Ülker

22 Maý 2024
287

Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden başlap, aý-günüň hasabyny berk ýöredipdir we dürli hojalyk işlerini şoňa görä meýilleşdiripdir. Şeýle döwürleriň biri-de ülkerdir. Milli senenamamyz boýunça ülker döwri nowruz döwründen soňra maý aýynyň 22-sinden iýun aýynyň 20-si aralygynda dowam edýär.

Ülker ýyldyzlar topary bolup, olaryň dogýan döwri tomus paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem halkymyz «Ülker dogdy — tomus, ýaşdy — gyş» diýip hasap ýöredipdir. Ülkeriň dogmagy bilen ýagşyň ýagmagy azalýar, howanyň gije-gündizki ortaça derejesi ýokary galýar.

Näzik ÖWEZOWA,
Köytendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.