"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

«Na­po­li­den» soň «Ro­ma­ny» hem ýa­ryş­dan çy­kar­dy

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­nal­da «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Ata­lan­ta­ny» Dar­mia­nyň (57) ýe­ke-täk go­ly bi­len 1-0 ýeň­di. «Fio­ren­ti­na» hem öz meý­dan­ça­syn­da «To­ri­no­ny» Ýo­wiç (65) we Ko­ne­niň (90) gol­la­ry esa­syn­da 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Se­rie A»-da 20 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Kre­mo­ne­se» to­pa­ry «Na­po­li­den» soň «Ro­ma­ny» hem ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Ro­ma» bi­len du­şu­şan «Kre­mo­ne­se» to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny Si­ri­el Des­sers (28 p) bi­len Ze­ki Çe­lik (49 ö.d.) ge­çir­di. Be­lot­ti­niň 90+4-nji mi­nut­da­ky go­ly rim­li­le­re ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. «Kre­mo­ne­se» to­pa­ry soň­ky 18 ýyl­da ku­bok ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan il­kin­ji to­par bol­dy. 4-5-nji hem-de 25-26-njy ap­rel­de oý­nal­jak ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ryn­da «Kre­mo­ne­se» «Fio­ren­ti­na» bi­len, «In­ter» bol­sa «Ýu­wen­tus» ýa-da «La­sio» bi­len du­şu­şar.

Trans­fe­re 6,5 mil­liard dol­lar sarp edil­di

FI­FA-nyň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, fut­bol klub­la­ry ge­çen 2022-nji ýyl­da oýun­çy trans­fe­ri­ne 6,5 mil­liard dol­lar sarp edip­dir. Bu bol­sa 2021-nji ýy­la ga­ra­nyň­da, 33,5 gö­te­rim köp diý­mek­dir. Fut­bol klub­la­ry 2021-nji ýyl­da trans­fe­re 4,86 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýup­dy. Klub­lar ge­çen ýyl­ky harç­la­nan 6,5 mil­liard dol­la­ryň 3,53 mil­li­ar­dy­ny 18–23 ýa­şyn­da­ky fut­bol­çy­la­ryň trans­fe­ri üçin sarp et­di. Tö­leg edi­lip, trans­fer edi­len fut­bol­çy­la­ryň 70 gö­te­ri­mi 1 mil­li­on dol­lar­dan pes ba­ha trans­fer edil­di. Bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy­lar iň köp trans­fer tö­le­gi tö­le­nen fut­bol­çy­lar bo­lup, klub­lar sam­ba­çy­lar üçin 843,2 mil­li­on dol­lar harç­la­dy. 591,5 mil­li­on dol­lar bi­len fran­si­ýa­ly fut­bol­çy­lar 2-nji orun­da bar­ýar.

Italiýaly türgenler öňe saýlandy

Finl­ýan­di­ýa­nyň Es­poo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýa­ryş­da fran­si­ýa­ly Adam Siao Him Fa al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol ita­li­ýa­ly Mat­teo Riz­zo­dan hem-de şweý­sa­ri­ýa­ly Lu­kas Britş­gi­den öňe saý­lan­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da gru­zi­ýa­ly Anas­ta­si­ýa Gu­ba­no­wa al­tyn, bel­gi­ýa­ly Leo­na Hend­riks kü­müş, şweý­sa­ri­ýa­ly Kim­mi Re­pond bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.

«Mi­la­na» ne döw çal­dy?

