Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Daşky gurşawyň goragynda

Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň öýkenidir. Sebäbi atmosferadaky kislorodyň 60 göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly 1 bag nahaly bir gije-gündiziň dowamynda 3 adamyň dem almagy üçin gerekli kislorody bölüp çykarýar. Tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary bolsa şol bir wagtda 24 kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary 50 - den 70 tonna çenli tozany öz üstünden geçirip howanyň tämiz bolmagyny üpjün edýär. Tokaý seýilgäh zolaklarynda ýangynlaryň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan degişli kararlar kabul edilip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar ýangyn söndüriş awtoulaglary bilen nobatçylyk çekip, gözegçilik işleri alnyp barylýar.

Tebigaty söýmek — Watany söýmek

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da we dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ra aýaw­ly çe­me­leş­mek ug­run­da döw­let we dün­ýä möç­be­rin­de bir­nä­çe iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bir­nä­çe Ka­nun­lar ka­bul edil­ýär.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini, ajaýyplygyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek. Çünki ajaýyp sähralar, dag-düzler, dereler we beýleki ýerler gözelligiň nusgasy bolup, köňüllere ylham paýlaýar. Bu gözellikleri gorap saklamak we aýawly peýdalanmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýär. Bu sene mynasybetli ýurdumyzda hem dabaralar geçirilýär, wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Bu günki günde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigatyň gözelliklerini goramakda we baýlaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň hataryndaky howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça çäreleri kabul etmek, ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini goramak, ekoulgamyň gury ýerlerini dikeltmek, tokaýlardan oýlanyşykly peýdalanmak, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek hem-de bioköpdürlüligi saklamak ýaly maksatlar gönüden-göni tebigaty goramak işleri bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi umumadamzat bähbitli işler bolmak bilen bir hatarda, ösüşiň geljegini kesgitleýän ugurlardyr. Şonuň üçin hem geljegiň innowasiýalary, tehnologiýalary ekoulgamdan gözbaş alýar, has takygy, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly ugurlar aýratyn many-mazmuna eýedir.

Te­bi­ga­tyň aý­ryl­maz saz­la­şy­gy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­tyn­da hal­ka­ra we se­bi­ta­ra sport gu­ra­ma­la­ry, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Bu hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­dä­ki 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni hök­mün­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýan Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2022-nji ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da­ky 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 6-njy mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň 62-si­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gin­de «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi eziz Di­ýa­ry­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy, oňyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy bol­dy.

Tebigat — janly dünýä

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek babatda yzygiderli işleri amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Parasatly ata-babalarymyz tebigata hemişe aýawly garapdyrlar. Tebigaty söýüp, gözüniň göreji ýaly gorapdyrlar. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Agaç bolan ýerde pudak synar» ýa-da «Bagym bar, barym bar» diýen pähimli jümleleriň beýan edilmegi hem tebigata, tebigy gözelliklere bolan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigata we sagdynlyga ýakynlyk

Ýene dört günden — 3-nji iýunda Ýer ýüzünde Bütindünýä welosiped güni belleniler. Bütin adamzat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Bu şanly senäni bellemek baradaky başlangyç bolsa hut biziň döwletimize — sportly Türkmenistana degişlidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky başlangyjy Milletler Bileleşigine 2018-nji ýylda hödürläpdi. Şol ýylyň aprel aýynda bolsa Baş Assambleýa degişli Kararnamany kabul edip, 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi. Şondan bäri adamzat her tomsuň üçünji gününde bu baýramy agzybirlik bilen belläp gelýär.

Tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Köýtendagyň yssy we gurak klimatly, şemally zolaga degişlidigi sebäpli otlaryň gysga wagtlaýyn gök öwsüp, eýýäm maý aýynyň başynda guramagy bilen ýangyn döremek howpy artýar. Dag relýefiniň çylşyrymlylygy, öri meýdanlarynyň ilatly ýerlerden uzakda ýerleşýändigi bolsa ýangyn dörän halatynda ýangyna garşy göreş çärelerini çalt geçirmäge goşmaça kynçylyk döredýär. Şu ýagdaýlara görä goraghanamyzda her ýyl meýilnama esasynda ýangynyň öňüni alyş çäreleri guralýar. Goraghana degişli çäklerde tokaýlaryň we öri meýdanlarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meýilnama düzülip, tokaýlarda, çeşmelerde we köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Tebigatda dynç almaga gelýänlere we işi tebigat bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan adamlara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidiklerini ýatladýarys. Olara öri meýdanlarynda we dag tokaýlarynda uçgun söndüriji we ot öçüriji serişdeleri bolmadyk ulaglarda hereket etmegiň, söndürilmedik otluçöpleri ýollaryň gyralaryna, tokaýlara hem-de öri meýdanlaryna zyňmagyň, rugsat edilmedik ýerlerde ot ýakmagyň we olary söndürmän gitmegiň gadagandygyny duýdurýarys. Şeýle-de öri meýdanlarynda şemally howada (şol sanda, rugsat edilen ýerde hem) ot ýakmak, dynç alynýan ýerlere aýna, çüýşe gaplary we olaryň döwüklerini taşlamak, çagalara mal bakdyrmak, olara ot ýakmagy ynanmak, ýangynyň döremek howpy bolan ýerlerinde ýaş

