Şahyryň döredijiligindäki özboluşlylyk
Onuň resminamadaky ady Annagurban Çaryýewdi. Sarahsda 1922-nji ýylda dünýä inen. Heniz 19 ýaşyny dolduryp-doldurmanka Beýik Watançylyk urşy başlanyp, Aşgabatda düzülen 87-nji aýratyn atyjylyk türkmen brigadasynyň hataryna goşulyp, Watan goragyna gidýär. Aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar. Ýaralanýar. Gospitalda özüni bejerdip, topçulara goşulyp, ýene-de söweşe ugraýar. Birnäçe ýurtlary azat etmäge gatnaşýar. Berline baryp ýetýär. Ýeňişden soň Manžuriýa söweşine gatnaşýar. Goşun gullugyndan 1948-nji ýylda dolanyp gelýär. Onuň şygyrlary özboluşlylyga eýedi. «Jeň bolan ýerde», «Uruş agzalsa» ýaly goşgularyny ýatdan aýdanynda, iniň dyglabererdi. Ol hiç wagt kagyza seredip okamazdy. Onuň nusgawy görnüşde ýazan şygyrlary bilen okyjylar ilkinji gezek «Merjen däneler» atly köpçülikleýin ýygyndy arkaly tanyş bolupdylar. Soňra onuň goşgularynyň birnäçesi «Özüm bilen ikiçäk» atly köpçülikleýin ýygyndyda çap edildi. «Gurban Wehimi» ady bilen bolsa, aýratyn goşgular ýygyndysy çapdan çykdy. Türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek üçin Watanymyzyň künjeklerine paý-u-pyýada aýlanyp çykyp, geçmişi şygyr arkaly beýan edip ýazan eserini Gurban aga Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwine tabşyrypdy.