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň soň­ky çem­pio­ny «Mi­la­na» tä­ze ýy­la ge­çip şow­lu­lyk ne­sip ede­nok. Ge­çen möw­süm­de ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Mi­lan» 2023-nji ýyl­da­ky 7 du­şu­şy­gy­nyň di­ňe 1-in­de ýe­ňiş ga­zan­dy. Ste­fa­no Pio­li­niň şä­girt­le­ri şol 7 du­şu­şyk­da di­ňe myh­man­çy­lyk­da «Sa­ler­ni­ta­na­dan» 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. On­dan soň öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 öň­de bar­ýan du­şu­şy­gyn­da soň­ky mi­nut­lar­da 2 gol ge­çir­dip, «Ro­ma» bi­len deň­me-deň oý­na­dy. Ku­bok ýa­ry­şyn­da goş­ma­ça wagt­da «To­ri­no­dan» 1–0 as­gyn ge­len «Mi­lan» çem­pio­na­tyň çä­gin­de myh­man­çy­lyk­da «Leç­çe» bi­len du­şuş­dy. Ýer eýe­le­ri­niň 2–0 öňe saý­la­nan du­şu­şy­gyn­da «Mi­lan» ha­sa­by deň­läp, ýeň­liş­den ha­las bol­dy. On­dan soň «Mi­la­nyň» yz­ly-yzy­na uly ha­sap­ly ýeň­liş­le­ri baş­la­dy. Ros­so­ne­ri­ler il­ki Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy du­şu­şy­gyn­da Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da oý­na­lan oýun­da kö­ne bäs­de­şi «In­ter­den» 3–0 as­gyn gel­di. On­dan soň myh­man­çy­lyk­da «La­sio­dan» 4–0 utul­dy. Soň­ky sa­par hem öz meý­dan­ça­syn­da «Sas­suo­lo» bi­len du­şu­şyp, okt­ýabr aýyn­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp bil­män gel­ýän bu to­par­dan 5–2 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Mah­la­sy, «Mi­lan» şol 7 du­şu­şyk­da 18 gol ge­çir­tdi. «Mi­lan» to­pa­ry Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 5 çem­pio­na­tyn­da­ky klub­la­ryň ara­syn­da­k

«Napoli» arany açýar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da sa­na­wyň li­de­ri «Na­po­li» öz meý­dan­ça­syn­da «Ro­ma­dan» 2–1 üs­tün çyk­dy. 17-nji mi­nut­da çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi­si Osim­he­niň go­ly bi­len öňe saý­la­nan «Na­po­li­niň» der­we­ze­sin­den deň­lik go­lu­ny 75-nji mi­nut­da El-Şaa­ra­wi ge­çir­di. Ýö­ne yz­ly-yzy­na hü­jüm gur­nan «Na­po­li» 86-njy mi­nut­da oý­na soň go­şu­lan Si­meo­ne­niň go­ly bi­len ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. «In­te­riň» myh­man­çy­lyk­da «Kre­mo­ne­se­ni» Lau­ta­ra Mar­ti­ne­siň gol­la­ry bi­len 2–1 ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da okt­ýabr aýyn­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp bil­män gel­ýän «Sas­suo­lo­dan» 5–2 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Du­şu­şyk­da Do­mi­ni­ka Be­rar­di 1 gol ge­çi­rip, 3 go­luň pa­sy­ny ber­di. «Ýu­wen­tus» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Mon­za­dan» 2–0 utul­dy. «Mon­za» to­pa­ry 1930-njy ýyl­dan soň «Ýu­wen­tu­sy» il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da ýe­ňen il­kin­ji klub bol­dy. «Mon­za­dan» öň 1930-njy ýyl­da «In­ter» il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da «Ýu­wen­tu­sy» ýe­ňip­di. * * *

Iň gowy düzzümçiler kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa şäheriň ýaş düzzümçileriniň 20-den gowragy gatnaşdy. Has takygy, ýaryş oglanlaryň 7-siniň, gyzlaryň 12-siniň arasynda geçirildi. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşyň has çekeleşikli bolandygyny aýtmak gerek. Olaryň birbada üçüsi 19 utukdan ýygnap, birinji orna dalaşgär boldy. Şeýle-de bolsa, ýaryşyň eminleri özara duşuşyklaryň, ýeňişleriň, ýeňlişleriň netijesini seljerip, Dilnoza Jumaniýazowany ýaryşyň ýeňijisi diýip yglan etdiler. Selbi Maşaripowa bilen Maral Rozyýewa bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.

