2024-nji ýyldan Gazagystanda ýene 1,2 müň kilometrlik ýol üçin töleg giriziler
Ýylyň başyndan bäri býudjet tölegli ýollardan 26,5 milliard teňňe aldy. Ulag ministri Marat Karabaýewiň ýurduň ýollaryny saklamagyň her ýyl 60 milliard teňňe möçberdäki serişdäni talap edýändigi hakyndaky sözlerini «inbusiness.kz» okyjylara ýetirdi. «Şu maksatlar sebäpli býudjetdäki ýükleri azaltmak üçin tölegli bölümler tapgyrlaýyn girizilýär. Häzirki wagta çenli 3 müň 200 kilometrlik ýolda töleg ulgamy girizildi. Şeýlelikde, 11 aý üçin gelip gowşan ýygymlar 26 mlrd 500 mln teňňä barabar boldy. Geljek ýyl bolsa goşmaça 1 müň 200 km ýola töleg girizmegi meýilleşdirýäris. Umuman, bejeriş işleriniň tamamlanmagy bilen, 11 müň kilometre barabar bolan ýola kem-kemden tölegli ulgam ornaşdyrylar» — diýip, ministr belledi.