"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Parahatçylyk kepili — hyzmatdaşlygyň ýoly

Dünýä ýüzünde durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmagynda galýar. Häzirki günde Ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde dialoglar arkaly özara düşünişmek, ynanyşmak netijeli gural hökmünde öňe çykdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi tutuş adamzadyň dabaralandyrmak isleýän hoş meýliniň nyşany boldy. Bu günki günde Bitaraplygyň we parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň oňyn netijelerini eziz Watanymyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda görmegiň mümkindigi guwandyryjydyr. Biziň ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň abraýly edaralarynyň we ykdysady institutlarynyň düzümine köp gezek saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň netijeli başlangyçlarynyň, şol sanda dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň geçirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün edýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, goldanmagy munuň aýdyň görkezijileridir.

Bitaraplyk we ýaşlar: döwrebap talap, kämillige ymtylyş, durnukly ösüş

Özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 27 ýyllygyny uludan baýram etdi. Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň agza döwletleriniň 185-siniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Türkmenistan ýyllarboýy parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar. Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän Kararnamanyň, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna dünýä döwletleriniň birnäçesiniň goşulmagy munu

Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň kepili

Neda BERGER, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

Özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklar parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň, köptaraplaýyn, netijeli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 11-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awtordaş bolup çykyş etdi. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Bitaraplyk — bagtly durmuşyň güwäsi

Türkmenistan — bagtyýarlygyň, rahatlygyň, erkinligiň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, ösüşiň ýurdy. Türkmenistan — dünýäniň parahatçylyk, ylalaşyk hem ynanyşmak merkezi. Ýurdumyzyň şeýle durmuşa eýe bolmagynda hemişelik Bitaraplyk syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň giň mümkinçilikleri, bu mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanmagy başarjakdygymyz baradaky sagdyn pikirleri öňe çykardy. Döwrümiziň özgerişleri, ösüşleri bu pikirleriň örän dogrudygyny yzly-yzyna subut edip gelýär.

Parahatçylyk söýüjilik — baş taglymatymyz

Baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 8-ine, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan degişli Karara gol çekildi. Türkmenistanyň bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny berkidýär hem-de halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar. Halkara, sebit we milli derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşmeginiň zerurdygy sebäpli, Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ilat gaznasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşl

Bitaraplyk bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmen Bitaraplygy has-da dabaralanýar, täze öwüşginler we mazmun bilen baýlaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ikinji gezek ykrar edilmegi, şeýle hem bu abraýly halkara guramasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi aýratyn taryhy wakalara öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwlet bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, ynsanperwerlik ulgamlarynda amala aşyrýan beýik işleri dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk. Hemişelik Bitaraplyk. Parahatçylyk. Bu sözleriň aňyrsynda umman ýaly many bar. Hemişelik Bitaraplyga eýe bolan günümiz halkymyzyň ösüşli menzilleriniň täze belentligini kesgitläp, türkmen halkyny öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin örän zerur özgertmeleri durmuşa geçirmegiň badalgasy boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz häzirki wagtda 50-ä golaý halkara guramalaryň hem agzasydyr. Munuň özi oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandy

Rahatlyk guşy — göwnümiň hoşy

Ýer togalagynyň üstünden uçup barýan akja kepderiniň suratyny ilkinji gezek dünýä meşhur suratkeş Pablo Pikasso çekipdir. Onuň şol suratynda öňe sürülýän pikir «Parahatçylyk kepderisi» ady bilen bütin dünýä ýaýylýar. Bu düşünje halkymyzyň arasynda meşhur bolan aýdymyň: «Akja kepderi, oýna erkana,Päk asmanymda ýaýna erkana»

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk: döw­rüň ha­ky­ka­ty

Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da dur­mu­şyň üp­jün edil­me­gi­niň ta­rap­da­ry hök­mün­de çy­kyş edip­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» at­ly ese­rin­de şeý­le se­tir­ler bar: «Pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­mak, asu­da­ly­gyň hem-de bol­çu­ly­gyň hö­zi­ri­ni gör­mek üçin il ag­zy­bir­li­gi ge­rek. Ag­zy­bir­lik adam­kär­çi­li­giň ka­da-ka­nun­la­ry­na ga­ra­ýyş bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­ma­la gel­ýän jem­gy­ýet­çi­lik ýö­rel­ge­si­dir. Pi­kir­le­riň bir­li­gi mak­sat­la­ryň bir­li­gin­den ke­ma­la gel­ýär. Her ki­şi go­wy adam bol­ma­gy, sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp, il ha­ta­ry­na goş­ma­gy ar­zuw ed­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa ju­da ze­rur zat­lar bar, il­kin­ji no­bat­da, Ze­min­de pa­ra­hat ýa­şaý­şyň bol­ma­gy ze­rur». Diý­mek, äh­li za­dyň sa­ka­sy — pa­ra­hat­çy­lyk. Aý­dy­lan­lar­dan ugur al­sak, on­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, döw­rü­mi­ziň be­ýik ha­ky­ka­ty­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip, has-da da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň, öza­ra he­re­ket­le­riň ne­ti­j

Bitaraplyk ýörelgesiniň rowaçlanmasy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy toýlanýan günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamany kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy. Bu şanly wakalar ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy» diýip, belleýşi ýaly, geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň köp sanlysy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna ýedi gezek saýlandy. Halkara we sebit guramalarynyň, döwletara hyzmatdaşlygynyň gurallarynyň ençemesiniň agzasy bolmak bilen, parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegine goşant goşdy. Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, ulag-energetika, saglygy goraýyş we ekologiýa abadançylygy baradaky konwensiýalaryň çäklerinde öňe süren örän ähmiýetli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw

Parahatçylyga çagyryşyň milli nusgasy

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan döwletimiziň milli diplomatiýasy halkara jemgyýetçiliginde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Biziň ýurdumyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi milli edebiýatymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi edebiýatda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyz özbaşdak, erkana, parahat we garaşsyz döwleti döretmek hakyndaky pikirlerini, arzuwlaryny öz şahyrana eserlerinde beýan edip geçipdirler. Biz muny görnükli edebiýatymyza ser salanymyzda aýdyň görýäris.

