"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL MÖHÜM ÇÄRÄ BAGYŞLANDY

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça Lebap welaýatynda döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada M A G L U M A T

Darganata etrap halk maslahaty

Ösüşlere mynasyp goşant

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan batly depginler bilen ösmeginde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň goşandy barha artýar. Gazanylýan guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, täze tehnologiýalara daýanýan kämil önümçilik desgalaryny gurmaga we öňden hereket edýän kärhanalaryň durkuny düýpli täzelemäge gönükdirilen syýasatynyň netijesinde gazanylýar. Munuň şeýledigine geçen ýylyň netijelerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Tamamlanan ýylda welaýatymyz boýunça hereket edýän nyrhlarda senagat önümleriniň 23 milliard 394,6 million manatlygy öndürildi. Şol önümleriň 7 milliard 487,4 million manatlygy döwlet kärhanalarynda öndürildi. Döwlete degişli iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen şonça önümleriň 5 milliard 856,3 million manatlygy Türkmenabat şäherine degişlidir. Bu möhüm görkezijiniň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 26,3 göterim artandygy welaýat merkezindäki kärhanalarda işleriň ýokary sazlaşykly guralýandygyndan, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylýandygyndan habar berýär.

Täzelikler

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawynyň dikeldilendigi aýratyn bellärliklidir. Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da gaýdar.

«Tebigat çeşmesiniň» Kerki şäherindäki täze dermanhanasy

Düýn Kerki şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Ilat bu şatlykly wakany begençli garşylady. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny maksat edinýän ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Agzybirlik we ruhubelentlik bilen

Düýn welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyrylmagy bilen başlandy. Şeýle hem olara saýlaw toparlarynyň ulgamy barada düşünje berlip, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Saýlaw okruglaryny we uçastoklaryny döretmegiň, olaryň araçäklerini kesgitlemegiň hem-de ilatyň dykgatyna ýetirmegiň tertipleri hem okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hataryndan orun aldy. Bulardan başga-da dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak baradaky degişli saýlaw resminamalary bilen tanyşdyrmak hem-de resminamalary dogry doldurmagyň tertibini düşündirmek boýunça gözükdirmeler berildi. Bellenilişi ýaly, şunda syýasy partiýalaryň, raýatlaryň toparlarynyň mejlisleriniň, ýygnaklarynyň beýany, dalaşgärleriň razylyk arzalary, olary bellige almak barada saýlaw toparlarynyň teswirnamalary möhüm orny eýeleýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar saýlaw býulletenleriniň görnüşleri we ses bermegiň düzgünleri bilen hem tanyşdyryl

Döwletli-döwranly bagtyýar ýaşlar

28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň uly ruhubelentlige beslenip geçirilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly wakalarynyň birine öwrüldi. Ýaşlaryň durmuşynda aýratyn orun alan bu çärä welaýatymyzdan hem wekilleriň birnäçesi gatnaşdy. Gazetimiziň şu sanynda olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Akjagül Şamuhammedowa, welaýat kitaphanasynyň usulçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:

