"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Döwür öňe gitmegi talap edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly turuwbaşdan taryhy wakalara beslenýär. 21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň ählitaraplaýyn, şol sanda kanun çykaryjylyk ulgamynyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan taryhy çözgütler kabul edildi. Mejlisde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilip, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwrüň üýtgäp durýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, bu taryhy çözgüt, öz nobatynda, milli kanun çykaryjylyk işinde täze, has işjeň tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Tutuşlygyna alnanda, munuň özi kanun çykaryjylyk ulgamynyň täze hil-häsiýete eýe bolýandygyny, oňa gelj

Halkyň ynamy

Dana pederlerimiz «ýurt» sözüni «öý» sözi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Öý eýesi «ýurt eýesi» hasaplanypdyr. Türkmençilikde öýi körpe ogla goýmak däbi bolupdyr. Bu röwşen geljegi nazarlaýan peder garaýyşlary ýaş nesle bildirilýän ägirt uly ynamdan nyşandyr. Ähli zat ynamdan gözbaş alýar. Ynam bar ýerinde ösüş bar. Garaşsyzlyk döwründe kemala gelen ylymly, maksadaokgunly nesle ýurduň, halkyň ynamy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň adyndan hem görünýär. Är gaýrata galsa, ýüküň agramy duýulmaz. «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz». Ýaşlaryň gaýrata galyp, ner kuwwaty bilen il keşigini egne almaly döwri geldi. Döwür, eýýam täze bir nesle il ykbalyny ynanýar. Ynamy ödemek borçdur. Uly jogapkärçilik paýy gerdenine düşen nesiller bagtly bolmaga hakly, ynama ygrarly bolmaga borçludyrlar. Bu bagt, bu jogapkärçilik nesilleri atalaryň altyn ýoly bilen öňe ilerledýär. Il bähbidini öz bähbidiňden ileri tutmak halkyň ogly bolmaga ýardam edýär. Halkyň ogly bolup, oňa hyzmat etmek ynsanlyk parzymyzdyr. Bu aýdylanlara Milli Liderimiziň: «Halka gulluk etmek Haka gulluk etmekdir» diýen sözleri aýdyň mysaldyr.

Okuw maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. 16-njy ýanwarda başlan saýlaw möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw okruglarynyň araçäkleri kesgitlenip, olar ilatyň dykgatyna ýetirilýär. Deputatlaryň saýlawlary boýunça döredilen 125 saýlaw okrugynyň 26-sy gündogar sebitde hereket edýär. Bulardan başga-da, welaýatda halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 40, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 180, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1397 saýlaw okrugy döredildi. Şeýle hem saýlaw uçastoklarynyň 567-si hereket edýär.

Çempionatda 251 oýundan bäri çykyş edip gelýärdi

Fut­bol oý­nun­da­ky iň esa­sy zat­la­ryň bi­ri ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­de, go­wy gör­ke­zi­ji­ler­de yzy­gi­der­li­li­gi sak­la­mak bo­lup, bu ju­da kyn iş. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, kä­bir fut­bol­çy­la­ra go­wy gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça yzy­gi­der­li­li­gi sak­la­mak kyn hem bol­sa ba­şard­ýar. Şo­la­ryň bi­ri-de «La Li­ga­nyň» we­ki­li, Bil­bao şä­he­ri­niň «At­le­tik» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly fut­bol­çy­sy Inia­ki Wil­liams bo­lup, ol 7 ýy­la go­laý wagt­dan bä­ri çem­pio­nat­da bir du­şu­şyk hem goý­ber­män oý­nap gel­ýär­di. Wil­liams şol dö­wür­de ne je­ri­me, ne-de şi­kes al­dy. Ýa­zyl­ma­dyk ka­nu­na gö­rä, di­ňe bask­ly­la­ryň çy­kyş ed­ýän bu klu­bun­da Inia­ki Wil­liams 2014-nji ýyl­dan bä­ri oý­na­ýar. Ol 2014/15 möw­sü­min­de 19, 2015/16 möw­sü­min­de-de 25 oýun­da meý­dan­ça çyk­dy. Şol 25 du­şu­şy­gyň soň­ky 5-si­ni yzy­gi­der­li oý­nap, on­dan öň­ki 20 oýun­da kä­bir du­şu­şyk­la­ry goý­be­rip­di. Şol möw­süm­de ol 33-nji tap­gyr­da, ýag­ny 2016-njy ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de «Ma­la­ga­nyň» gar­şy­sy­na ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da oý­na­man­dy. As­ly ga­na­ly bo­lan Inia­ki Wil­liams şol gün­den soň klu­bu­nyň «La Li­ga­da­ky» äh­li du­şu­şy­gyn­da meý­dan­ça çyk­dy. Bu ýag­daý tä şu möw­sü­miň 19-njy tap­gy­ryn­da­ky «Sel­ta Wi­go» du­şu­şy­gy­na çen­li do­wam et­di. Ýag­ny Wil­li­am­syň bu tä­sin re­kor­dy 6 ýyl 9 aý 22 gün diý­len­de ta­mam­lan­dy. Bu du

