Güller dünýäsinde

22 Maý 2024
189

Begoniýa

Bu gülüň welaýatymyzyň şertlerinde ýyladyşhanalarda ýetişdirilýändigini köpler bilýändir. Onuň ilki hasaba alnan ýeriniň Beýik Britaniýa döwletidigini bellemeli. Häzirki wagtda bolsa ol dünýäniň ençeme ýurtlarynda gabat gelýär. Olaryň ilatynyň bu güle bolan hormaty örän belentdir. Onuň bezeg hökmünde öýlere aýratyn ýakymly görnüş berýändigini belleýärler.