Watan goragçylarymyza belent sarpa

Watan — eždatlarymyzyň bize goýan iň uly mirasy. Bu gün şol mirasy Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary, Oguz kowmundan dörän türkmen gerçekleri uly buýsanç bilen goraýarlar, wepalylyk bilen ata Watanymyza gulluk edýärler. Watan goragçylarymyza hem-de olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi harby gulluga bolan höweslerini artdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy merdana ýurt goragçylarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we harby borja ygrarlylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylyp, harby atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Harby gullukçylarymyzyň höweslendirilmegi Diýarymyzda Watan goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar yhlasly zähmetlerine goýlan uly sarpa üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Watan goragçylaryny buýsandyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz — hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän buýsançly özgertmeleriň netijesinde mähriban halkymyzyň polat galkany bolan milli goşunymyzyň goranyş kuwwaty, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hünär ussatlygy, bilim derejesi kämilleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 31 ýyllyk baýramçylygy hem-de Watan goragçylarynyň güni şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hataryndan Watana ak ýürekden gulluk edip, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny berkitmekde şahsy goşandyny goşandyklary üçin olaryň köp sanlysyna nobatdaky harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň asmana atyjy raketa goşunlarynyň tabynlygyndaky maýor Soltanmyrat Soltanowyň serkerdelik edýän harby bölüminden kapitanlar Sähet Gurbansähedow bilen Baýramgül Allakulyýewa dagy hem baýramçylyk sowgadyndan paýly bolup, Watanymyzyň asudalygyny, döwletimiziň berkararlygynyň has-da pugtalanmagy, ony beýgeltmek ugrunda jan aýaman çeken zähmetleri üçin nobatdaky «maýor» harby adyna mynasyp bolmaklary harby gullukçylary begendirdi we täze üstünlikleri gazan

Mynasyplar sylaglandy

Watan düşünjesini biziň merdana halkymyz owal-ahyr mukaddeslik hökmünde kabul edipdir. Taryha ser salsak, halkymyzyň gahryman ogullary merdanalygyň, ugurtapyjylygyň, synmaz erkliligiň, mertligiň, Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezipdirler. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleri, harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin gurduryp ulanmaga berýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edaradyr okuw binalary, Ýaragly Güýçlerimiziň düzümine häzirki zamanyň iň kämil harby tehnikalaryny we ýaraglaryny alyp bermegi Watan goragçylaryna bolan synmaz ynamyndan we beýik hormatyndan nyşandyr. Ynha, şeýle özgertmeleriň çäklerinde bolsa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda harby gulluk borçlaryny ak ýürekden berjaý edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde, harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmakda, harby borja we harby kasama wepaly Watan goragçysynyň şahsyýetini kemala getirmekde goşýan şahsy goşantlary üçin Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň harby gullukçylarynyň birnäçesine döwlet sylaglarynyň hem-de nobatdaky harby atlarynyň gowşurylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr.

Ýumurtganyň täsinlikleri

Eýsem, her gün ýokumly iýmit hökmünde iýilýän ýumurtga hakynda bulary bilýärismi?! Daşyndan göräýmäge, ýumurtga ellips şekillinde tekiz ýylmanak bolup görünýär, aslynda welin, ýumurtganyň gabygynda 17 müňden gowrak kiçijik deşijekler bar. Sowadyjyda bir hepde saklanan ýumurtga yssyda bir gün saklanan ýumurtgadan has täzedir. Köp saklanan ýumurtga ýeňil bolýar. Çünki, onuň düzümindäki suw, kömür aşgarynyň azalýandygy sebäpli, ýeňleýär. Esasan, ýumurtga, gök önümli işdäaçarlara goşulýar ýa-da ýany bilen äberilýär. Sebäbi, gök önümlerde protein az bolýar. Haçan-da, ýumurtga goşulyp taýýarlanylan işdäaçarlarda bolsa proteiniň we witaminleriň mukdary ep-esli köpelýär.

Beýik ynamyň, uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleri

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalan ýaşlarymyza beýik ynam bildirilýändiginiň, olaryň uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleridiginiň has-da dabaralanýan ýylydyr. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz — ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Biz şol göreldäni özümize nusga edinip, ata Watanymyza, halkymyza wepaly, Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde tagallamyzy, zehinimizi, ukybymyzy gaýgyrmaýarys. Döwletimizde ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar barada edilýän aladanyň örän uludygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, ol ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmat

Bagtyýarlyk — ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen düşünjeli, kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Şeýle aladalar bolsa ýaşlar guramamyzyň işiniň ilerlemegine hem örän uly täsirini ýetirýär. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi biziň — ýaşlaryň kalplaryndaky guwanjy has-da artdyran şanly wakalar boldy. Şeýle buýsançly günlerde geçen ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan işlere nazar aýlanymyzda, olaryň diňe halkyň bähbidine gönükdirilendigine göz ýetirýäris. Bu işlerden ýaşlar guramamyzyň hem çetde galmandygyny bellemek ýakymlydyr.

