Almaz — gymmatbaha daş

14 Maý 2024
235

Dünýäde iň gymmat bahaly daşlaryň biri bolan almaz ir wagtlardan bäri dürli halklarda kesel bejeriji, görner-görünmez howplardan goraýjy daş hökmünde meşhur bolupdyr. Ilkinji almaz daşlary dört müň ýyl mundan öň Hindistandan gazylyp alnypdyr. Almaz grek dilinden terjime edilende «berk, mäkäm» diýen manyny berýär.

Almaz daşy 100 — 200 kilometr çuňlukda 900 — 1300 dereje gyzgynlykda 40 — 60 müň atmosfera basyşda gabat gelýär. Şeýle şertlerde uglerodyň port gurluşy dünýäde iň berk minerala — almaza öwrülýär. Munuň üçin millionlarça, hatda milliardlarça ýyl gerek.

Patma GÖKBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň himiýa mugallymy.