"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan edara-kärhanalarda okuw maslahatlaryna giň gerim berildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda geçirilýän şeýle çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu jemgyýetçilik guramasynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipelere üns çekilip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylda olarda işleri döwrebap guramagyň hem-de wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti dogrusynda durlup geçilýär.

Bolçulygyň binýady

Gyş pasly, göräýmäge, daýhanlaryň arkaýynlaşýan döwri ýaly. Ene toprak uka giden wagty olaryň iş ýüki azalýandyr öýdýärsiň. Hakykatda welin, ekerançylyk bilen iş salyşýan adamlaryň hysyrdysy arly ýyl dowam edýär. Biz muňa etrabymyzyň «Aşgabat» daýhan birleşigine baranymyzda hem, magat göz ýetirdik. Bu hojalyga partiýanyň etrap komitetiniň işgärleri bolup, kärendeçileriň armasyny ýetirmek hem-de güýzlük bugdaýyň ýagdaýy bilen tanyşmak maksady bilen geldik. Daýhan birleşiginiň çägine girenimizden, gök öwsüp duran maýsalara gözümiz düşdi. Ter, doýgun ýaşyl reňkli ekinler ideginiň ýetendiginden, kadaly ösýändiginden habar berýärdi. Biz kärende ýerinde hysyrdanyp ýören daýhanlaryň biriniň ýanyna baryp, onuň bilen tanyşdyk. Kärendeçi Kerim Kadyrowyň adyna 4 gektar ýer berkidilen eken. Şu ýylyň güýzünde onuň atyzyna sepilen tohumlar endigan gögeripdir.

Oba hojalygy: gyş-meýdan işleri

Hereketde bereket bar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşleri we özgerişleri başdan geçirýär. Şol sanda oba hojalyk pudagynda hem döwre mynasyp işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda zähmetkeş daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Bol hasyla ynam bilen

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen welaýatymyzyň gallaçy, pagtaçy daýhanlary gyş meýdan işleriniň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Olar häzirki günlerde bugdaýa ideg etmekde, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda bellenilen çäreleriň talabalaýyk amala aşyrylmagynyň ähmiýetine oňat düşünmek bilen, şu ýyl bereketli bugdaý, pagta hasyllaryny kemala getirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini olaryň gündelik gazanýan netijeleri doly tassyklaýar. Belli bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watan harmanyna bugdaý, pagta hasyllaryny goşmakda uly üstünliklere eýe bolmagy başardylar. Munuň özi olaryň şol ýylda çeken agzybirlikli zähmetleriniň ýerine düşendigini, göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetip, uly abraý gazanandyklaryny görkezýär.

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar

Şu günler Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary täze hasylyň düýbüni tutmak işlerine giň gerim berýärler. Olar 1000 gektar meýdany gowaça çöplerinden doly arassalap, ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Häzirki wagtda hojalykda sürüm, tekizleme, çil çekmek, ders taýýarlamak ýaly möhüm işler utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle jogapkärli işlerde hojalygyň 7 sany traktory işledilýär. Taýýarlyk işleriniň barşynda Sapargeldi Arazow, Baýrammät Kerimow, Kuwwat Gurbangylyjow ýaly mehanizatorlar daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Olaryň tutanýerli hem-de öndürijilikli zähmetiniň netijesinde, daýhan birleşigi boýunça tekizleme geçirmek, çil çekmek işleri ýerine ýetirildi. Meýdan işleri hojalygyň pagtaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçiler toparlarynyň 12-sinde-de guramaçylykly alnyp barylýar. Olarda Myrat Ödäýewiň, Öregylyç Öregylyjowyň, Aşyrmyrat Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän 3, 5, 11-nji kärendeçiler toparlarynyň daýhanlary has-da yhlaslylyk görkezýärler. Hojalykda şu günler alnyp barylýan işleri synlanyňda, täze ýylyň hasylynyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna ynamyň artýar. Şu işlerde gujurly zähmet çekýän kärendeçilerden Mahym Arazmämmedowa, Arzygül Guljagazowa, Azat Saryýew, Nazarmuhammet Töremämmedow dagy kärende ýerlerini ekişe taýýarlamakda öňdäkileriň hatarynda barýarlar. Olar ara ýaplaryň, salmalaryň gazuw-arassalaýyş işlerini

Halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň halkara derejede barha ýokarlanmagy, gazanylýan buýsandyryjy üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler agzybir halkymyz bilen birlikde, oba hojalyk ulgamynyň hünärmenlerini-de guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ylmy-tehniki ugurda soňky gazanylanlara, önümçilik üçin öňde durýan wezipelere esaslanylyp, gerekli ugurlarda hünärmenleri ýetişdirmäge düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Häzirki zaman bilimlerine we innowasiýalara daýanylyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde oba hojalyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Şeýlelikde, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzda öňe sürülýän we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülýär.

Ene toprak — mukaddes hem bereketli

Käte durmuşda adam garaşmadyk zadyna, garaşylmadyk wagtyna duş gelýär diýleni hak aýdylan söz eken. Ynha, ýakynda Weteranlar geňeşiniň agzasy, podpolkownik Allamyrat Ýalkanow bilen gürrüňdeş bolup otyrkak, gullugymyzyň düzüminde zähmet çekýän maýor Eziz Rejepowyň alyp barýan işleri dogrusynda söz açyldy. Ýoldaş podpolkownik Eziz Rejepowyň watanperwer, işjanly, harby gulluga höwesjeň serkerdeleriň biridigini, gullugymyzyň oba hojalygyny ösdürmekde hem özüniň mynasyp goşandyny goşýandygyny gürrüň berdi. Şol günden soň, serhetçi serkerdäniň alyp barýan işleri dogrusynda makala ýazmagy ýüregime düwdüm. Şol gürrüňlerden birki gün geçensoň, bir saý-sebäp bilen maýor Eziz Rejepowyň iş otagyna bardym. Ýoldaş maýoryň şol öňki endigi. Stolunda duran kagyzlary, kitaplary agtaryp iş bilen başagaýdy. Dile çeper ýoldaş maýor barsaň, ondan-mundan gürrüň tapyp, özüniň ösdürip ýetişdirýän güllerinden başlap, tä dürli miweli agaçlarynyň sapylyşyna çenli gürrüň berýär. Öz hünärini ýürekden söýýän serkerdäniň esasy pişeleriniň biri hem kitap okamak. Iş stolunda elmydama kitaplar hatara durandyr. Kitap okamagy gowy göremsoň, aram-aram ýoldaş maýordan täze neşir edilen kitaplary okamaga alýaryn. Ynha, bu gezegem serkerdäniň iş stolunda ýene-de täze kitaplar bardy. Bu kitaplary synlap durşumy gören ýoldaş maýor: «Okumyş adam synçy bolýar, gözleriň diňe kitaplarda egleniberýär» diýip, degişgen

Owlak-guzy buýjak bolsa...

Tejribeli çopanlaryň biri bilen şeýle bir waka bolup geçipdir. Çopanyň gyşlamak üçin gelen ýerindäki guýy gyşyň ortasynda birden suwuny çekmäge başlapdyr. Onsoň 50 kilometrlikdäki goňşy guýa tarap sürini süýşürmeli bolupdyr. Süri gumuň içi bilen süýşüp ugrapdyram welin, içiňi ýakaýyn diýen ýaly gyşam gazabyna tutup başlapdyr. Onuňam üstesine höwürden ir gaçan goýun-geçilerem ýolda guzlap başlapdyr. Ýol aşyp barýan süri üçin ýyly kaşar, körpeç barmy saňa. Owuz süýdüni emip ýetişmedik owlak-guzular doňup başlapdyr.