«Çel­si» çempionatyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di

Ang­li­ýa­nyň «Çel­si» to­pa­ry trans­fer­den doý­ma­ýan­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la su­but et­di. Gyş­ky trans­fer möw­sü­mi­niň iň soň­ky mi­nut­la­ryn­da lon­don­ly­lar «Ben­fi­ka­nyň» ar­gen­ti­na­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy En­zo Fer­nan­de­si 121 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. «Çel­si­niň» por­tu­gal klu­bu­na tö­län bu pul muk­da­ry «Pre­mi­er Li­ga­nyň» ta­ry­hyn­da­ky iň gym­mat trans­fer hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «Çel­si» klu­by Ar­gen­ti­na­nyň Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gyn­da uly rol oý­nan 22 ýaş­ly oýun­çy bi­len 2031-nji ýy­lyň tom­su­na çen­li, ýag­ny uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­laş­dy. «Ben­fi­ka» to­pa­ry ge­çen to­mus­da 10+8 mil­li­on ýew­ro trans­fer eden En­zo Fer­nan­de­siň trans­fe­rin­den ga­za­nan 121 mil­li­on ýew­ro­sy­nyň 34 mil­li­on ýew­ro­sy­ny oýun­çy­nyň ozal­ky klu­by «Ri­wer Pleý­te» be­rer. En­zo Fer­nan­des «Ben­fi­ka­da» umu­my­lyk­da 24 oýun­da 4 gol ge­çir­di. «Çel­si» to­pa­ry gyş­ky trans­fer möw­sü­min­de 9 fut­bol­çy­ny dü­zü­mi­ne goş­dy. Lon­don­ly­lar şol 9 fut­bol­çy üçin 323,5 mil­li­on ýew­ro tö­le­di. Bu bol­sa Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy beý­le­ki 4 çem­pio­na­ty­nyň (La Li­ga, Se­rie A, Bun­des­li­ga hem-de Li­gue 1) klub­la­ry­nyň trans­fe­re goý­be­ren pul muk­dar­la­ryn­da­nam köp diý­mek­dir (256 mil­li­on ýew­ro).

Germaniýa soňky çempiondan üstün çykdy

Ot hok­ke­ýi bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­len 15-nji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňi­ji bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da soň­ky çem­pio­n Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şy­gyň esa­sy wag­ty 3:3 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 2:0 öňe saý­la­nan Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy üs­tün­li­gi­ni go­rap bil­me­di (Wel­len 29, Pel­li­at 41, M. Gram­buş 48 – Wan Au­bel 10, Ko­syns 11, Bo­on 59). Ne­ti­je­de, oýun­dan soň­ky pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 5:4 öňe saý­la­nan Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2002-nji we 2006-njy ýyl­lar­dan soň Dün­ýä Ku­bo­gy­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy. 3-nji ýer üçin ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­sy Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 3:1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 3-nji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.

