“El hünäri il gezer”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen gelin-gyzlaryny bezeýän ilkinji aýratynlyk olaryň milli edim-gylymlarymyza we ýörelgelerimize wepalylygydyr. Eli çeperlik, işine gaýymlyk we hünärine ussatlyk hem gyz-gelinleri etiki we estetiki tarapdan owadan häsiýetli, gözel görkli görkezýär. Şonuň üçin gyzlaryň çagalykdan çeper güýmenjesi gurjak-goş bolýar. Tikin-çatyn işlerine bolan höwes-duýgulary ösüp başlaýar. Keşde çekmek, gaýma gaýamak türkmen gelin-gyzlarynyň durmuşynyň özenidir. Türkmen zenanlarynyň arasynda keşde çekip, gaýma gaýap bilmeýäni ýokdur. Sebäbi ulalanda eli işli bolar ýaly, şeýle-de bu inçe sungatyň nesilme-nesil dowam etmegini gazanmak maksady bilen, ene-mamalarymyz gyzlaryna kiçiliginden tikin tikmegi, keşde çekmegi öwredipdirler. Sallançakda ýatan gyz bäbejigi hüwdülänlerinde, olaryň zähmetsöýer, eli işli, işeňňir bolmaklaryny arzuw edipdirler. Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülerde, lälelerde we gazallarda bu arzuwlaryny bentlere salyp aýdypdyrlar. Bu ýörelge esasynda ene-mamalarymyz gyz perzendiň eli işli, tikin-çatyndan başy çykýan, haly-palas dokap bilýän ezber bolup ýetişmegi üçin alada edipdirler. Gyzlaryň durmuşa çykyp baran ýerinde öz elinden çykan sepi bilen abraýly bolmagyny isläpdirler. Şol sebäpli-de türkmen zenanlarynyň nepisligi duýup bilşi, çeperçilik bilen bagly zehini hemmeleri haýran galdyrypdyr.