Tebigatyň eçilen ajap serpaýy

15 Maý 2024
202

Türkmen tebigaty özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň görenleri haýrana goýýan gözel ýerleri örän köp. Magtymguly etrabynda umumy meýdany 30 müň gektara golaý bolan Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy hem şeýle ýerleriň biridir. 1978-nji ýylda Günorta-Günbatar Köpetdagyň tebigy ekoulgamlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak maksady bilen, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär. Bu sebitiň gözel tebigaty üýtgeşik bolup, ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşiniň gabat gelýän ýeridir. Häzirki wagtda goraghananyň meýdany Merkezi, Aýdere, Çendir böleklerinden ybaratdyr. Goraghanada Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň ençemesi duş gelýär. Bu ýerde 800-den gowrak ösümlik görnüşleri hasaba alnan. Olaryň 32 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Haýwanat dünýäsine hem baý bolan goraghanada ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 38, guşlaryň 250, süýdemdirijileriň 76 görnüşine duşmak bolýar. Goraghananyň merkezi bölümine degişli malhanada ýitip ýok bolmak howpy abanýan, seýrek duş gelýän guşlary köpeltmegiň üstünde ylmy esasda  işlenilýär. Bu ýerde guşlaryň köpelişine, iýmitlenişine ylmy esasda gözegçilik edilýär. Guşlardan başga-da, tebigatda ýaralanan ýabany haýwanlara seredilýär. Saglygy dikeldilen haýwanlar soňra ýabany tebigata goýberilýär.

Aýzada Muhammedowa,
«Balkan».