Daniýanyň bassyr 3-nji çempionlygy

Gand­bol bo­ýun­ça Pol­şa bi­len Şwe­si­ýa­da ge­çi­ri­len er­kek­le­riň ara­syn­da­ky 28-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. 20 gün­läp do­wam eden çem­pio­nat­da Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bas­syr 3-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Stok­golm­da oý­na­lan fi­nal­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 34:29 ha­sap bi­len üs­tün çyk­dy. 1-nji ýa­ry­my 16:15 Da­ni­ýa­nyň üs­tün­li­gi bi­len ta­mam­la­nan du­şu­şyk­da Ras­mus Lau­ge 10 gol ge­çi­rip, to­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­dy. Ne­ti­je­de, Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy yz­ly-yzy­na 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ýy­gyn­dy bol­dy. Bü­rünç me­dal ug­run­da­ky du­şu­şyk­da Is­pa­ni­ýa ýer eýe­si Şwe­si­ýa­ny 39:36 ha­sa­byn­da ýe­ňip, bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 3-nji ge­zek 3-nji ýe­ri eýe­le­di.

Antarktikanyň çür depesine çykdy

Ult­ra ma­ra­fon yl­gaý­jy­sy bo­lan bra­zi­li­ýa­ly ze­nan tür­gen Fer­nan­da Ma­si­el tä­ze re­kord goý­dy. Ol An­tark­ti­ka­nyň iň be­ýik da­gy bo­lan 4 müň 892 metr­lik Win­son da­gy­na 6 sa­gat 40 mi­nut­da çy­kyp, bu ba­bat­da tä­ze re­kor­dyň eýe­si bol­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň 42 ýa­şyn­da­ky tür­ge­ni dag­dan dyr­ma­şyp baş­la­nyn­dan 9 sa­gat 41 mi­nut soň aşak düş­di. Ol: — Çür de­pe­de -45 de­re­je so­wuk ho­wa­da dur­mak ju­da kyn. Bu me­niň üçin tä­sin hem-de agyr tej­ri­be bol­dy — di­ýip, be­ýa­nat ber­di. Win­son da­gy her yk­ly­myň iň be­ýik no­ka­dy­ny özün­de jem­le­ýän «Ýe­di de­pe» ka­te­go­ri­ýa­sy­nyň bir da­gy ha­sap­lan­ýar. Ma­si­el Win­son da­gyn­dan öň 2016-njy ýyl­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň be­ýik no­ka­dy, Ar­gen­ti­na­da­ky Akon­ka­gua da­gy­na (6 müň 962 metr), 2017-nji ýyl­da-da Af­ri­ka­nyň iň be­ýik da­gy Ki­li­man­ja­ro da­gy­na (5 müň 895 metr) çy­kyp­dy. 

Jokowiçiň 22-nji «Uly tuwulgasy»

Ýy­lyň il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» ten­nis ýa­ry­şy bo­lan «Awst­ra­li­ýa Açyk» bäs­le­şi­gi ta­mam­lan­dy. 111-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýe­ňi­ji­le­riň her­si­ne aý­ra­tyn­lyk­da 2,08 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baýragy be­ril­di. 35 ýa­şyn­da­ky No­wak Jo­ko­wiç fi­nal­da gre­si­ýa­ly Ste­fa­nos Si­si­pas bi­len du­şuş­dy. 2 sa­gat 56 mi­nut­lap do­wam eden du­şu­şy­gyň 1-nji se­tin­de Jo­ko­wiç 6:3 öňe saý­lan­dy. 2–3-nji set­le­riň ýe­ňi­ji­si­ni taý-brek kes­git­läp, Jo­ko­wiç 7:6 ha­sap­lar bi­len gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Umu­my­lyk­da 3:0 öňe saý­la­nan No­wak Jo­ko­wiç «Awst­ra­li­ýa Açyk­da­ky» 10-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol mun­dan öň 2008-nji, 2011-nji, 2012-nji, 2013-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2019-njy, 2020-nji, 2021-nji, 2023-nji ýyl­lar­da «Awst­ra­li­ýa Açy­gyň» çem­pio­ny bo­lup­dy. Jo­ko­wiç ge­çen ýyl pan­de­mi­ýa düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­män­di­gi­ üçin «Awst­ra­li­ýa Açyk» ýa­ry­şy­na gat­naş­dy­ryl­man­dy. 22-nji «Uly tu­wul­ga­sy­ny» ga­za­nan Jo­ko­wiç bu ugur­da is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­da­lyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Jo­ko­wiç «Awst­ra­li­ýa Açyk­da» 10, «Ro­lan Gar­ros­da» 2, «Wimb­le­don­da» 7, «Ame­ri­ka Açyk­da» 3 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Bu du­şu­şyk onuň «Uly t

