"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Germaniýa harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda Türkmenistana goldaw berýär

Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär. Bu barada GIZ-iň wekiliniň aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi. Sanly gurallary ulanmak bilen söwda kompaniýalary öz harytlary barada deslapky maglumatlary elektron görnüşinde gümrük gullugyna, şeýle hem kagyz resminamalary ulanmazdan başga ýurtlara iberip bilerler. Bu bolsa Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň arasyndaky ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ýeňilleşdirýär, ygtybarlylygyny üpjün edýär we tizleşdirýär.

Hindistandan ugradylan ýük Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana eltiler

Hindistanda öndürilen künjiniň uly möçberi konteýnerlerde Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýollary arkaly Gazagystanyň Almaty şäherine eltiler. Konteýner ýükleri Hindistanyň Mundra deňiz portundan Arap deňzi arkaly Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas deňiz portuna ugradyldy. Bu barada Gazagystanyň demir ýol edarasy habar berýär. Künji ýükli konteýner ýük düzümi Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen, «Gazagystan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guralýar. Bu ugur boýunça konteýner ýükleriniň 20 günden gowrak wagtda barmaly ýerine eltilmegi maksat edinilýär.

Ulag-logistika kompaniýalary üçin işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maksatnama hödürlenýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň we Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalary türkmen ulag-logistika kompaniýalaryny ýörite guraýan okuw we konsalting maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maksatnamanyň çäginde saýlanyp alnan ýerli ulag-logistika kärhanalarynyň wekillerine logistika işinde döreýän meseleleri çözmegiň, işi durnukly alyp barmagyň usullary öwrediler. Şeýle hem ulag-logistika babatda öňdebaryjy bilermenlerden konsalting maslahatlaryny almak mümkinçiligi bardyr.

Dost bi­len abat öýüň...

Öz­bek-türk­men medeni-ede­bi gat­na­şyk­la­ry täze derejä çykýar Soň­ky ýyl­lar­da kök­le­ri­ni, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, öza­ra dü­şü­niş­mek däp­le­ri­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan öz­bek hem türk­men halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bar­ha ro­waç­la­nyp, tä­ze nus­ga­lyk de­re­jä çyk­ýar. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gyn­da döw­let­le­ri­mi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­dent­le­ri Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň hem-de Ser­dar Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry diý­seň ulu­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni di­ňe ge­çen, 2022-nji ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da ge­çi­ri­len dür­li çä­re­lerdir wakalar hem tas­syk­la­ýar. Ola­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry, ýur­du­my­zyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry, Aş­ga­bat şä­he­rin­de açy­lan «Daş­kent» se­ýil­gä­hi, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len Öz­bek we türk­men halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly ýa­ly en­çe­me ta­ry­hy wa­ka­la­ry gör­kez­se bo­lar.

Halkara giňişlikde

habarlar, täzelikler Sebit merkeziniň işine ýokary baha berildi

Türkmenistan bilen Günorta Koreýa gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakçy

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri 15-24-nji ýanwar aralygynda Günorta Koreýanyň Busan şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe çärelere gatnaşdylar. Bu sapar Günorta Koreýanyň çakylygy esasynda, Koreýanyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag instituty (KOMERI) bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar

Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň golçur kärhanasy “KTZ Express” Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşamagy amala aşyrýar. Bu ýük daşamasy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň bir bölegidir. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ)  milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat beýanatynda penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Astrahanadaky logistika merkezini açmak üçin ýene bir möhüm ädim ädildi

Türkmen-rus işewür forumynyň netijesinde Astrahan sebitiniň portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ýeňilleşdirmek üçin birnäçe täsirli çäreler beýan edildi. Onuň çäklerinde Astrahan şäherinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy kabul edildi Aşgabatdaky forumda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ we  «Ýörite ykdysady zolak» paýdarlar jemgyýeti (RF) maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Parlamentara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

Bu günki gün ýurdumyzyň ähli ulgamynda giň möçberli özgertmeler, taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlary ösüş-özgerişlere beslenýär. Baky Bitarap Watanymyz sebitde hem-de dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine uly goşant goşýar. Şu jähetden, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýär. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyzda saparda boldy. Hormatly myhmanyň döwlet Baştutanymyz bilen bolan duşuşygynyň dowamynda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Düşünişmegiň we ynanyşmagyň açary

Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Döwletimiziň abraý-mertebesi halkara jemgyýetçiliginde yzygiderli ýokarlanýar, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän, ählumumy bähbitleri nazarlaýan başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen tagallalarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyjy hem Ýer ýüzünde abadançylygyň we gülläp ösüşiň pugtalandyrylmagyna çagyryş bolmak bilen, dünýä bileleşiginde uly goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylmagy we «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.

Halkara habarlar

Hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär Ýakynda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfelt bilen duşuşdy. Türkmen tarapynyň wekili duşuşykda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda daşary syýasatynda we daşary ykdysady işinde amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi.

Köpugurly hyzmatdaşlykda parlamentiň orny

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu gezekki sapary türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döreder. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeli boljakdygyna we köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türk­men-rus par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy

30-njy ýan­war­da paý­tag­ty­myz­da iki ýur­duň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň Baş­ly­gy W.Wo­lo­di­niň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri, ugur­daş ko­mi­tet­le­riň çäk­le­rin­dä­ki gat­na­şyk­lar, ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ul­ga­myn­da ne­ti­je­li tej­ri­be alyş­mak me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk iş­jeň ös­dü­ril­ýär, şol san­da par­la­ment ug­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, gözýetimini has-da giňeltmegi, ukyp-zehinini ýüze çykarmagy üçin giň şertleri döretmek bolup durýar. Bilim ulgamynda dünýäniň dürli döwletleri, esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda türkmen-rus hyzmatdaşlygy barha täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini açmak başlangyjy hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. Häzirki döwürde bu taslamany durmuşa geçirmek maksadynda ýörite iş topary döredilip, russiýaly hyzmatdaşlar bilen täze bilim ojagynyň hukuk we guramaçylyk binýadyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda rus dilinde okadylýan orta mekdepleriň 71-si hereket edýär. Aşgabatda 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi bilen 2018-nji ýylyň maý aýynda Astrahan oblastynda açylan Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ajaýyp miweleridir. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hem hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar, olaryň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekilip, bu ugurda gatnaşyklar giňeldilýär. Rus

Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.  Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine ynam bildirildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmagyň, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu gezekki sapary türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döreder. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeli boljakdygyna we köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Mekdep mugallymlaryna täze gollanmalar

Düýn BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mekdep mugallymlaryna niýetlenen täze usuly gollanmalary gowşurmak mynasybetli çäre geçirdi. Oňa Hökümetiň, bilim bölümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň wekilleriniň 70-den gowragy, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu gollanmalar başlangyç we orta bilim boýunça okadylýan tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, zähmet ýaly dersleriň 5-sini goşmak arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesini öwretmegiň amaly esaslaryny ýeňilleşdirmäge niýetlenendir. Şunda olaryň öz ugry boýunça Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gollanmalardygyny aýratyn nygtamak gerek. Usuly gollanmalar halkara derejedäki iň gowy tejribeleri özünde jemlemek bilen, mekdep okuwçylarydyr ýetginjekleriň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek babatda bilimdir başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli bilim instituty tarapyndan ÝUNISEF bilen bilelikde taýýarlanan bu gollanmalar howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekde ýurduň Hökümetiniň tagallalaryny goldamak maksadyny öňde goýýar.

“Türkmendeňizderýaýollary” we “Dragon Oil” kompaniýasy özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.