Bol suwly kärizler

Bäherden etraby diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem ýurdumyz boýunça hem kärizlere baý etraplaryň biridir. Etrabyň diňe Durun obasynyň ilersindäki kärizleriň sany 13-e ýetýär. Käriz suwy içimlik üçin-de, mal ýakmak, galyberse-de, ekinleri suwarmak üçin-de diýseň ýaramly. Häzir etrapda gadymy kärizleri abatlap, ulanyşa girizmekde, ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy suw desgalaryna ikinji ömür bermekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda etrabyň «Bäherdenagyzsuw» müdirliginde ýörite kärizler bölümi hereket edýär. Bölümiň işgärleriniň tagallasy bilen arassalanyp, abatlanyp, ikinji ömür berlen kärizlerden Çopan, Döw, Hüntüş, Garaja, Garasuw, Janabat, Han, Köne Börme, Bamy ata ýaly kärizler bol suwuny eçilip, ekerançylyk meýdanlarynyň teşneligini gandyrýar. — Bir kilogram däne ýa-da gök önümlerini ýetişdirmek üçin ençeme ýüz litr suwuň gerekdigini ene topraga alyn derini siňdirip ýören zähmetsöýer daýhanlarymyz has-da oňat düşünýärler. Hakykatdan hem, suwuň her bir damjasy altyn, zer. Şonuň üçin-de ekerançylyk meýdanlaryny suwarmakda kärizleriň ähmiýeti uludyr. Etrabymyzda ulanyşdan galan kärizleri abatlap, olara ikinji ömür bermekde bu işde baý terjribe toplan ussatlar bar. Biz her bir işde hormatly Prezidentimiziň halkymyzda her bir damjasy altyna deňelýän suwdan ýerlikli peýdanlanmak baradaky görkezmelerinden ugur alýarys. Nesip bolsa, ynamly gadam goýan Arkadag

Alymyň ömür meýdany

(Oçerk) «Ýagşyny görmek — jennet» diýýän türkmen hemişe ýagşa sataşmagyň, ýagşyny ýüze sylmagyň, ýagşylardan ak pata almagyň arzuwynda. Ýolöten etrabyndan 82 ýaşly alym, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, Hormatly il ýaşulusy Rejepmyrat Berdimyradow hem ýaşy boýunça-da, sagat we işjeň gojalygy, bitiren işleri, hormat-sylagy boýunça-da guwanyp, arzuwlap, ýüze sylaýmaly adam. Öz zähmet ýolunyň 60-njy ýylyna gadam basan Rejepmyrat aga şol ýoluň 59 ýylyny häzirki iş ýeri — Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolötendäki bölümi bilen baglady.

Döwrebap ýyladyşhananyň islegli önümi

Ösüşlere, özgerişlere beslenýän döwrümizde ilaty ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün etmek maksadyndan ugur alyp zähmet çekýän welaýatymyzyň telekeçileri şu günler oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny gazanmakda möhüm işleri alyp barýarlar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, 4 gektara barabar meýdany bolan ýyladyşhanada hem bolgar burçuny ösdürip ýetişdirmek guramaçylykly ýola goýuldy. Otuza golaý işgäri bolan döwrebap ýyladyşhanada ýetişdirilýän bolgar burçlary mineral dökünler goşulyp baýlaşdyrylan suw bilen suwarylýar. Häzir ýyladyşhanada ekologiýa taýdan arassa bolgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Möwsümiň başyndan  bäri bu ýerden sarp edijilere ugradylan bolgar burçunyň möçberi 30 tonnadan geçipdir. Ýyladyşhananyň tejribeli işgärleri şu ýylyň tomsuna çenli dowam etjek hasyl ýygymy möwsüminde bolgar burçunyň ýene-de azyndan 150 tonna golaýyny ýygnamagy maksat edinýärler. — Halkymyzy dürli gök önümler bilen ýylyň ähli paslynda ýeterlik üpjün etmeklige mynasyp goşant goşmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Türkiýede, Ispaniýada, Germaniýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanamyzda ähli işler döwrebap tehnologiýalara daýanylyp alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, ýetişdirýän önümlerimize içerki we daşarky b

Ýaşyl sümmülli meýdanlarda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek baradaky tagallalarynyň netijesinde oba hojalyk pudagynda-da möhüm işler amala aşyrylýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, tohum, dökün, suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegi, kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy, şeýle-de beýleki ýeňillikler babadaýhanlara belent sepgitlere ýetmäge uly badalga berýär. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl almakda tapawutlanýan daýhan birleşikleriniň sany barha artýar. Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigi hem welaýatymyzda öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň hatarynda tanalýar.