Bas­daş gelinler

Ýa­raw­syz­lyk ta­pyp has­sa­ha­na dü­şen iş­deş ýol­da­şy­myň ha­lyn­dan ha­bar ala­ýyn di­ýip has­sa­ha­na­ gi­re­nim­de otur­gyç­da otu­ran gar­ry aýa­la gö­züm düş­di. Si­ňe se­ret­sem bir wagt­lar bi­ziň bi­len goň­şy otu­ran Ogul­la eje eken. Men onuň ýa­ny­na ba­ryp sa­lam ber­dim: – Es­sa­law­ma­leý­kim, Ogul­la eje!

Sözi manysy bilen öwreneliň!

Wa­tan­çy­lyk te­ma­syn­da dö­re­di­len bu na­kyl­da il-gü­nüň, ene top­ra­gyň, ata Wa­ta­nyň mu­kad­des­li­gi ba­ra­da söz açyl­ýar. Bu na­kyl­da Wa­ta­nyň ga­dyr-gym­ma­ty tüs­se bi­len oduň de­ňeş­di­ril­me­gi esa­syn­da açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Ýat il­le­riň odu­nyň ýy­ly­ly­gyn­dan öz ili­ň tüs­se­si­niň nä­de­re­je­de eziz­di­gi, ada­ma ra­hat­lyk ber­ýän­di­gi be­ýan edil­ýär. Wa­tan – ada­myň gö­bek ga­ny­nyň da­man ýe­ri, önüp-ösen me­ka­ny. Wa­ta­nyň bir gy­sym top­ra­gy, her bir te­bi­gy nyg­ma­ty yn­sa­nyň ba­şy­nyň tä­ji­ne, gö­zü­niň görejine deň­dir. Na­ky­lyň ma­ny­sy­ny jem­lä­ni­miz­de, ata-ba­ba­la­ry­myz Wa­ta­ny terk et­mez­li­gi, adam üçin iň eziz ýe­riň Wa­tan­dy­gy­ny öwüt-ün­dew edip­dir­ler. Mu­ňa ugur­daş ma­ny­da «Bil­bil çe­me­ni sö­ýer, adam – Wa­ta­ny», «Mü­sür­de şa bo­lan­dan, öz iliň­de ge­da bol» ýaly na­kyl­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar.

Gül­kä ýug­ru­lan kys­sa­lar

Gül­kä-he­ne­ge ýug­ru­lan eser­ler türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­ma­gyn­da gal­ýar. Özi-de ol göz­ba­şy­ny ju­da ir­ki dö­wür­den — Al­dar­kö­se, Epen­di, Esen­po­lat ha­kyn­da­ky şor­ta söz­ler­den alyp gaýt­mak bi­len, Ke­mi­nä­niň döw­rün­de şyg­ry­ýe­te hem ara­laş­ýar. Ke­mi­nä­niň bu baş­lan­gy­jy­ny ge­çen asy­ryň ba­şyn­da Dur­dy Gy­lyç, Ata Sa­lyh ýa­ly şa­hyr­lar my­na­syp do­wam et­dir­di­ler. Ola­ryň yzy­sü­re ede­bi­ýa­ty­myz­da gül­kü­li kys­sa­nyň fe­le­ton, ýu­mo­res­ka, pamf­let ýa­ly gör­nüş­le­ri-de ke­ma­la gel­di. Ge­çen asyr­da Ça­ry Gur­ban­gy­ly­jow, Gur­ban­gy­lyç Hy­dy­row, Py­hy Ta­gan, Al­la­na­zar Beg­na­za­row ýa­ly ýa­zy­jy­lar gül­kä-he­ne­ge ýug­ru­lan eser­le­ri dö­ret­mek­de ön­düm­li iş­le­di­ler. Ýo­kar­da at­la­ry ag­za­lan gül­ki-he­nek us­sat­la­ry­nyň ýo­lu­ny bi­ziň döw­rü­miz­de — XXI asyr­da Nur­ber­di Dä­de­ba­ýew my­na­syp do­wam et­dir­me­gi ba­şar­ýar. Nur­ber­di­niň çap edil­ýän gül­kü­li kys­sa­la­ry­ny uzak ýyl­lar­dan bä­ri met­bu­gat ar­ka­ly yzar­lap gel­ýä­rin. Onuň bu ugur­da eý­ýäm ha­ly­pa­ly­ga ýe­ten­di­gi bol­sa, aý­ra­tyn nyg­ta­ma­ny­myz­da-da mä­lim­dir. Ýe­ri ge­len­de, Nur­ber­di­niň ga­la­my­ny di­ňe bir ugur­da — gül­kü­li kys­sa­lar­da iş­led­ýän­di­gi­ni-de nyg­tan ýag­şy. Di­ňe gül­kä-he­ne­ge ýug­ru­lan eser­le­riň üs­tün­de iş­le­me­gi onuň oky­jy­la­ryň ara­syn­da tiz meş­hur bol­ma­

