"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

“Bagym bar — barym bar”

Şu günler bazarlardaky hem-de söwda nokatlaryndaky gök önümleriňdir miweleriň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegi bolan, ekologik taýdan arassa, saglyga peýdaly şeýle önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde miweli nahallaryň on müňlerçe düýbüni oturdan telekeçi Ahmet Jumabaýewdir. Telekeçiniň Bäherden etrabynyň Magtymguly we Ş.Batyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäginden uzak möhletleýin esasda bölünip berlen ýerinde alma, armyt, şetdaly, behi ýaly miwelerden bol hasyl alynýar. Olar «Güneşli miwe» haryt nyşany bilen içerki bazarda ýerlenilýär.

Gün­do­gar se­bit: işe­wür­le­riň işi ile­ri

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň al­ty aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça äh­li ba­bat­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň öň­kü­den-de go­wu­lan­ma­gy ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň işe­wür­le­ri­niň hem my­na­syp zäh­met pa­ýy bar. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýurdumyzyň gün­do­gar se­bi­tine-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Şa ga­da­my düş­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Köý­ten­dag et­ra­byn­da gur­lan, ýyl­da bir mil­li­on ton­na se­ment ön­dür­mä­ge ukyp­ly se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň, «Asu­da akym» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Dä­new et­ra­by­nyň Aş­ga­bat ge­ňeş­li­gin­de gur­lan, «Şir ýag» ha­ryt ny­şan­ly sin­te­ti­ki aw­to­mo­bil çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, şeý­le-de «Nu­saý ýol­la­ry» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­na­bat şä­he­rin­de gur­lan, 4 gat­ly, 18 öý­l

Gurluşykda zerur önüm

Telekeçilige giň ýol! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gurluşyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilme-gine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bäş tilsim» hojalyk jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän gurluşyk we hojalyk harytlaryny öndürýän kärhanasy hem şolaryň hatarynda tanalýar.

Işi ilerleýän kärhana

«Ak gar» hususy kärhanasy telekeçilik ulgamynyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän we özüniň öndürýän «Ak gar» haryt nyşanly önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan kärhananyň işi barha ilerleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atajan Jumanyýazowa degişli bolan bu kärhana 2011-nji ýylda döredilip, konditer önümçiliginde guwandyryjy işleri alyp barýar. Kärhanada bolanymyzda, hünärmen Jahan Rahmanowa bizi garşylamak bilen, işleriň ýola goýluşy bilen tanyşdyrdy we geljekki maksatlary barada gürrüň berdi. Bişiriji, dolaýjy, gaplaýjy bölümleri, çig mal we taýýar önümler ammaryny, hil barlaghanasyny öz içine alýan önümçilik kärhanasynda işler sazlaşykly alnyp barylýar. Ol ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň 100-den gowragynyň yhlasy netijesinde ýokumlylyk derejesi we ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän konditer önümleriniň dürli görnüşi öndürilýär.

Dökün bol — ekin bereketli

Islendik ekinden gowy hasyl aljak bolsaň, ilkinji nobatda, oňa ýeterlik dökün bermeli. Döküni daşary ýurtlardan satyn alsaň, çykdajysy ýetik bolýar, bu önümiň özüne düşýän gymmatyny-da ýokarlandyrýar. Şonuň üçin döküni özümizde öndürmek babatda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär. Munuň üçin azot we kaliý dökünlerini öndürýän toplumlar gurlup, olarda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bolsa bu möhüm işe ýurdumyzyň telekeçileri-de işjeň goşulyşdylar. Hususyýetçilerimiz daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlykda gyzyl Kaliforniýa gurçugyny ulanyp, onuň önümçiligini öz ýurdumyzda hem ýola goýdular. Bu işde gysga wagtyň içinde ýokary netijeler hem gazanyldy. Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda ýaşaýan Muhammet Sabyrow özüne bölünip berlen ýer böleginde bu gurçugy köpeltmek bilen, her ýylda ýüzlerçe tonna ekologik taýdan arassa dökün öndürýän bolsa, etrabyň Astanababa obasynda ýaşaýan Agamyrat Rozyýew bu önümçiligi özüniň mellek ýerinde ýola goýupdyr. Kaliforniýa gurçuklarynyň ders we beýleki zyňyndylar bilen iýmitlenip öndürýän önümine «biogumus» diýilýär.