Ýaşlar alada bilen gurşalýar

Her bir güni rowaçlyklara beslenýän döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ähli ugurlarda işler sazlaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginlerde ösmek bilen, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu hem ýurtda amala aşyrylýan beýik işleriň, işlenip düzülen maksatnamalaryň aýdyň netijesidir. Badalga berlen maksatly tutumlaryň özeninde halkyň abadan, eşretli ýaşaýyş-durmuşy baradaky aladalar durýar. Ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige uly üns berilýär. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň röwşen geljegini ýaş nesillerimizde görýändigini aýdyň görkezýär. Arkadagly Serdarymyz ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýär. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. 

Watanyň röwşen geljegi

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işlerine mynasyp goşant goşmak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde iň bir abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin döredijilikli zähmet çekmek mukaddes borçdur. Berkarar döwletimizde halal işläp, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmäge ähli şertler, mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini dowam etdirmekde, halkymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy munuň aýdyň nyşanydyr. Bu bizde — bagtyýar ýaşlarda uly joşgun, ýokary ruhubelentlik, egsilmez hoşallyk duýgularyny döretdi.

Il bähbitli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzda abadan, asuda ýaşaýyş-durmuş, döredijilikli zähmet gaýnap joşýar. Şeýle ösüş-özgerişlere ýetirýän ajaýyp başlangyçlaryň sakasynda mähriban Prezidentimiziň pähim-parasatly syýasaty durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ähli pudaklarda depginli ösüşleri gazanmak boýunça durmuşa geçirilýän işler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, adamlaryň halal zähmet çekmegi we dynç almagy, rahat durmuşyň hözirini görmegi üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemmeleri guwandyrýar. Irki taryhymyza ser salsak, XI-XII asyrlar ýurdumyzda binagärçiligiň ýokary depginde ösen döwri hasaplanýar. Muňa mysal edip, Daýahatyn kerwensaraýyny, Maşat ata metjidini, Astanababa, Sarahsbaba, Mänebaba mawzoleýlerini görkezmek bolar. Şol binalaryň diwarlary toýun palçygyndan, toýun kerpijinden gurlupdyr. Olar biziň şu döwrümize çenli saklanyp galypdyr.

Işjeňlige eýe boldy

Ak bugdaý etrabynyň merkezindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalarda, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler gatnaşdy. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetimizdäki orny, olaryň zähmeti, durmuşy we dynç almagy, syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagy ugrunda döredilen şertlerdir mümkinçilikler dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi tarapyndan geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işlere giňişleýin seljerme berlip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri

21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde beýleki möhüm meseleler bilen birlikde, halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi. Biz bagtdan paýly-nesibeli adamlar arzuw-maksatlaryň hakykata öwrülýän ýurdunda ýaşaýarys. Mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň şu günki hem geljekki abadan, parahat, bolelin durmuşynyň hatyrasyna alnyp barylýan beýik işler barada gürrüň edeniňde, şu eziz Diýaryň perzendi hökmünde biziň her birimiziň köňlümiz joşa gelýär. Şol ýürek joşguny türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň ajaýyp döwlet we syýasy işgäri hökmünde Watanyna we halkyna hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan, aň akabasyndan gözbaş alýar.

Döwlet gurluşyndaky özgerişler ýaşlary buýsandyrýar

Bilşimiz ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Häzirki döwürde milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşmak asylly ýörelgä öwrüldi. Döwletli maslahatda kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berer. Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň goşandy uludyr. Biz parahat durmuşda, arassa asmanyň astynda ýaşaýarys, hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtly we nurana geljege tarap ynamly gadam urýarys.

Göwünleri galkyndyran maslahat

«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýan, ýagty ertirimize nur saçýan şanly wakalar bilen şöhratlanýar. Bu taryhy günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi biziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy.