Adamlar heniz irki döwürde dürli görnüşli maşklaryňdyr hereketleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaga ýardam edýändigine göz ýetiripdirler. Köp hereket edýän we zähmet çekýän adamlaryň beýlekilere görä has sagat hem-de gujurly bolýandygy äşgär bolansoň, sport nesil terbiýesiniň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Her bir halk öz dowamaty bolan nesilleriniň sagdyn ösmegini we güýçli bolmagyny gazanmak üçin türgenleşikleriň dürli görnüşlerini döredipdir. Ezberlikde we ýyndamlykda saýlanýan ýigitleri ýüze çykarmak üçin ýörite bäsleşikler guralypdyr. Şonuň üçin-de, sportuň başa-baş söweş sungaty, göreş, at çapmak, ýaýdan ok atmak, naýza zyňmak, uzak aralyga ylgamak, suwda ýüzmek görnüşleri has irki döwürlerde meşhur bolupdyr. Olar ýaşlary Watan goragyna taýýarlamakda iňňän ähmiýetli terbiýe mekdebi hasaplanypdyr.

Sportuň hem gözelligiň sazlaşygy

Sungata iň ýakyn sport görnüşi bolan sport tansyna erkek we zenan türgenler bilelikde gatnaşýarlar we olaryň çykyşlaryna syn etmegiň özem kalbyňy gözellige besleýär. Sport tansy boýunça geçirilýän ýaryşlar iki maksatnama boýunça guralyp, Latynamerikan maksatnamasy samba, ça-ça-ça, rumba, pasadobl we jaýw ýaly tanslary öz içine alsa, Ýewropa maksatnamasyna wals, tango, fokstrot, kwikstep ýaly tanslar degişli bolup durýar. Sport tansy boýunça halkara ýaryşlary, sportuň täs ähli görnüşlerinde hem bolşy ýaly, höwesjeňleriň we professionallaryň arasynda aýratynlykda geçirilýär. Gözellik we arassalyk, çylşyrymly hereketleriň ýerine ýetirilişi, oňa gatnaşyjylaryň eşikleriniň kaşaňlygy, umuman, çykyşlaryň ruhubelentlik ýagdaýy ýaryşlara tomaşa edýänleri özüne bendi edýär. Tansçylaryň geýimleriniň kesgitlenen kada laýyk bolmagynyň ýaryşlardaky hökmany şertleriň biri bolup durýandygynam aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de çykyşlara baha bermegiň köptaraplaýynlygy sebäpli, sportuň bu görnüşindäki ýaryşlara eminleriň dokuzysynyň gözegçilik edýändigem bilip goýanyňa degýän maglumatdyr.

Suwda ýüzmegiň peýdasy

Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, suwda ýüzmegiň uly peýdasy bolup, onuň dem alyş ýollaryna, ähli myşsalaryň berkemegine we bedeniň oňat keşbiniň kemala gelmegine örän oňaýly peýdasy bar. Adam suwda ýüzüşi amala aşyran mahaly onuň ähli myşsalary herekete gelýär. Suwda ýüzmeklik ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, el-aýaklary güýçlendirmekde, sagdyn myşsalary kemala getirmekde ähmiýetlidir. Bu bolsa bedeniň sagdynlygy üçin iň gowy türgenleşikdir. Suwda ýüzmek dem alyş ýollaryny açyp, ony kadalaşdyrýar. Şonuň üçin ýüzüjilerde dem alyş agzalarynda ýetmezçilik ýüze çykmaýar. Dem almak meselesi şeýle bir ýönekeý bolansoň, oňa diňe käbir adamlar üns berýärler, ýöne welin, bu usul sagdyn bolmakda we kesellerden saplanmakda möhümdir. Siz dem alanyňyzda öz bedeniňize gurplanmaga şert döredýärsiňiz, sebäbi, kislorod bedeniňiz boýunça ýokumly maddalary zerur ýerlerine eltmäge ýardam edýär. Çuňňur dem almak biziň saglygymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, eger biz sagdyn bolmagy isleýän bolsak, kadaly dem almagy öwrenmelidiris. Munuň üçin sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmak ýeterlikdir.

