"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Ankaradan medallar

Türkmen küştçüleri 15 – 20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen «Başkent Open 2023» halkara festiwalyndan ajaýyp netijeler bilen dolandylar. 8 ýurtdan 600 küştçiniň gatnaşmagynda geçen halkara küşt festiwaly ulularyň arasynda ýaş derejeleriň dördüsi (A, B, C, D), çagalaryň arasynda bolsa üçüsi (10, 12, 14 ýaşa çenli) boýunça ýaryşlary özünde jemledi. Türkmen küştçüleriniň ikisi bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Bu ýerdäki küştçüleriň iň güýçlüleriniň bäsleşigi bolan A derejeli ýaryşda ildeşlerimizden halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew (2482 reýting) çykyş etdi. Ol ikinji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolandygyna garamazdan, şondan soň netijeli oýun görkezmegiň hötdesinden geldi. 4 duşuşygyny ýeňiş, 3 oýnuny bolsa deňlik bilen tamamlan türkmen küştçüsi iň ýokary netijeleri görkezen küşt ussatlarynyň hataryna goşuldy. Mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanan ildeşimiz ikinji orna eýe çykdy. Ildeşimiziň utuklarynyň sany diňe 7,5 utuk jemlän gruziýaly Nikolaz Petriaşwiliniňkiden (2458 reýting) az boldy.

Makaoda gazanylan üstünlikUşuçy ýetginjeklerimiz Aziýa çempionatynyň medallaryna eýe boldular

Türkmenistanyň uşu boýunça ýygyndy topary Makaoda geçen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda uly üstünlik gazandy. Türgenlerimiz çempionatyň medallarynyň üçüsini eýelediler. 56 kilograma çenli agram derejesindäki dartgynly göreşlerde çykyş eden Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Gudrat Öwezgeldiýew ýygyndy toparymyza ýaryşyň ilkinji medalyny getirdi. Türkmen türgeni Makaodan, Eýrandan we Gazagystandan bolan türgenleriň arasynda ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezdi we hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Sport syýasatynyň çäklerinde

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasatyny, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Bedenterbiýäni we sporty döwlet derejesinde goldamak, ösdürmek ugrunda taryhy işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň giň goldawyna eýe bolan bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ähli edaralarda, kärhanalarda we guramalarda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Yhlasymyzyň miwesi

Eziz Watanymyzyň sport mekdeplerinde sporty ösdürmek üçin giň şert-mümkinçilikler döredilip, kämil türgenlerimizi ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle sport mekdepleriniň biri hem Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebidir. Sport mekdebimizde ýaşlaryň okuwdan boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, öz saýlap alan ugurlaryndan kämilleşmegi üçin ähli döwrebap şertler döredildi. Mekdebimizde türgenlere sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berlip, ugurlaryň ählisinde-de ussat tälimçiler halypalyk edýärler. Olar özleriniň toplan tejribelerini, sportuň görnüşleriniň inçe tilsimlerini türgenlere öwredýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ezber türgenlerimiz özleriniň okuw-türgenleşiklerinde toplan tejribelerini halkara ýaryşlarda görkezmegi başarýarlar. 14 – 21-nji awgust aralygynda Makao şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky uşu boýunça Aziýa çempionatynda biziň okuwçylarymyzdan Eziz Muhammedow Türkmenistanyň uşu boýunça ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edip, nobatdaky bürünç medalyň eýesi boldy.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kiçi mejlisler zalynda geçirilen maslahat täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýerine ýetirilmeli möhüm meselelere bagyşlandy. Maslahat sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň üsti bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda zähmet çekýän sport hünärmenlerini, tälimçi-mugallymlary jemledi. Maslahaty Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy J.Jumaýew açdy. Ol ýurdumyzyň sport mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, okuwçylary kabul etmek işleriniň Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alnan degişli Tertip esasynda guralmagynyň ähmiýeti hakynda belledi. Soňra maslahatda bölümiň başlygynyň orunbasary T.Mazakowyň çykyşy diňlenildi. Ol tälimçi-mugallymlaryň yzygiderli kämilleşmeginiň möhüm şert bolup durýandygyny degerli delilleriň üsti bilen düşündirdi.

Medally ýol uzaýar

Çolpan-Ata şäherinde (Gyrgyz Respublikasy) tamamlanan sambo boýunça Dünýä kubogy türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Parahat Bäşimow sambo boýunça 88 kilograma çenli agram derejesindäki tutluşyklara goşuldy. Ol üç tutluşyk geçirdi. Çärýekfinalda gyrgyzystanly Faruh Mamajanowdan 2:0 hasabynda üstün çykan ildeşimiz ýarymfinalda özbek türgeninden — Elýor Hojimamatowy uly hasap (8:0) bilen ýeňdi. Aýgytlaýjy duşuşykda Halkara Sambo federasiýasynyň baýdagynyň astynda (FIAS-1) çykyş eden russiýaly Şamil Gajiýewden asgyn gelen türkmen türgeni kümüş medal gazandy.