Baglary bar hatar-hatar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezi Günorta we Günbatar Köpetdagyň eteklerinde ösýän miweli we subtropiki ösümlikleri ýygnap saklamak, öwrenmek we olaryň oňat sort görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak işleri bilen meşgul bolýar. Merkeziň umumy tutýan meýdany 734 gektar bolup, onuň suwarymly ekerançylykda ulanylmaga ýaramlysy 123 gektar, dürli miweli we subtropiki baglaryň hem-de üzümiň sort toplumynyň meýdany 19 gektardan gowrakdyr.

Gözel tebigaty ýangyn howpundan goralyň!

Watanymyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ýangynlaryň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak hemmeleriň borjudyr. Şol esasdan, ösüp oturan daragtlaryň arasy haşal otlardan arassalanyp, hatar hem zolak aralarynda sürüm işleri geçirilip, ýangyn howpsuzlyk zolaklary döredilse, ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam eder. Bölünip berlen çäklere jogapkär adamlar bellenip, ol çäkler ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir gurallarynyň ählisi bilen üpjün edilmelidir. Boý alan daragtlaryň şahalarynyňdyr pürleriniň howadan geçirilen elektrik geçirijilerine degmezliginiň öňüni almak üçin, olar kesilip aýrylmalydyr. Aslynda, ýokary kuwwatly elektrik geçirijileriniň aşaklarynda daragtlary ekmeklik ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk däldir.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Güneşli ülkäniň gözellikleri

Ynsanyň durmuşyny tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Sebäbi biziň daş-töweregimizi gurşap alýan hem-de gündelik zerurlyklarymyzy üpjün edýän närseleriň ählisi tebigatdan gözbaş alýar. Adamyň durmuş işjeňliginiň artmagy hem-de howanyň üýtgemegi netijesinde tebigaty, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak wezipesi ör-boýuna galýar. Gözel tebigatymyzy goramak we geljekki nesillere ýetirmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Güneşli Diýarymyz biologik köpdürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşýän ýurdumyzyň ýiti kontinental, gurak klimatly howa şertleri ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat. Şol görnüşleriň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy bolsa haýwanlardyr. Ýurdumyzyň florasynda duş gelýän ösümlikleriň 2 müňden gowrak görnüşi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Milli Liderimiziň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran düýpli ylmy gözlegleriniň netijesi bolan bu neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge ýardam edýän, hususan-da, farmakologiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşýan gymmatly gollanmadyr.

Gülzara dönüpdir düzleň, Garagum!

Biziň gözel hem täsin tebigatymyz bar. Sabanyň sergin howasy, ýaňy açylan güläleklerdir çopantelpekleriň hoşboý ysy, sähra aňňatlyklaryna ýapylan ýaşyl begres deý gök otlar, täze gelniň kürtesine çalymdaş sazakdyr sözenler barka, şahyr bolmabilseň bolma-da! Kalbyň ylhamdan heýjana gelýär, seriňde täsirli, joşgunly setirler döreýär. Tebigy gözellikleriň mesgeni bolan Garagumuň eçilen bu täsirini men şygra saldym: Göwnüm telwas islegiňe-meýliňe,Gülzara dönüpdir düzleň, Garagum.Seýran etsem bahar çagy seýliňe,Ganmaz gözellikden gözlem, Garagum.

Güller dünýäsinde

Begoniýa Bu gülüň welaýatymyzyň şertlerinde ýyladyşhanalarda ýetişdirilýändigini köpler bilýändir. Onuň ilki hasaba alnan ýeriniň Beýik Britaniýa döwletidigini bellemeli. Häzirki wagtda bolsa ol dünýäniň ençeme ýurtlarynda gabat gelýär. Olaryň ilatynyň bu güle bolan hormaty örän belentdir. Onuň bezeg hökmünde öýlere aýratyn ýakymly görnüş berýändigini belleýärler.