Hy­ta­ýyň «Chi­me­Long Ocean King­dom» ak­wa­riu­my

Hy­ta­ýyň Hen­sin şä­he­rin­dä­ki Fuk­siang aý­la­gy­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän «Chi­me­Long Ocean King­dom» dün­ýä­niň iň uly ak­wa­riu­my ha­sap­lan­ýar. 49 mil­li­on litr suw kuw­wa­ty bo­lan bu se­ýil­gäh Çi­me­long hal­ka­ra um­man şy­pa­ha­na­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, dün­ýä­dä­ki iň go­wy 10 se­ýil­gä­hiň ha­ta­ry­na gir­ýär. 2014-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len bu ak­wa­ri­um Hy­ta­ýyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky öň­de­ba­ry­jy mer­kez­le­riň bi­ri­dir. «Chi­me­Long Ocean King­dom» ak­wa­riu­my de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň müň­ler­çe gör­nü­şi, be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de su­was­ty se­ýil­gäh ýo­da­la­ry bi­len her ýyl­da or­ta­ça 8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. «Chi­me­Long Ocean King­dom» ak­wa­riu­my­nyň dü­zü­min­de dün­ýä­dä­ki iň uly ak­ril pa­ne­li, 330 ine­dör­dül metr ak­ril meý­da­ny we kit­dir aku­la­la­ryň ýa­şa­ýan «Wha­le Shark Exhi­bit» su­was­ty güm­mez bar. Dia­met­ri 12 metr, göw­rü­mi 22,7 mil­li­on litr suw­ly bu güm­mez dün­ýä­dä­ki iň uly su­was­ty se­ýil­gäh ha­sap­lan­ýar. 5 ugurdan Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len dün­ýä­niň iň uly ak­wa­riu­myn­da 15 sa­ny att­rak­si­on meý­dan­ça bo­lup, aku­la­dyr kit­ler, polýar aýylarydyr suw ýy­lan­la­ry, del­fin­ler­dir moržlar hem-de pingwinler bi­len bir ha­tar­da ba­ly­gyň 20 müň­den gow­rak gör­nü­şi sak­lan­ýar. Ak­wa­ri­um­da güý­men­je meý­dan­ça­la­

Nal näme üçin kakylýar?

Müň­ler­çe ýyl ozal el­de­ki­leş­di­ri­len il­kin­ji öý jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan at adam dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ýer sür­mek­de, ýük da­şa­mak­da, ulag hyz­ma­tyn­da hem-de oba ho­ja­lyk iş­le­rin­de ýa­kyn­dan peý­da­la­ny­lan at­lar hä­zir­ki wagt­da toý-baý­ram­la­ryň hem-de sport ýa­ryş­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ýe­ke toý­nak­ly öý jan­da­ry bi­len ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bi­ler­men­ler nal kak­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni we se­bäp­le­ri­ni dü­şün­dir­ýär­ler. Bu ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar «Live Science» ne­şi­rin­de ýerleşdirilipdir. ABŞ-nyň Ken­tuk­ki uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­riniň bel­le­me­gi­ne gö­rä, atyň nä­zik toý­na­gy bar, şo­nuň üçin at­la­ra nal kak­mak ze­rur ha­sap­lan­ýar. Has ta­ky­gy, atyň toý­na­gy­nyň iç­ki we daş­ky bö­le­gi bo­lup, iç­ki bö­lek­de duý­gur­ly­gy­ny hä­si­ýet­len­dir­ýän öý­jük­ler ýer­leş­ýär. Atyň toý­na­gy gyr­lan­da duý­gy öý­jük­le­ri­ne ze­per ýet­ýär. Nal atyň toý­na­gy­nyň gy­ryl­ma­gy­nyň we duý­gur­ly­gy­nyň pe­sel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Ýaşyl kometa: 50 müň ýyldan soň