Bitaraplygyň aýdyň ýoly halkara giňişliginiň ykrarnamasy hökmünde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu günki gün 27 ýyl doldy. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hoşniýetli hyzmatdaşlyk syýasaty – hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň özeni

Dil bilmek — döwletlilik

«Her dil — bir dünýä» diýen pederlerimiz dil öwrenmäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Dil öwrenmegiň dünýä ýurtlary bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty munuň şeýledigini has-da aýdyň görkezýär. Dürli dilleri öwrenmek, dil bilmek ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde, işewürlik ulgamynda, medeni gatnaşyklarda hem barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde dil öwretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Öwredilýän dilleriň hatarynda rus, iňlis, hytaý, ýapon, italýan dilleri ýaly, dünýäde has giň ýaýran diller bar. Daşary ýurt dillerine söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dillerine terjime edilen gymmatly eserleriniň ähmiýeti hem örän uludyr. Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň uludan bellenilen günlerinde hormatly Arkadagymyzyň «Ýaşasyn, parahat durmuş!» atly şygrynyň arap, fransuz, iňlis, rus, hytaý dillerinde şol ýurtlaryň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Munuň özi sungatyň üsti bilen halklary ysnyşdyrmakda dünýä dillerini öwrenmegiň döwrüň talabydygyna ýene bir gezek aýdyň güwä geçýär.

Baky bagtyň baýramy

Halkara Bitaraplyk gününiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllyk baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk dabaralary Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden başlandy.  Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, belende galdyrylan ýaşyl Baýdagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň özygtyýarlylygynyň, mizemez berkararlygynyň, il agzybirliginiň, ýurt abadançylygynyň nyşany

Parahatçylyk şuglasy

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitaraplyk baýramçylygyny uludan belläp geçdi. Hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, Türkmen demokratiýasynyň binýatlyk diregleriniň hakyky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň baky Bitaraplygy bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi, ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir.

Bagtymyzyň gözbaşy

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi we bu ugurda üstüne alan borçlaryna ygrarlydygyny geçen sanlyja ýyllaryň içinde subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, abadançylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşleriň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi hem aýdyň mysaldyr. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata halkara guramalaryň wekilleri, aýdymçylardyr sazandalar, alymlardyr hünärmenler, aýdym-saz sungatyny öwrenijiler geldiler. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu dabara baky Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da beýiklere göterdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyndan rowaçlanyp, beýik ösüşlere eýe bolýan baky Bitarap Diýarymyz häzirki wagtda dün

Binýady dostlukdan tutulan köpri

Ýene ýarym aýdan taryha siňjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň turuwbaşdan uly tutumlara baý bolandygy gürrüňsiz hakykat. Ýöne şanly ýyl, göwnüňe bolmasa, «Taryhy tutumlar bilen geldim, taryhy tutumlar bilen hem taryha siňýärin» diýýäne çalymdaş. Düýn-öňňin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşikler uly taryhyň hut özi. Bu gepleşikleriň diňe bir 2022-nji ýylda däl, tutuş döwrümiziň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigi şübhesiz hakykat. Ertir ― 16-njy dekabrda Türkiýäniň türkmen Garaşsyzlygyny ykrar edenine 31 ýyl dolýar. Türkiýe Respublikasy döredilenine ýaňy birki aý bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäde ilkinji döwlet bolupdy. Türkmenistan bilen deňeçer Garaşsyzlygyny gazanan Azerbaýjan bolsa şondan sähel salym soň biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Watansöýüjiligiň beýik nusgasy

Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary ýakymly wakalary bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sahypalarynda öçmejek yz goýdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi bolsa şol wakalaryň ýakymyny we täsirini has-da artdyrdy. Bu örän ýerine düşen çözgütdir. Çünki eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň üstünlikli daşary syýasaty hormatly Prezidentimiziň ady bilen berk baglanyşykly. Elbetde, Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden bäri dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy nusgalyk derejede alyp barýar. Ýurtbaştutanymyz ýokary döwlet wezipesine girişmezden ozal hem bu işde baý tejribe toplady. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki wekilhanalarynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde jogapkärli wezipelerde işläp, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlara ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiziň ägirt uly diplomatik ukyby dünýä derejesinde ykrar edildi.

Täze mekan — toýly mekan

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hersi 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanylmaga berildi. Toý dabaralary irden ýaýbaňlanyp ugrady. Il-ýurt şatlygyny beýan edýän däp-dessurlar göwünleri göterip, ruhubelentlik paýlady.

Süýji arzuwlar wysalyna gowuşýar

Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dörän şäherçäniň owadan binalarynyň üstüne ýene-de kyrk sany ýaşaýyş jaýy goşuldy. Bu owadan we gelşikli şäherçede ýaşap ýören bagtyýar ilatyň düzümi bolsa öňküsinden 1280 sany maşgala köpeldi. Gündogar sebitiň täze dörän owadan şäherçesi ýene-de toý lybasyna beslendi. Bagtyýarlykdan ýaňa ýüzleri gülüp, ruhlary belende galýan öý eýeleriniň birnäçesiniň durmuşlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan waka bilen baglanyşykly şatlyklaryny paýlaşmazlyk asla mümkin däl. Size-de nesip etsin!