Ter önümlerden tagamly nygmatlar

Tomus-güýz aýlarynda ter pomidorlar we olardan taýýarlanan işdäaçarlar, gyşyna bolsa pomidor goýultmasy saçaklarymyzyň aýrylmaz bölegi, dürli tagamlary taýýarlamakda ornuny tutup bolmajak nygmat hasaplanýar. Tomsuň bereketli günleri öý bikelerinden başlap, azyk senagatynda iş alyp barýan hususy telekeçiler üçin gyzgalaňly zähmetiň gaýnap joşýan jogapkärli döwrüdir. Çünki bu döwürde ýetişýän pomidorlardan gyş üçin goýultmasy we marinadlanan önümler taýýarlanylýar. Aramyzda şeýle önümleriň öý şertlerinde taýýarlanylyşyny görmedigimiz az bolsa gerek. Lezzetli nygmatyň senagat möçberinde öndürilişi hem şondan düýpgöter tapawutlanmaýar. Bu ýerde esasy tapawut kärhanada işleriň esasy böleginiň awtomatlaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilip, önümiň ýaramlylyk möhletiniň ýokary bolýandygyndadyr. Bizem pomidor goýultmasynyň önümçiligi bilen ýakyndan tanyşmak üçin ençeme ýyl bäri halkymyzyň söýgüsini gazanyp gelýän «Noş» haryt nyşanly önümleri öndürýän «Parasatly ülke» hususy kärhanasynda myhmançylykda bolduk. Täzeçillikleriň gözleginde bolup, işleri yzygiderli kämilleşdirmek telekeçiler üçin möhüm wezipedir. Telekeçi Rüstem Allanazarow hem 2012-nji ýylda halkymyza hödürlenilip gelinýän «Noş» haryt nyşanly önümleriň öndürilişini kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 29-njy iýunynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasynyň çäginde täze önümçilik toplumyny işe girizdi. Täze işe gi

«MASTERCARD» ÖZBEGISTANDA

«Mastercard» Özbegistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda galtaşyksyz töleg ulgamyny ösdürmäge ýardam eder. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Denis Filippow mälim etdi. Kompaniýa özbegistanlylara «Mastercard» bilen galtaşyksyz tölegler amala aşyrylanda birnäçe höweslendiriji ýeňillikleri ýola goýdy. Meselem, ýurduň esasy 10 şäherinde jemgyýetçilik ulaglaryna «Mastercard» bilen galtaşyksyz görnüşde töleg edilse, ýol nyrhy 1 müň soma çenli arzanlaýar.

Batly gadamlar bilen

Häzirki wagtda hususy pudagyň paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artyp, telekeçileriň öndürýän önümlerine diňe içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Batly-Gadam» hususy kärhanasynda hem döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanylyp, gyzgalaňly iş alnyp barylýar. Ekologik taýdan arassa, aýaga ýakymly jorap almak isläp, söwda dükanlaryna baranyňda, hökman «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň önümlerine gözüň düşýär. Ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň hatarynda jorap önümçiligini ýola goýan kärhanada öndürilýän önümler ýokary hilliligi, ýumşakdan ýakymlylygy, galyberse-de, amatly bahalary bilen tapawutlanýar.

Şirin-şeker miweler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylyp, ilatyň ýaşaýyş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda, halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de onuň partiýasynyň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedow hem il-ýurt bähbitli asylly işlere öz goşandyny goşup gelýär. Halmämmet welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasyndan ýer bölüp alyp, miweli baglary ösdürip ýetişdirdi. Häzirki günlerde onuň bagçylyk bölüminde zähmet çekýän bagbanlar agrotehniki talaplara laýyk ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy we ýokumlylygy babatda esasy azyklyk önümleriň hatarynda durýan miweli baglaryň bol hasylyny ýygnap, welaýatyň ak bazarlaryna elýeterli nyrhlarda çykarmakda göreldeli işleri bitirýärler.

Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň gerimiň has-da giňelmegi, täze görnüşleri öz içine almagy, öndürilýän önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplydygy, kärhanalarda zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy örän guwandyryjy netijedir. Etraplarda gurlan ýyladyşhanalar ýylyň ähli paslynda dürli gök-bakja önümleriniň ýetişdirilmeginiň ýola goýulmagy, olaryň oňat hilli ätiýaçlyk goruny saklamak maksadynda sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlaryň döredilmegi, bazarlarymyzyň hemişe azyk önümleri bilen dolup durmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň görkezijileridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalaryndan, bildirýän belent ynamyndan ruhlanýan telekeçiler diňe bir ýa-da iki ugur bilen hem çäklenmän, ulgamyň işini kämilleşdirmek maksadynda süýji-köke önümlerini, çagalaryň isleg bildirýän doňdurmalarynyň köp görnüşlerini öndürmegi ýola goýdular.

«Aýdyň Gijeler» HJ öz önümlerini Täjigistana eksport eder

10 — 12-nji iýul aralygynda «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory H.B.Abdyrahmanow Täjigistan Respublikasyna iş saparynda bolup, Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bezeg sütünleri, köçeleriň yşyklary üçin niýetlenen çyralaryny täjik bazaryna eksport etmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de Täjigistanyň Energetika ministrligi üçin dürli kabelleriň üpjünçiligini ýola goýmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, gepleşiklerde geljekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligine hem garaldy.

TEJRIBE, HIL, ÖSÜŞ

Ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagynda, importyň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýy barha artýar. Esaslandyrylanyndan bäri geçen 16 ýyla barabar döwrüň içinde polietilenden dürli görnüşli turbalary öndürmekde baý tejribe toplap, öňdebaryjy önümçilik kärhanasyna öwrülmegi başaran «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti hem milli senagatyň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biridir. Hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde gurluşyk işlerinde ýerlagym suw geçirijileriniň gurnalmagynda, elektrik geçiriji torlarynyň ýerleşdirilmeginde, oba hojalygynyň suwaryş ulgamlarynda peýdalanylýan tekiz we gasynly polietilen hem-de polipropilen turbalar, şeýle-de gaz we suw geçirmek üçin niýetlenen ýokary basyşly polietilen turbalar öndürilýär. 10 müň inedördül metr meýdany eýeleýän önümçilik toplumynyň kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 250 tonna barabar önüm öndürmäge niýetlenendir.

Dünýä belli gozgalmaýan emläk kompaniýasy — «McDonald’s»

Dünýäniň iň meşhur brendleriniň biri bolan «McDonald’s» barada eşitmedigimiz ýok bolsa gerek. Emma onuň diňe restoranlar zynjyry bolman, eýsem, örän iri gozgalmaýan emläk kompaniýasydygyny, françaýzing işewürliginiň iň esasy nusgasydygyny bilýän az-azdyr. Umuman alnanda, «McDonald’s» brendiniň döreýiş taryhy we ösüş ýoly dünýä derejesinde işewürligiň birnäçe ugurlaryna uly täsir eden öwrümlere baý. Bu gün şol gyzykly taryhy gazetiň okyjylary bilen paýlaşmagy müwessa bildik. Tiz tagam işewürliginiň dörän ýeri