Ýa­kyn­da 50 müň ýyl­da bir ge­zek Gü­nüň da­şyndan aý­lan­ýan ýa­şyl ko­me­ta­nyň Ýeriň golaýyndan ge­çen­di­gi ha­bar be­ril­di. 1-nji few­ral­da ho­wa güm­me­zin­de ýa­şyl şöh­le­li ýag­ty­lyk peý­da bol­dy. Ýa­şyl ko­me­ta Ýe­riň il­ki de­mir­ga­zyk ta­ra­pyn­da, soň­ra dem­ir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da, on­dan soň­ra gü­nor­ta we gün­do­ga­ryn­da gör­ner. Bu ha­dy­sa, tak­my­nan, bir hepde dowam eder. Ek­wa­to­ryň de­mir­ga­zy­gyn­da ýa­şa­ýan­lar üçin bu ha­dy­sa­ny gör­mek amat­ly pur­sat­dyr. Ýa­şyl ko­me­ta soň­ky ge­zek 50 müň ýyl ozal gör­lüp­dir. NA­SA kos­mos eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri buz­ly asman jisiminiň 2022-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ýu­pi­te­riň golaýyndan ge­çen­di­gini aýd­ýar­lar. Ko­me­ta nä­me?

Rahat uklamaga ýardam edýän 5 iýmit

De­ňag­ram­ly iý­mit­len­mek ýo­ka­ry hil­li uky­ny üp­jün ed­ýär. Bi­ler­men­ler kä­bir iý­mi­ti ýat­maz­dan ozal iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Kä­te dynç alyn­ýan pur­sa­dyn­da hem ýat­mak hö­we­si­ňiz ar­typ bi­ler, bu, esa­san, sarp edi­len iý­mi­tiň gör­nü­şi bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Ada­ma beden öý­jük­le­ri­niň di­kel­me­gi we güýç top­la­ma­gy üçin ka­da­ly uky ge­rek. Eý­sem, ra­hat uk­la­mak üçin haý­sy iý­mit­ler ze­rur­ka?! Ba­lyk. Ba­ly­gyň dü­zü­min­dä­ki mik­roe­le­ment­ler se­ro­to­ni­ni ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bu, esa­san, ba­lyk­da sak­lan­ýan Ome­ga-3 we D wi­ta­mi­ni bi­len bag­ly bo­lup, ner­wi öý­jük­le­ri­niň ra­hat­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Dün­ýä­de iň köp sa­ty­lan aw­tou­lag­lar

2022-nji ýy­lyň iň meş­hur aw­tou­lag­la­ry bel­li bol­dy. Dün­ýä bo­ýun­ça sa­tuw mag­lu­mat­la­ry «Mo­tor1» we «JA­TO Dy­na­mics» kon­sal­ting fir­ma­sy ta­ra­pyn­dan göz­den ge­çi­ril­di. Hy­taý dün­ýä­niň iň iri aw­tou­lag ba­za­ry hök­mün­de öňe saý­lan­dy. Iň meş­hur ýer­li mo­del «BYD Song Plus» (bir ýyl­da 459 mü­ňü­si sa­tyl­dy) bol­dy, ikin­ji we üçün­ji or­ny «Nis­san Sylp­hy» (446 mü­ňü­si sa­tyl­dy) we çak­laň­ja elekt­ro­kar «Wu­ling Mi­ni EV» (443 müň) eýe­le­di­ler.