Habarlar

TEHNIKALAR ABATLANYLÝAR Häzirki wagtda ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak bilen bir hatarda, ekişde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Köneürgenç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçileri bu babatda alnyp barylýan işleri her gün ýokary netijeler bilen jemleýär. Şu ýyl ekiş möwsüminde çizelleriň 20, azallaryň 56, ýer tekizleýjileriň 32, malalaryň 62, boronalaryň 752, ekijileriň 60, dökün sepijileriň 24 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem onda tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly traktorlarynyň 70-den gowragy işlediler. Şu günler bu gurallaryň, tehnikalaryň ählisine kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur tehniki hyzmatlar edilýär. Tejribeli ussalardan Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Bäşbaý Janmedow dagyny görkezmek bolar. Olaryň birleşen tagallalary bilen her bir gural, her bir tehnika ýokary hil derejesinde abatlanýar. Munuň özi möwsüme ähli tehnikalaryň, gurallaryň işjeň gatnaşdyrylmagy bilen ekişi bellenen möhletde geçirmeklige mümkinçilik berer.

Burç ýygýan robot görkezildi

Ýaponiýanyň «Agrist» kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan ýakynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen «CЕS 2023» halkara sergisinde görkezilen burç ýygyjy robot hemmeleriň ünsüni özüne çeken tehnologik oýlap tapyşlaryň biri boldy. Bu iş üçin ýapon kompaniýasyna serginiň guramaçylary tarapyndan «Best of Innovation» baýragy berildi. «L» diýlip atlandyrylýan robot zynjyrdan asylyp durmak arkaly hereket edýär. Bu bolsa onuň ýerde päsgelçiliklere duş gelmeginiň öňüni alýar. «EastFruit» neşiriniň berýän maglumatyna görä, robot hasyla duran burçy ölçemek, kesmek üçin kameralaryň we «akylly» gurluşlaryň birnäçesinden peýdalanýar. Ol ilki burçy esasy baldakdan aýryp, soňra artykmaç baldaklaryny hem kesip taşlaýar.

Kerkili pagta arassalaýjylaryň işleri ileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan galkynýan ýurdumyz­ — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asyrlara barabar ösüşler bilen günsaýyn öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumynda hem uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýokary ösüşler gazanylýar. Bu ösüşleriň anyk mysalyny Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň pagta arassalaýjy zawodynyň mysalynda hem görmek bolýar. Kärhananyň işgärleri tarapyndan geçen ýylyň täze pagta hasylynyň jemi 10 müň 560 tonnasy gaýtadan işlenildi. Bu bolsa kärhana tarapyndan ýyllyk meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini aňladýar. Şonça mukdardaky çig malyň gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde 2 müň 847 ýokary hilli pagta süýümi alyndy. Geçen ýyl kärhana tarapyndan 14 müň 428 tonna «ak altynyň» kabul edilendigini göz öňünde tutsak, zawodyň hünärmenleriniň öňünde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilendigini göreris. Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary kärhananyň işgärleriniň begenjini artdyrýar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, ata Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar.

Watanymyzyň rowaçlygy – halkymyzyň abadançylygy

16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew dagy hasabatlar bilen çykyş etdiler. Häkimler öz hasabatlarynda welaýatlaryň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada aýdyp geçdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Balary maşgalasynyň bal ýygymyna taýýarlanylyşy

Güneşli ülkämiz ösümlikler dünýäsine baý bolup, olaryň arasynda bal we gül tozanyny berýän ösümlikler örän köp. Ýöne olar dürli wagtda gülleýär, bir ösümlik gülläp başlasa, beýlekisi eýýäm gülüni dökýär. Ösümlikleriň gülleýşine görä, hereket etmek arylardan bol önüm almagyň esasy şertleriniň biridir. Balarylaryň ýaşaýşy onuň töweregindäki zyýan berijilere (daraklyk, eşek ary, ary möjegi, syçan, mum güýesi, garynja, möý, içýän we başgalar) hem baglydyr. Ösümlik we howa şertleri balary bilen tebigatyň özara gatnaşygyny – balaryçylaryň möwsümleýin etmeli işlerini düzýär. Balarylaryny idetmekde balçylaryň geçirýän işleri ýyl boýunça dört: balarylarynyň janlanýan, ösýän, işjeň hereket edýän hem-de dynç alýan döwürlerine bölünýär.

