Harby talyplarymyzyň üstünlikleri
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary tutumly işlere höweslendirmek, şol bir wagtda olaryň sagdyn kemala gelmekleri, sport bilen ýakyndan meşgullanmaklary, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ine, şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda, Halkara internet olimpiadalary, ders bäsleşikleri, hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň düzüminde bolan sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlar guralyp, olaryň jemleri jemlenildi. Bu ýaryşlara biziň Serhet institutymyzyň harby talyplary hem gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Bäsleşikleriň netijesinde öňe saýlanan harby talyplarymyz Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary, diplomlar hem-de baýrakly orunlara baglylykda kümüş, bürünç medallar bilen sylaglandylar. Harby talyplarymyzy bu baýrakly orunlary bilen tüýs ýüregimizden gutlap, mundan beýläk hem olaryň zehininiň has-da gül açmagyny arzu