"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Sag­lyk — baş baý­lyk

Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ama­ly luk­man­çy­lyk­da ila­ty ýo­kanç we ýo­kanç däl ke­sel­ler­den go­ra­mak, ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş çä­re­le­ri­ni yzy­gi­der­li we öz wag­tyn­da ge­çir­mek wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Her ýyl tä­ze an­ti­bak­te­rial der­man­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, an­ti­bio­tik­le­re dur­nuk­ly­ly­gy öw­ren­mek hä­zir­ki wagt­da luk­man­çy­lyk­da esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Be­den­de is­len­dik nä­saz­lyk ýü­ze çy­kan­da nä­sag­la­ryň luk­man bar­la­gyn­dan geç­me­gi hem-de luk­ma­nyň mas­la­ha­ty­ny al­ma­gy ze­rur­dyr. Luk­man bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de der­man se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni mas­la­hat ber­ýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler halkyň ruhuny, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýär. Milli sportuň geljekki ýeňişleriniň, türkmenistanly türgenleriň täze nesliniň kemala gelmeginiň ruhlandyryjysy bolýar. Eziz Diýarymyz, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi. Sport hereketini ösdürmegiň we Türkmenistan tarapyndan halkara sport hyzmatdaşlygyny döretmegiň iň ýokary derejesi soňky ýyllarda alnyp barylýan sport diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar. Çünki hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Saglyk – başlaryň täji

Ýiti respirator keseli wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Ol wirus ýokanjynyň agyr geçmegi we gaýraüzülmeleriň bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýe bolup, ýylyň dowamynda esasan hem güýz, gyş aýlarynda ýüze çykýar. Ýiti respirator keseliniň ýokanjynyň irki ýüze çykmalary alamatsyz görnüşden başlap, dürli gaýraüzülmelere çenli bolup biler. Gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy, keseliň geçiş agyrlygy näsagyň ýaşyna, immun ulgamyna, ugurdaş keselleriň barlygyna bagly. Adaty ýiti respirator keseliniň ýokanjy birden bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlaýar. Bedeniň gyzmagyna üşütme, baş aýlanma, myşsalardaky agyry, kelle agyry, umumy ysgynsyzlyk goşulýar. Bedeniň gyzgyny iň ýokary galýan döwri birinji günüň soňuna, ikinji günüň başyna gabat gelýär. Dört ýaşyna çenli çagalara kesel ýokuşanda köplenç ukusyzlyk hem ýüze çykýar. Şeýle-de, ol çagalar üçin ýürek bulanma, gaýtarma, garyndaky agyry, iç geçme häsiýetli bolup biler. Wirus ýokanjynda çagalarda gulak agyrysy, ulularda dowamly bronhitiň ýitileşmegi, bronhial astma ýaly gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler.

Antibiotikleri özbaşdak ulanmakdan saklanyň!

Möwsümleýin döreýän ýiti respirator kesellerinde antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmak nädogrudyr. Antibiotikler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli derman serişdeleridir. Bakteriýalar bir öýjükli mikroorganizmlere degişli bolup, olar öz öýjüklerinde ýaşamaga, köpelmäge ukyply bolýar. Antibiotik derman serişdeleri öýjük diwarjyklaryny weýran etmek arkaly bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edip bilýär.

Il sag­ly­gy ala­da­sy Ar­ka­dag­ly Ser­da­ryň, sa­ýa­syn­da gül­ler aç­ýar gal­ky­nyş­ly di­ýa­rym!

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän beýik işler dünýä içre nusgalyk derejä eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýmek bilen, il saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri ýola goýýar. Täze taryhy döwrümiziň bedew badyna bat goşan bu ýörelge esasynda ýurdumyzda täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Döredilen oňyn şertlerden peýdalanyp, saglyk ulgamynda zähmet çekýän lukmanlar öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak arkaly bu döwletli tutumlara mynasyp goşant goşýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäheriniň täze binalarynyň hataryndan orun alan 450 orunlyk köpugurly hassahana hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berildi. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyz barada edýän uly aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Iş orunlary