«Merw» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde

Mary şäheriniň «Merw» topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder. Magtymguly Begenjowyň tälim berýän topary bu abraýa AFK-nyň Kubogynyň pleý-off tapgyrynda myhmançylykda Täjigistanyň «Hujand» toparyndan üstün çykanyndan soň eýe boldy. Hujand şäheriniň merkezi stadionynda geçirilen duşuşyk garaşylyşy ýaly, ýer eýeleriniň hüjümleri bilen başlandy. Ýöne goragda dürs oýnan «Merw» topary birinji ýarymda garşydaşyna tapawutlanmaga mümkinçilik bermedi. Ikinji ýarymyň başlaryna hüjüme agram berip ugran Mary şäheriniň topary duşuşygyň 54-nji minutynda hasaby açmagy başardy. Şol pursat garşydaşlarynyň ýol beren säwliginden ýerlikli peýdalanan Murat Ýakşiýew tapawutlandy. Ikinji ýarymda ätiýaçlyk oturgyjyndan oýna giren Parwiz Bokiýew hasaby deňlenmegine sebäp bolan topy öz adyna ýazdyrdy – 1:1. Şeýle hasap bilen duşuşygyň esasy wagty tamamlandy. Duşuşygyň goşmaça wagtynda esasy üns goragda jemlenipdi. Çünki ýeke-täk säwligiň bütin möwsümiň dowamynda geçilen türgenleşik işlerini puja çykarmagy ähtimaldy. Stadiona gelen janköýerler hem indi oýundan soňky belleniljek 11 metrlik urgulary hakydalarynda aýlap ugrapdylar. Sebäbi duşuşygyň tamamlanmagyna sähel salym galypdy. Ine, şol pursat «Merwiň» tälimçiler düzümi ýerine düşen oýun çalşygyny geçirdi. 113-nji minutda oýna giren Myrat Öwezmyradowyň topa ilkinji galtaşygy bolsa netijeli tamamlandy. Şonda ol jerime urgu

Sport toplumynyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan ýaşlar we sport baradaky döwlet syýasaty uly üstünlige eýe bolýar. Elbetde, sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň sport desgalarynyň hem möhüm orny bar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumy 1500 orunlyk bolup, onda uly futbol meýdançasynyň biri, kiçi futbol meýdançalarynyň üçüsi hem-de sagaldyş toplumy hereket edýär.

Türkmenistan – bagtly Çagalygyň ýurdy

Bagtyýarlyk köptaraply, öwüşgine baý we giň mazmuna eýe düşünjedir. Ony her kim özüçe göz öňüne getirýär, onuň ölçeglerini özüçe kesgitleýär. Täze taryhy eýýamyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy çagalaryň şadyýan gülki seslerinde, ýurdumyzyň abadançylygynda, halkymyzyň bol-elin durmuşynyň mysalynda şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiz hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň daýanjy, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Bagtdan paýly ýaşlar

Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri ýaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty hem 1-nji sentýabrda gursagy hyjuwdan doly talyplaryň ýüzlerçesine gujak gerer. Olaryň arasynda şu ýyl talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň bardygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Bu gün ýokary okuw mekdebiň talyby bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ýürekleri ak arzuwlardan, ýaşlyk joşgunyndan pürepür. Ine, olar öz ýürek joşgunlaryny şeýle beýan edýärler: Nurgeldi ANNAGURBANOW,

Dünýä çempionatyndaky üstünlik

Zagrebde (Horwatiýa) dowam edýän ýetginjekleriň arasyndaky dzýudo boýunça dünýä çempionatynda türkmen gyzynyň ajaýyp netijesi bellige alyndy. 40 kilogram agram derejesinde çykyş eden Dilara Gandymowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Ilki bilen azerbaýjanly Nigýar Mamişowany ýeňlişe sezewar eden zehinli pälwan gyzymyz ikinji duşuşygynda slowakiýaly Patrisiýa Tomankowany ýeňip bilmedi. Şeýlelikde, türkmen gyzy bürünç medal üçin guraljak tutluşyga çykmaga hukuk gazandy. Ildeşimiz hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmak üçin geçirilen duşuşykda fransiýaly güýçli garşydaşyndan — Matilda Aurelden hem güýçlidigini subut etdi.

Çalasynlygy we ugurtapyjylygy ösdürýän oýun

Hepdäniň şenbe güni agşamara agtyklarym aşyk torbasy bilen ýanyma gelip: «Ata, köp aşyklarym bar. Gel, aşyk oýnaly!» diýip, torbanyň içindäki aşyklaryny halyň üstüne oklady. Men hem dürli görnüşdäki aşyklary goşawujyma alyp, ýuwaşlyk bilen ikiýana şagyrdadyp, agtyklarym bilen aşyk oýnunyň haýsy görnüşini oýnajagym barada pikirlenip, oglanlyk döwrümiziň ýatlama girdabyny gulaçlap ýüzmäge başladym. Çaga wagtlarymyz deň-duş oglanlarymyz bilen hojalyk işlerinden elimiz sypyndygy aşyk oýnamaga mähetdel bolardyk. Ol döwürler aşygam bol däldi. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy ýadygärlikler bolan Änewde, Altyndepede, Namazgadepede, Garadepede we beýleki ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýylmanak aşyklaryň, kenekleriň, topazlaryň we şuňa meňzeşleriň tapylmagy aşyk oýnunyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Gyzyklylygy, özüne çekijiligi, ähmiýeti, şonuň ýaly-da, ýönekeýligi taýdan aşyk oýny beýleki milli oýunlardan has tapawutlanýar.