Harby gullukçylaryň sport bäsleşikleri

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, sport ulgamynyň hukuk binýady üpjün edilýär. Şol Kanundan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde Watan goragçylary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ussat harby türgenler diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Munuň özi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylary hakynda edýän aladalarynyň we olaryň öz başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir. Bu işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmek, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen sport ýaryşlary guraldy. Bu bäsleşikler örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşikler borçnama boýunça harby gullukçylaryň, harby talyplaryň we çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirildi. Harby gullukçylar ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri — gysga we uzak aralyklara ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek şeýle hem agyrlyk daşlary götermek, tanap çekişmek, harby spor

Türkmenistanly futbolçy Gonkongyň kubogyna mynasyp boldy

Häzirki wagtda Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynda üstünlikli çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow wekilçilik edýän toparyndaky ilkinji baýragyny gazandy. Has takygy, ildeşimiz wekilçilik edýän topary bilen bilelikde ýurduň «Senýor Şild» kubogyny gazandy. «Istern» futbol topary bilen geçirilen aýgytlaýjy duşuşyk 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde Ruslan Mingazowyň topardaşlarynyň peýdasyna tamamlandy.

Galkynyşa ganat berýän güýç

Täze taryhy eýýamda türkmen sportunyň ýeňişli ýollary Gözbaşy müňýyllyklara uzap, soňky bir ýarym asyra golaý döwürde jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm hadysasyna öwrülen sport sagdynlygyň hem ruhubelentligiň çeşmesi, parahatçylygyň ilçisi, ýurduň halkara derejedäki abraýynyň artmagyny şertlendirýän serişde, raýatlaryň, hususan-da, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine itergi berýän güýç hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Sportuň ösüşi tutuş jemgyýetiň ösüşine-de öz täsirini ýetirip, adamlaryň döwrebap ýaşaýyş ýörelgelerini emele getirýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän asylly işleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pajarlap ösýän ýurdy, iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän mekany hökmünde dünýäde belent ykrara eýe bolmagyny şertlendirýär.

Sanly ulgam we elektron küşt programmalary

«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde we pudaklara ornaşdyrmakda Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda uly işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde sanly ulgamy sporta giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek dowam etdirilýär. Şol sanda küştçi türgenler we küştsöýüjiler sanly ulgamyň kömegi bilen elektron küşt programmalaryndan peýdalanyp bilerler.

Sungata öwrülen oýun

Futbol — sportuň dünýäde iň meşhur görnüşi bolsa gerek. Elbetde, bu oýny halaman, «22 adam bir topy paýlaşyp bilenok» diýip ýörenler hem az däldir. Ýöne söýgüli toparynyň oýnuna üýtgeşik baýramçylyk ýaly tomaşa edýän, milli toparynyň ýa-da halaýan klubynyň ýeňşine begenip, ýeňlişine gynanýan hakyky janköýerler futboluň hem küşt ýaly özboluşly inçe sungatdygyna düşünýärler. Bu ýerde-de her bir göçümiň seni «şa» etmegem, «mat» etmegem ähtimal.

Çekeleşikli bäsleşik

Şu günler gyzgalaňly dowam edýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çägindäki professor-mugallymlaryň gyzykly bäsleşikleri ýurdumyzyň sport durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan geçirilýän ýaryşlar ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa suw-sport toplumynda geçirilen suwda ýüzmek ýaryşy hem örän dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde bäsleşdiler.

Milli syýahatçylyk zolagynyň sport mümkinçilikleri

Düşündirişli sözlüklerde diýseň giň many-mazmuna eýe bolan milli syýahatçylyk zolagy diýen düşünje bilen sportuň nähili baglanyşygy bolup biler? Bu ýerdäki esasy baglanyşyk dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň diňe bir sport ulgamynyň wekilleri üçin däl, şol bir wagtyň özünde işewürler we syýahatçylar üçin hem giňden açykdygy bilen baglydyr. Galyberse-de, «sport işewürligi» syýahatçylyk bilen bagly beýleki düşünjeler bilen bilelikde sportuň we bedenterbiýäniň ähli ulgamlary öz içine alýandygy bizi Türkmenistandaky milli syýahatçylyk zolak bolan Awazadaky sport desgalaryna syýahata çagyrdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ençeme iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň geçirilendigi bu gün dünýäniň ünsüni Hazar deňziniň türkmen kenaryna çeken bolsa, ýokary derejede guralýan iri ýaryşlar bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Awazada guralan iri sport ýaryşlary ýokary derejede geçirilen sport ýaryşlarynyň her birisi, halkara bilermenleriň oňyn seslenmesine mynasyp boldy.

