Biler bolsaňyz!

21 Maý 2024
175

Angor towşany

Towşanyň bu görnüşi örän gadymy jandar hasaplanylýar. Käbir maglumatlara görä, onuň adynyň gelip çykyşy Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäheri bilen baglanyşdyrylýar. Bu täsin jandar Ýewropa ýurtlaryna XVIII asyrda getirilipdir. Onuň eýjejikligi hem-de ýumşajyk tüýi bu ýerdäkileriň ünsüni bada-bat özüne çekipdir. Fransiýada bolsa ol öý haýwany hem-de bezeg jandary hökmünde saklanylypdyr.