Ýokary hilli we döwrebap

Halk arasynda «Ädigiň dar bolsa, dünýäniň giňliginden ne peýda», «Ýigit aýbyn gyz açar, ädik aýbyn — suw» diýen nakyllar bar. Bu aýtgylar aýakgap tikmegiň halkymyzyň gadymy durmuşy bilen baglanyşyklydygyny aşgär edip, onuň hysyrdyly işdiginden habar berýär. Şonuň netijesinde-de merdana ata-babalarymyz ýokarda agzap geçen nakyllarymyzy bize miras goýupdyrlar. Olaryň haýsy döwürde dörändigine garamazdan, bu sözler özüniň göni ýa-da göçme manysynda häzir hem il içinde giňden peýdalanylýar. Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalary, kämil enjamlary şol hysyrdyly işiň aňsatlyk bilen hötdesinden gelmegi başarýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda hereket edýän birnäçe aýakgap kärhanalary hem tassyklaýar. Önümçilik binasy Mary şäherinde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasy indi ençeme ýyllardan bäri özüniň öndürýän ýokary hilli aýakgaplary bilen alyjylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Elbetde, bu kärhananyň agzybir işgärleriniň tutanýerlilik hem-de yhlaslylyk bilen zähmet çekýändikleriniň netijesidir. «Röwşen» hususy kärhanasy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli iş alyp barýar. Bu ýerde ilkibada erkek adamlaryň aýakgaplary öndürilen bolsa, häzirki wagtda zenanlaryň hem-de çagalaryň dürli görnüşli köwüşleri hem öndürilip, müşderileriň ösen islegleri kanagatlandyrylýar. Şonuň üçin islendik ýaşdaky adamlaryň, şol sanda çagalaryň hem islegli aýakgaplaryny tapmak kynçylyk döre

Ekologiýa abadançylygyny nazarlaýan işewürlik

Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary peýdalanyp, işewürligi we önümçiligi «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyklykda alyp barýan kärhanalaryň sany barha artýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynda çärýek asyr bäri üstünlikli işläp gelýän «Toprak» hojalyk jemgyýeti hem şolaryň biridir. 1999-njy ýylda esaslandyrylyp, ilki söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp baran «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2005-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýurdumyzda ilkinji bolup kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gasynly karton öndürýän kärhanany işe girizýär. Dokma senagaty, azyk harytlarynyň önümçiligi, söwda we hyzmatlar ulgamy ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň talaplary esasynda taýýarlanylýan önümler dürli şekillerdir bezegler bilen bezelýär. Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň innowasion enjamlary ornaşdyrylan kärhanada 120-ä golaý iş orny döredilip, her aýda 600 tonna barabar önüm öndürilýär.

«STT» — ýokary hiliň kepili

Soňky ýyllarda sebitde ýerli çig malyň hasabyna dürli senagat harytlaryny, şeýle-de gurluşyk önümlerini öndürýän hususy önümçilikleriň sanynyň barha artmagy ýurdumyzda haryt bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Şunda önümçilik mümkinçilikleri barha artýan hususy kärhanalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän «STT» haryt nyşanly gurluşyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanasyny görkezmek bolar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, doganlar Sabur we Timur Taşewlere degişli bolan kärhananyň gury gurluşyk harytlaryny öndürýän önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna barabar bolup, bu ýerde şpatlýowka, gurluşyk harytlary, gurluşyk heki we kafel ýelimi ýaly önümler taýýarlanylyp, ýylyň dowamynda önümiň ortaça 10 — 12 müň tonnasy ýurdumyzyň sarp edijilerine, galany bolsa daşary ýurtlara ugradylýar. Häzirki zaman tehnologiýalary arkaly dolandyrylýan zawodda öndürilýän gipsokarton önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 2 million inedördül metr önümi taýýarlamaga niýetlenilendir. Bu ýerde önümiň 4 görnüşi taýýarlanylyp, onuň 500 müň inedördül metri ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlenilýär.