Sport mekdeplerinde

13 – 16-njy awgust aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 2008 – 2014-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça «Hazar deňiziniň duşuşyklary» atly açyk birinjilik geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Myrat Soltanow bilen Amangeldi Geldiýewiň tälim berýän türgenleri hem dürli agramlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 13-sini eýelemegi başardylar.

Taryhda şu gün

1972-nji ýylyň 26-njy awgustynda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ХХ tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Albaniýanyň, Gabonyň, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň, Lesotonyň, Malawiniň, Saud Arabystanynyň, Swazilendiň, Somaliniň hem-de Togonyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiadadaky ilkinji çykyşlary Mýunhendäki Oýunlara gabat geldi. Bu oýunlarda 121 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 7170-siniň (6075 erkek türgen, 1095 zenan türgen) baş baýrak ugrunda bäsleşendiklerini bellemek gerek. Medal sanawynda türgenleri 99 gezek (50 altyn, 27 kümüş, 22 bürünç) hormat münberine çykan öňki soýuzyň ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldy. Bu ugurda ikinji, üçünji orunlary degişlilikde ABŞ-nyň (33-31-30) hem-de Germaniýanyň (20-23-23) ýygyndy toparlary eýelediler.

Sagdynlygyň, sportuň rowaçlanýan mekany

Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýer ýüzünde sagdynlygyň, sportuň, ruhubelentligiň mekany, saglygyňy berkitmek hem-de dynç almak üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilen künjegi hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Sport bilen meşgullanmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatyna nusgalyk görelde bolup durýandygy durmuşymyzyň hem-de döwrümiziň mizemez hakykatydyr. Muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji awgustynda ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz şol gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologiýa taýdan arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty: ýokary derejeli taýýarlyk

Abraýly halkara ýaryşlary ýokary derejede guramakda baý tejribesi bolan paýtagtymyzda ýene bir sport baýramçylygyna işjeň taýýarlyk görülýär. Türgenlerimiz bu ýaryşda üstünlikli çykyşlary bilen janköýerleri begendirmek üçin yhlas bilen türgenleşýän bolsa, guramaçylar geçiriljek ýerini taýýarlamak we degişli resminamalary tassyklamak ýaly işleriň aladasynda. Hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu assosiasiýanyň prezidenti Haýder Farmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň paýtagtymyza gelmegi hem barha ýakynlaýan sport baýramçylygyna taýýarlygyň möhüm wakasy boldy.

Aşgabat halkara ýaryşyň bosagasynda

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge degişli Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara ýurdumyzyň dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwürlendigini nobatdaky subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde giň orun berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen badalga berlen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän sport syýasaty täze derejelere ýetýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýam

Şägirtlerimiz ýeňişli ýolda

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleriniň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň iň abraýly oýunlarda, dünýä we yklym çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolup, Watana şan getirýän ussatlary ýetişdirýändigi bizi diýseň begendirýär. Türgenlerimiziň diňe ýakyn günlerde gazanan üstünlikleri hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Hindistanda geçen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 81 kilogram agram derejesinde çykyş eden Änamjan Rustamowanyň ýetginjekleriň arasynda hem, ýaşlaryň arasynda-da iň ýokary netijeleri görkezmegi oňa altyn medallaryň altysyny getirdi. Şol ýaryşda 61 kg-de bäsleşen Perhat Bagtyýarow bolsa ýetginjekleriň ýaryşynda 3 kümüş, ýaşlaryň arasynda bolsa 1 bürünç medal aldy.

GDA ýurtlarynyň II oýunlary: türkmen türgenleriniň medallary

Türkmen ýygyndysy Belarus Respublikasynda jemlenen GDA ýurtlarynyň II oýunlaryny ajaýyp netijelere besledi. Oýunlarda milli ýygyndy toparymyzyň agzalary dürli medallaryň 18-sine eýelik etdiler. Şolaryň 3-si kümüş, 15-si bolsa bürünç medallardyr. Bu görkeziji Türkmenistanyň ýygyndysynyň medal sanawynda öňdäki onluga girmegini üpjün etdi. Biz Oýunlaryň ýaryşlarynyň badalga alan gününden – 5-nji awgustdan 10-njy awgusta çenli türkmen türgenleriniň gazanan netijeleri hakynda gazetimiziň geçen sanynda habar beripdik. Şol habarda Grodno şäheriniň Buzly sport köşgünde geçirilen agyr atletika ýaryşlarynyň netijeleri hem öz beýanyny tapýardy. 49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň ýygyndy toparyna Oýunlaryň ilkinji medalyny getirmegi başardy. Ol ýaryşyň kümüş medalyny gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ali Babamuradow 55 kilograma çenli agram derejesinde oglanlaryň ýaryşynda netijeli çykyş etdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 215 kilogram