Köpýyllyk şaly

Edil beýleki däneli ekinler ýaly, şaly ekininiň hem birýyllyk ösümlikdigi hemmä mälimdir. Ýöne geçen ýyl hytaýly alymlaryň irginsiz idegi hem-de suwy köp talap edýän bu ekiniň köpýyllyk sortuny döretmek babatda geçiren yzygiderli ylmy-barlag işleri özüniň oňyn netijesini berdi. Ilki oba hojalykçy alymlar şaly hasyly ýygnalandan soň, ekiniň ýerde galan köküni gaýtadan oturtmak, gerbisidleri ulanmak, şeýle hem gen inženerçilik usuly bilen ony köpýyllyk ekine öwürmäge synanyşdylar. Emma bu synanyşyk başa barmansoň, alymlar birýyllyk şalynyň görnüşi bilen ugurdaş bolan Afrikanyň köpýyllyk ösümligini çaknyşdyryp, täze bir sorty döretmek arkaly garaşan netijelerini aldylar. Bu täze sorty «Şaly–23» diýip atlandyrdylar. Çünki alymlar ony 2023-nji ýylda synag meýdançalarynda köpçülikleýin ekmegi maksat edinýärler.

Döwlet goldawy ruhlandyrýar

Ýaşyl öwüsýän meýdan hemişe-de göze ýakymly görünýär. Häzirki gyş günlerinde gözellige teşne göwün ýeriň ýaşyl donuna meňzäp duran maýsalaryň endigan gögerişine maýyl bolýar. Daýhanlaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde agrotehniki çäreleriň kadaly geçirilen we bugdaý tohumy sepilen meýdanlarda doly gögeriş alyndy. Atyzy gök öwsüp duran Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň 10-njy kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Töre Ýagmyrow hem şolaryň hatarynda. Garaşygy ýeten maýsalar daýhanyň üstümizdäki ýylyň hasylynyň düýbüni berk tutandygyndan habar berýär. Töre Ýagmyrowyň adyna üç gektar ýer berkidilen. Ol indi birnäçe ýyldan bäri atyzynda ekin çalşygynyň kadalaryna laýyklykda bugdaý we gowaça ekip, olardan bol hasyl alyp gelýär. Kärendeçi 2021-nji ýylyň güýzünde hem kärende ýerine bugdaý ekdi. Daýhan birleşigi bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda ekin ýeriniň her gektarynda 31 sentner, ýagny 9 tonna 300 kilogram hasyl tabşyrmalydy. Geçen ýylyň tomsunda bolsa onuň tereziden geçiren bugdaýy 17 tonna 275 kilograma barabar boldy. Netijede ol her gektaryň hasyllylygyny 57,6 sentnere ýetirmegi başardy. Daýhan üstümizdäki ýylda hem kärende ýerinden şonçarak bugdaýa garaşýandygyny aýdýar.

Eksportyň möçberi ýene-de artýar

Welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşlerine dokma senagaty uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda dokma önümleriniň öndürilişi ep-esli artdy. Nah ýüplügiň içerki bazarda ýerleşdirilýän möçberiniň artmagy kärhanalaryň çig mal üpjünçiliginiň has gowulanandygyna şaýatlyk edýär. 2022-nji ýylda önümleriň öndürilişi boýunça görkezijiler öňküsinden has ýokary boldy. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyzyň pugtalanmagyna hem oňyn täsirini ýetirdi. 2021-nji ýylyň bütin dowamynda welaýatymyzdaky dokma fabriklerinde 12 müň 491 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürilipdi. Geçen ýylda bu görkeziji has ýokarlandy. Welaýatymyzyň çägindäki dokma fabriklerinde 2022-nji ýylyň baryp ýedi aýynda eýýäm bu sepgitden geçildi. Ýylyň soňuna çenli bu görkeziji tas iki esse diýen ýaly ýokarlandy.