Döwrebap ýaşaýyş jaý hyzmatlary

Ata Watanymyz özüniň gün-günden özgerýän keşbi, ajaýyp görnüşi bilen dünýäniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýany bolan iri göwrümli gurluşyk işleri häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan bu halk bähbitli işleri amala aşyrmakda hususy telekeçileriň hem aýratyn orny bardyr. Türkmen işewürleri tarapyndan esaslandyrylan gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri döwrebap desgalardyr binalaryň we ähli oňaýlyklary bolan durmuş maksatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barmak bilen, gülleýän Watanymyzyň görküne görk, ösüşine ösüş goşýarlar. Ine, şeýle asylly işleri ýerine ýetirýän işewür taraplaryň biri-de «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasydyr. 2021-nji ýylda öz işine başlan «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasy esaslandyryjy Durdyýew Akmyradyň ýolbaşçylygynda smeta, komission, gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek esasynda halkymyza hyzmat edýär. Ilki açylaýan döwründe kärhana, esasan, diňe smeta (islendik işi amala aşyrmak üçin geljekki çykdajylary doly hasaplaýan we meýilnamalaşdyrýan resminamadyr. Bu resminamada taslamany taýýarlamak üçin zerur bolan materiallaryň, enjamlaryň, zähmetiň we beýleki çykdajylaryň jikme-jik maglumatlary bar), komission — satylan we satyn alnan ýeňil we ýük awtoulaglary, tehnikalary hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň, garaz, ýüz tutan her bir ş

«Türkmen ýyldyzy» ösüşli menzillerde

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri netijesinde eziz Diýarymyz günsaýyn bedew batly ösüşlere beslenýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmeklige gönükdirilen döwletli işler hem oňyn netijesini berýär. Özleri üçin döredilen amatly şertlerden, giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, hususy işlerini göwnejaý ýola goýýan telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna we ýurtda haryt bolçulygynyň emele gelmegine getirýär. Soňky ýyllarda Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde ýerleşýän «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti hem ýurdumyzda öňdebaryjy hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu ýerde alnyp barylýan işler hakynda hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Babanazar Rejebow şeýle gürrüň berýär:

Ýol üstünde «Goşa çynar»

Adama peşgeş berlen aýratynlyklaryň biri döretmek ukybydyr. Ine, şol berlen ukybyň, başarnygyň esasynda dünýämiz häzirki ýagdaýyna geldi. Täzelikler, ösüş we özgeriş adamzat jemgyýetiniň ähli döwrüne mahsusdyr. Ösüşe itergi berýän şertler bolsa adamyň has kämil zatlary döretmek meýlinden gelip çykýar. Ömrüniň bar manysyny umumadamzat, halk ähmiýetli işlere baglaýanlaryň bolsa bu babatdaky jogapkärçiligi duýşy başgaça bolýar. Olar haýsy käriň eýesi bolsalar-da, öz ugry boýunça il bähbitli işleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmaýan ynsanlardyr. Şeýle dogumly ynsanlaryň biziň ata Watanymyzda bolçulygy döretmek ugrunda ýerine ýetirýän işlerini görüp, bilip, olara öz ýanyňdan buýsananyňy duýman galýarsyň.  Goşa çynardan gözbaş  alýan önümçilik

MIWELI BAG — RYSGAL-BEREKET ÇEŞMESI

Bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde gök-önümleriňdir miweleriň bolçulygyny göreniňde gözüň guwanýar. Tomsuň ilkinji günlerinden bäri duýulýan bu bolçulyk ýylyň rysgal-bereketli gelip, babadaýhanlaryň yhlasynyň ýerine düşendigini tassyklaýar. Tebigy şertler bilen birlikde, bu bereket-bolçulygyň ýene bir sebäbi bar. Ol hem ýurdumyzyň oba senagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän özgertmeleriň çäklerinde daýhanlara, şol sanda ekerançylyk bilen meşgullanýan hususyýetçilere berilýän uly goldaw bilen baglanyşyklydyr. Birnäçe ýyl mundan ozal, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmäge girişmek bilen, miweli agaçlaryň müňlerçe nahalyny oturdyp, topraga yhlas siňdiren hususyýetçileriň toplaýan tejribesi bu günki gün ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Rysgalyny toprakdan gözläp, ilkinjileriň hatarynda — 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde miweli baglaryň müňlerçe düýbüni oturdan telekeçi Ahmet Jumabaýewiň gazanýan üstünlikleri hem sözümizi doly tassyklaýar.