Welaýatlardan habarlar

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bu gün ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Olaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, sporty gündelik hemrasyna öwürmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işler gözbaşyny hut şu syýasatdan alyp gaýdýar. Şeýle ähmiýetli ädimleriň üstüni bolsa röwşen ertirimiziň eýeleri bolan nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak ugrundaky tagallalar ýetirýär. Şu aýratynlyklaryň özara sazlaşygynyň esasynda bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti örboýuna galýar. Biz hem öz nobatymyzda ýaşlar bilen geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň üsti bilen olary sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýarys. Biz şu ugurdaky ädimlerimizi gelejekde has-da kämilleşdireris we Watana wepaly, ahlakly hem-de sagdyn, berk bedenli ýaşlary kemala getirmek ugrundaky tagallalara öz goşandymyzy goşarys. Ýaşlar syýasatyny sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti bilen sazlaşykly durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!

Taryhda şu gün

Halkara Olimpiýa komitetiniň 94-nji sessiýasynda 1994-nji ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeriniň saýlawlary bolup geçdi. Bu taryhy waka 1988-nji ýylyň 16-njy sentýabryna gabat geldi. Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen ýygnanyşygyň dowamyndaky ses berlişigiň netijesinde gyşky Oýunlary kabul etmek Norwegiýanyň Lillehamer şäherine ynanyldy. Lillehameriň bu ugurdaky bäsdeşleri Şwesiýanyň Estersund, ABŞ-nyň Ankorij hem-de Bolgariýanyň Sofiýa şäherleri bolupdy.

Şanly wakalara beslenýän döwür

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ähli ugurlarda galkynýan, ösýän, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, Watana, halka wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasy bolup dabaralanýar. Muňa ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolup geçen şanly hem taryhy wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp, ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirilip, şol dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Arkadagly Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz we ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, üstümizdäki ýylda uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Garaşsyz,

Arkadag paýhasy – buýsançly kalplaryň ganaty

Ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmegi hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde durýan wajyp wezipedir. Biz bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçen umumy sapagynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, pedagog, professor, akademik hökmünde ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler baradaky çykyşy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Abraý getiren menziller

Birnäçe ýyl mundan ozal kiçigöwünli bir adam bilen tanyşdym. Ol uzak aralyga ýöremekde tüýs telpek goýaýmaly diýilýänleriň hilindendi. Eger wagtynda halypa duşup, ýeňil atletika bilen meşgullanan bolsa, belki, ençe ýaryşlaryň ýeňijisi bolup, birgiden medallara eýe çykardy. Men muny «Tejen — täsin adam» atly makalamda başardygymdan beýan etmäge çalyşdym. Her niçik-de bolsa, ol uzak aralyga ýöremekde resmi däl rekordlary goýup biläýjek ýa-da bilen adam hökmünde hakydamda galdy. Bu meniň durmuşymyň sport žurnalistikasyna dahylly böleginde şu güne çenli «sportuň melikesi» diýip at alan ýeňil atletika we oňa ýakyn adam hakynda ýazan ilkinji makalamdy. Ine-de, ikinji synanyşyk. Ýöne bu gezekki söhbetim Tejen barada däl-de, Tejenowiç hakynda. Professional türgen hökmünde abraýly ýaryşlarda ýeňiji bolan, birnäçe rekordlary goýan, türkmen, şol sanda dünýä ýeňil atletikasynyň ösmegine mynasyp goşant goşan Hajymyrat Rahmanow ömrüniň agramly bölegini ýöräp dälde, ylgap geçirdi.

Belent ynam – egsilmez güýç

Ýaş nesliň halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, Watanymyzyň ýeten derejesine guwanýan, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan adamlar bolup ýetişmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ähmiýet berilýän wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş raýatlar aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň ýagty geljegini üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň gülläp ösüşiň ýolunda mundan beýläk-de ilerlemeginde ýaş nesliň döredijilikli kuwwatyna uly ynam bildirilýär. 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaş nesilleriň gatnaşmagynda geçen umumy sapagy hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Futbola dahylly gyzykly maglumatlar

Futbola «Owadan oýun» diýlip baha berilýändiginden hemmämiz habarlydyrys. Ýöne bu jümläni ilkinji bolup aýdanyň futbolyň şasy Peledigini welin, bilmeýänimiz az bolsa gerek. * * *

Kadalary berk berjaý edeliň!

Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. 1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Ýaşlar barada alada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunda ýaşlar barada edilýän alada döwlet derejesinde dabaralanýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagynda eden çykyşyndaky maslahatlary, ündewleri ýurdumyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitläp, öňe gitmekde biziň baş ýol-ýörelgämize, durmuş mekdebimize öwrüler. Olary işjeň durmuşa geçirmekde alym Arkadagymyzyň gymmatly kitaplary bilim ulgamynyň işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr. Bu gymmatly eserlerde ýaşlara berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň hilini gowulandyrmak, terbiýe babatda halkymyzyň asylly ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Danalaryň sargydy – sagdynlyk

Tebigatyň bermedik güýjüni türgenleşmek bilen alyp bolar. * * *

Iri ýaryşlaryň bosagasynda

Sport muşdaklarynyň ünsüniň Indoneziýa, Ýaponiýa we Filippinlerde dowam edýän basketbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji duşuşyklarynda jemlenen günlerinde sportuň bu görnüşi boýunça türkmen janköýerlerine hem şatlanmaga pursat döreýär. Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem-de «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda basketbol boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň çempionatlarynyň duşuşyklary geçirilýär.

