Diýarym — köňül kelamym
Watan beýikdir. Biz ol beýikligi ýüreklerimizde apalap, has-da belent derejä ýetirýändiris. Watan mukaddesdir, keramatlydyr. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň-da, ýüregiň şol mukaddeslige tarap ymtylýar. Il arasynda aýdylýan «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen pähim hem guşa öz höwürtgesinden, towşana dogduk depesinden eziz ýeriň ýokdugyny nygtaýar. Şeýle dürdäne setirleri bilen pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzihalallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Şu ýoluň ýokary mekdebini üstünlikli geçen türkmen gerçekleri özleriniň watansöýüjilik, gahrymançylyk häsiýetleri bilen dünýäni haýrana goýupdyrlar. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi. Watan türkmeniň hany-manydyr, genji-känidir. Watana bolan söýgiň seniň päk ýüreginden, buýsançly seriňden, jan-u-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.