Ülker

Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden başlap, aý-günüň hasabyny berk ýöredipdir we dürli hojalyk işlerini şoňa görä meýilleşdiripdir. Şeýle döwürleriň biri-de ülkerdir. Milli senenamamyz boýunça ülker döwri nowruz döwründen soňra maý aýynyň 22-sinden iýun aýynyň 20-si aralygynda dowam edýär. Ülker ýyldyzlar topary bolup, olaryň dogýan döwri tomus paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem halkymyz «Ülker dogdy — tomus, ýaşdy — gyş» diýip hasap ýöredipdir. Ülkeriň dogmagy bilen ýagşyň ýagmagy azalýar, howanyň gije-gündizki ortaça derejesi ýokary galýar.

«Ýok, çäge däl, altyn meniň basýanym...»

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Garagum sährasynyň durşy bilen keramatdygy, bu künjege zyýarata gelmegiň we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmegiň bolsa parz işdigi bellenilýär. Garagum sährasy sazak, gandym, çerkez tokaýlarynyň saklanyp galan täsin tebigy künjekleriň biridir.

Biler bolsaňyz!

Angor towşany Towşanyň bu görnüşi örän gadymy jandar hasaplanylýar. Käbir maglumatlara görä, onuň adynyň gelip çykyşy Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäheri bilen baglanyşdyrylýar. Bu täsin jandar Ýewropa ýurtlaryna XVIII asyrda getirilipdir. Onuň eýjejikligi hem-de ýumşajyk tüýi bu ýerdäkileriň ünsüni bada-bat özüne çekipdir. Fransiýada bolsa ol öý haýwany hem-de bezeg jandary hökmünde saklanylypdyr.

Tebigatyň eçilen ajap serpaýy

Türkmen tebigaty özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň görenleri haýrana goýýan gözel ýerleri örän köp. Magtymguly etrabynda umumy meýdany 30 müň gektara golaý bolan Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy hem şeýle ýerleriň biridir. 1978-nji ýylda Günorta-Günbatar Köpetdagyň tebigy ekoulgamlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak maksady bilen, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär. Bu sebitiň gözel tebigaty üýtgeşik bolup, ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşiniň gabat gelýän ýeridir. Häzirki wagtda goraghananyň meýdany Merkezi, Aýdere, Çendir böleklerinden ybaratdyr. Goraghanada Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň ençemesi duş gelýär. Bu ýerde 800-den gowrak ösümlik görnüşleri hasaba alnan. Olaryň 32 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Haýwanat dünýäsine hem baý bolan goraghanada ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 38, guşlaryň 250, süýdemdirijileriň 76 görnüşine duşmak bolýar. Goraghananyň merkezi bölümine degişli malhanada ýitip ýok bolmak howpy abanýan, seýrek duş gelýän guşlary köpeltmegiň üstünde ylmy esasda  işlenilýär. Bu ýerde guşlaryň köpelişine, iýmitlenişine ylmy esasda gözegçilik edilýär. Guşlardan başga-da, tebigatda ýaralanan ýabany haýwanlara seredilýär. Saglygy dikeldilen haýwanlar soňra ýabany tebigata goýberilýär.

Almaz — gymmatbaha daş

Dünýäde iň gymmat bahaly daşlaryň biri bolan almaz ir wagtlardan bäri dürli halklarda kesel bejeriji, görner-görünmez howplardan goraýjy daş hökmünde meşhur bolupdyr. Ilkinji almaz daşlary dört müň ýyl mundan öň Hindistandan gazylyp alnypdyr. Almaz grek dilinden terjime edilende «berk, mäkäm» diýen manyny berýär. Almaz daşy 100 — 200 kilometr çuňlukda 900 — 1300 dereje gyzgynlykda 40 — 60 müň atmosfera basyşda gabat gelýär. Şeýle şertlerde uglerodyň port gurluşy dünýäde iň berk minerala — almaza öwrülýär. Munuň üçin millionlarça, hatda milliardlarça ýyl gerek.

Köýtendag

Lebap welaýaty Türkmenistanyň köp syýahatçylyk mümkinçiliklerini özünde jemleýän Gündogar sebiti bolup, bu ýerde gadymy taryhy-arhitektura ýadygärliklerinden başga-da, Köýtendag, Amyderýa we Repetek döwlet tebigy goraghanalary ýerleşýär. Köýtendag güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ol Gissar dag gerişleriniň günorta-günbatarynda 85 — 100 kilometre çenli uzaýar, ini bolsa 25 — 30 kilometre ýetýär. Bu ýerde köp sanly gowaklar, Hojapil obasynyň golaýynda 1 müň 300 — 1 müň 600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň daşyň ýüzünde galan aýak yzlary, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, Gaýnarbaba mineral çeşmesi, «Kyrk gyz» deresi, Köýten obasyndaky çynarlar, Arnap jeňňelligi we beýleki täsinlikler bar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.