Möhüm synagyň bosagasynda

Geçen hepdäniň dynç günleri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň binasynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň Kubogy jemlendi. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dzýudoçylaryň ençemesi gatnaşdy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guran ýaryşy diýseň dartgynly duşuşyklary özünde jemledi. Medallar toplumy ugrundaky göreş ýaşlaryň arasynda hem dowam etdi. Erkekleriň ýaryşlary hem, zenanlaryň bäsleşikleri-de agramlaryň ýedisi boýunça geçdi. Ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň, kiçi ýaşly türgenleriň arasyndaky bäsleşikler agram derejeleriň hem artmagyny şertlendirdi. Halkara Dzýudo federasiýasynyň talaplary esasynda geçen Türkmenistanyň Kubogy guramaçylygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlandy.

Döwletli tutumlar

Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde olaryň bilim almaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary, maşgala gymmatlygyna düşünmegi döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty rowaçlyk tapýar. Türkmen ýaşlary özleriniň ukypdyr başarnyklaryny ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarda, sportda gazanýan netijelerinde görkezmek bilen, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar.

Spartakiadanyň gyzykly ýaryşlary

Häzirki günlerde uly şowhun bilen dowam edýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň gyzykly ýaryşlary sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapýar. Ajaýyp sport baýramçylygynyň professor-mugallymlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşy gyzykly duşuşyklaryň ençemesini özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimisiniň toparlaryny özünde jemlän bäsleşigiň jemleýji duşuşyklary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçdi. Finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan üstün çykan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary Spartakiadanyň ýeňijisi boldy. Iň soňky pursatlara çenli ýeňiş üçin ýiti göreş alyp baran Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji orny eýeledi. Spartakiadanyň ýaryşlarynyň aglabasynda öňdäki üçlüge girmegi başaran Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu gezek hem üçünji boldy.

Täsirli duşuşyk

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty höweslendirmek, wagyz etmek we ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta uly ähmiýet berlip, Olimpiýa ýörelgelerine eýerilmegi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen utgaşýar. Şol maksatlar bolsa adam mümkinçiliklerini has doly açmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hut şoňa görä-de, ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.

Giň gerimli özgertmeler

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Bu bolsa biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýurduň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk binýadyny kemala getirmäge, ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Amala aşyrylan beýik işleriň netijesinde bütin dünýäde sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda dürli kärdäki, dürli ýaşdaky bagtyýar raýatlarymyzyň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri we beýleki medeni-sport çärelerini geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi, elbetde, aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy hem-de nusgalyk göreldesi bilen giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bu asylly ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygy guwanylmaga, buýsanylmaga mynasypdyr. Şeýle çäreler hemmeleriň sporta bolan söýgüsini artdyryp, jemgyýetimizde sagdyn durm

Bedenterbiýe we sport

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň guramagynda futzal boýunça 2010-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda mekdebiň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Balkanabat şäherindäki sport mekdepleriniň ýaş türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň «Jebel» topary, 7-nji sport mekdebiniň «Gumdag» topary hem-de 2-nji sport mekdebiniň «Arlan» topary degişlilikde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Perhat NURALYÝEW,

Taryhda şu gün

Şol gün asly italiýaly sürüji Rudolf Karraçiola erk edýän ulagynda awtoulag ýolunyň bir kilometrlik aralygynda tizligini sagatda 432,7 kilometre ýetirmegiň hötdesinden gelýär. Ýeňişleriniň aglabasyny ýagmyrly howada gazanan Karraçioliniň «Mercedes» («Daimler-Benz AG») toparynyň agzasydygyny bellemek gerek. Ol üç gezek (1935, 1937, 1938) Ýewropanyň çempiony bolup, 17 gezek bolsa dünýä rekordyny goýmagy başarýar.