Dünýäniň meňzeş baýdaklary

«Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan» diýlişi ýaly, baýdak ýurduň milli aýratynlyklaryny görkezýän döwlet nyşanlarynyň biridir. Haýsydyr bir baýdagy göreniňde şol ýurt baradaky aýratynlyklar we millilikler göz öňüňde janlanýar. Esasan hem, halkara sport ýaryşlarynda döwlet baýdaklarynyň görkezilişi has meşhurlyga eýedir. Baýdaklaryň köpüsi biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, käbiri meňzeşligi taýdan saýgarmakda kynçylyk döredýär. Gazetimiziň şu sanynda dünýä döwletlerindäki meňzeş baýdaklar baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Dün­ýä döw­let­le­rin­dä­ki baý­dak­la­ryň hiç bi­ri-de bu iki­si ýa­ly bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýär. Bu baý­dak­la­ryň be­ze­gi we ulu­ly­gy bir­meň­zeş bo­lup, di­ňe ýa­kyn­dan syn­la­mak ar­ka­ly gök, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ryň ara­syn­da­ky kö­le­ge­li ta­pa­wu­dy saý­ga­ryp bol­ýar. Ru­my­ni­ýa­nyň baý­da­gy gök, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ra esas­la­ny­lyp 1861-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Asyl be­ze­gin­de ýa­şyl dik zo­la­gy bo­lan Ça­dyň baý­da­gy gök zo­lak bi­len çal­şy­ry­lyp, 1959-njy ýyl­da par­lap baş­la­ýar.

Rim­de Ge­rak­lyň heý­ke­li ta­pyl­dy

Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de se­ýil­gä­hiň aşa­gyn­dan geç­ýän la­gym ul­ga­my abat­lan­ýar­ka, ga­dy­my Ri­miň mi­fo­lo­gik gah­ry­ma­ny ha­sap­lan­ýan Ge­rak­lyň mer­mer­den ýa­sa­lan heý­ke­li ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Rim im­pe­ri­ýa­sy döw­rü­ne mah­sus bu heý­kel mi­la­dy­dan öňki 27-nji we mi­la­dy­nyň 476-njy ýy­ly ara­ly­gy­na çen­li dö­wür­de ýa­sa­lyp­dyr. Bu heý­kel meş­hur ta­ry­hy ýol ha­sap­lan­ýan «Ap­pi­a» ýo­lu­nyň çä­gin­dä­ki ýe­riň as­tyn­dan ta­pyl­dy. – Bu ýol bi­ziň üçin ga­ra­şyl­ma­dyk uly sow­gat eçil­di: adam­bo­ýy ulu­ly­gyn­da­ky mer­mer­den ýa­sa­lan heý­ke­liň kel­le­si­niň ars­lan de­ri­si bi­len ýa­py­landy­gy se­bäp­li, ony Ge­rak­lyň heý­ke­li hök­mün­de ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di – di­ýip, «Ap­pia An­ti­ka» se­ýil­gä­hi­niň we­kil­le­ri ha­bar ber­di­ler.

30 mil­liard dol­lar bö­lü­nip ber­ler

«Ösüş bo­ýun­ça Af­ri­ka hyz­mat­daş­la­ry» yk­ly­myň ýurt­la­ry­nyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len 30 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp be­rer. Bu ka­rar Af­ri­ka­nyň ösüş ban­ky ta­ra­pyn­dan Da­kar­da gu­ra­lan üç gün­lük «Fe­ed Af­rica Sum­mit» mas­la­ha­tyn­dan soň ka­bul edil­di. Sam­mi­tiň ýa­py­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden Af­ri­ka­nyň ösüş ban­ky­nyň baş­ly­gy Akin­wu­mi Ade­si­na gel­jek bäş ýy­lyň do­wa­myn­da yk­ly­myň azyk pu­da­gy­nyň ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len 30 mil­liard dol­lar bö­lü­nip be­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu muk­da­ryň 10 mil­liard dol­la­ry Af­ri­ka­nyň ösüş ban­ky ta­ra­pyn­dan bö­lü­nip ber­ler. «Af­ri­ka­ny üp­jün et­mek: azyk howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­lyk» at­ly sam­mi­te Af­ri­ka li­der­le­ri, hu­su­sy pu­da­gyň ma­ýa­dar­la­ry we «Ösüş bo­ýun­ça Af­ri­ka hyz­mat­daş­la­ry» gat­naş­dy.