Welaýatlardan habarlar

Eziz Diýarymyzda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, ençeme sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki döwürde ýaşlara sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýändigi kalplary buýsanja besleýän hakykatdyr. Bu günki gün etrabymyzda ýerleşýän sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlar ussat tälimçilerden tälim alyp, öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Etrabymyzda, welaýatymyzda hem-de paýtagtymyzda geçirilýän bäsleşiklere sport mekdeplerimiziň türgenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň has-da kämilleşmegine şert döredýär.

Sport we be­den­ter­bi­ýe ýa­zy­jy-şa­hyr­la­r­yň dur­mu­şyn­da

Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň meş­hur ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň ömür ýo­ly bi­len ta­nyş bo­la­nyň­da, ola­ryň be­den­ter­bi­ýä, spor­ta öz dur­muş­la­ryn­da uly äh­mi­ýet be­ren­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Sö­zü­miz gu­rak bol­maz ýa­ly, kä­bir mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­lyň! Ede­bi­ýa­ty­my­zyň ägirt­le­ri­niň bi­ri Ber­di Ker­ba­ba­ýew sä­her bi­len 30-60 mi­nut tö­we­re­gi maşk eder eken. How­lu­syn­da­ky äpet gü­jü­miň şa­ha­syn­dan tu­tup, göw­re­si­ni sal­lap ge­rin­ji­re­mek onuň söý­gü­li pi­şe­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr. Bir ge­zek mu­nuň se­bä­bi­ni so­ran­la­ryn­da:

Göwünleri joşduran dabaralar

Bilimler we talyp ýaşlar güni Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu şanly waka institutymyzyň professordyr mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň baýramçylyk buýsanjyny goşalandyrdy. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Ýokary okuw mekdebiniň düzümine okuw-gurluşyk, Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezleri girýär. Biz talyp ýaşlar institutymyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, bedenterbiýe we sport bilen hem işjeň meşgullanýarys.

Kämilligiň möhüm tapgyry

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň işiniň möhüm döwri badalga aldy. Çünki talyp ýaşlara kämil bilim bermek, olary milli ruhda terbiýelemek ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň işiniň ähmiýetli bölegidir. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynda eýýäm abraýly ýaryşlaryň birnäçesinde uly üstünliklere ýeten türgenler bilen birlikde, gelejegini professional sport bilen baglajak nesilleriň, bedenterbiýäni saýlaýan ýaşlaryň birnäçesi okuwa başlady. Indi biziň ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň üsti halkara arenasynda netijeli çykyş etmegi başarýan ussatlaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Şolaryň ençemesi milli ýygyndy toparlaryň agzalarydyr. Şeýle zehinli türgenler biziň ýokary okuw mekdebimizde bilim almak bilen has-da taplanarlar we kämilleşerler.

Ýaşlar ýygyndymyzyň ýeňşi

Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Türkmenistanly futbolçylar Indoneziýanyň Surakarta şäherinde geçirilen duşuşykda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Bu duşuşykdaky gollaryň üçüsini paýtagtymyzyň «Köpetdagynyň» hüjümçisi Şamämmet Hydyrow öz adyna ýazdyrdy. Ýygyndy toparymyzyň dördünji topuny «Altyn Asyryň» wekili Nurmyrat Rozyýew geçirmegi başardy.

TFF-niň täzelikleri

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Futbol boýunça milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda Surabaýa şäherinde Indoneziýanyň, soňra bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bahreýniň ýygyndysy bilen bäsleşer. Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin ýygyndy toparymyza futbolçylaryň 23-sini çagyrdylar. Ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýän ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň 9-sy «Arkadag» toparynda çykyş edýärler. Oýunçylaryň 6-sy «Ahal», 5-si bolsa «Altyn Asyr» toparlaryna wekilçilik edýärler. Gonkongyň «Kitçi», Belarusyň «Energetik-BGU» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlarynyň bolsa hersinden bir oýunçy ýygyndy toparymyzyň düzümine düşüpdir.