Sitrus miweleriniň saglyga peýdasy

Üýtgeşik tagamy, hoşboý ysy we saglyga uly peýdasy bolan sitrus miweleri, esasan hem, gyş aýlary adamlar tarapyndan iň köp isleg bildirilýän miwelerdir. Olar düzüminde ynsan saglygyna peýdaly bolan köp sanly witaminleri, minerallary we beýleki ýokumly maddalary saklaýar. Sitrus miweleriniň düzüminde saklanýan C witamini (askorbin turşusy) diňe bir immun ulgamyny ýokarlandyrman, eýsem bedeniň öýjüklerini daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar we bedeniň wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da olaryň düzüminde köp mukdarda B witamini saklanýar. Bu bolsa ukusyzlygyň öňüni alýar, deriniň, saçyň bozulmalarynda ýardam berýär. Mundan başga-da, adamyň hemişe keýpiniň çag bolmagyna getirýär. Miweleriň düzüminde saklanýan fitonsitler bolsa mikroblaryň, zyýanly kömelekleriň we bakteriýalaryň ösüşini saklaýar hem-de köpelmeginiň öňüni alýar.  PYRTYKAL. Iň köp isleg bildirilýän miweleriň biri bolup, witaminlere iň baý sitrus miwe hasaplanýar. Ol öz düzüminde askorbin turşusyny, minerallary, flawonoidleri, fitoelementleri saklaýar. Pyrtykalyň düzüminde limon bilen deňeşdirilende B witamini köp bolýar. Miwesiniň reňkinden A witamini hem saklaýanlygyny aýtmak bolar. A witamini gözüň görejine we derä gowy täsir edýär. Pyrtykal düzüminde saklanýan pektiniň hasabyna iýmit siňdiriş ulgamyna, şekeriň hasabyna bolsa kelle beýnisiniň işine öz oňaýly täsi

Önümçilik maşklarynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek, kämil nesli kemala getirmek bilen bagly işler döwlet syýasatynda öz mynasyp beýanyny tapýar. Şu nukdaýnazardan, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge gönükdirilendir. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan ýurdumyzda dürli ýaşdaky raýatlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna ähli şertler döredilendir. Saglyk bilen bagly dürli meseleleri döredýän, käbir kesellere getirýän hereketsiz durmuş ýagdaýy barada aýdylanda, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döretmegiň, dogry iýmitlenmekden başlap, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ekologik abadançylyk bilen bagly işleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny bellemek gerek. Dördünji senagat rewolýusiýasyny başdan geçirýän dünýäde kompýuter we beýleki maglumat tehnologiýalary adamlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, mekdeplerde bedenterbiýe sapaklarynyň gerimini giňeltmegiň, sport günlerini geçirmegiň we çagalaryň boş wagtlarynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynyň fiziki işjeňligi artdyrmakdaky ähmiýeti uludyr.

Türkmen topragynyň gymmatly dermanlyk ösümligi

Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Buýanyň dünýäde 15, GDA ýurtlarynda 7, Türkmenistanda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Olardan diňe iki görnüşi, ýagny süýji hem-de ural buýany senagat taýdan ähmiýetlidir. Buýan ösümligi gadymy döwürlerde hem gymmatly dermanlyk ösümlik hökmünde tanalypdyr. Onuň taryhyna ser salanymyzda gadymy Hytaý lukmançylygynda biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl öň hem mälim bolupdyr we oňa “gans” - “süýji ösümlik” diýip, at beripdirler. Hytaý we Tibet lukmançylygynda buýan köküniň dermanlyk täsirini ady rowaýata öwrülen Ženşeniň köki bilen deňeýärler. Asla, dünýä lukmançylygy buýany we ženşeni ilkinji dermanlyk ösümlik hökmünde ykrar etdiler. Gara deňziň demirgazyk kenarlarynda, Skif sähralarynda “Süýji köki” ulanýan gadymy grek we rim lukmanlary onuň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetine aýratyn sa

Sagdynlykdyr ähli zadyň gözbaşy

«Saglyk — beglik» diýlişi ýaly, biziň durmuşda, zähmetde gazanýan ähli üstünliklerimiziň gözbaşy sagdynlykdadyr. Şonuň üçin haýsydyr bir derde uçramankak, öz saglygymyz barada içgin aladalanmalydyrys. Kadaly iýmitlenmek, sport, bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak sagdynlygyň girewidir. Gynansak-da, käbir adamlar şu meselä ýüzleý çemeleşip, saglygyny ýitirýärler, derde uçraýarlar. Ynsan saglygyna zeper ýetirýän nogsanlyklaryň biri-de spirtli içgileri ulanmakdyr. Spirtli içgileri yzygiderli ulanmak aşgazan şiresini işläp çykarýan mäzleriň işleýşine ýaramaz täsir edýär. Netijede, olaryň şire işläp çykaryşy ýa-da şiresiniň turşulygy azalýar. Munuň özi iýmitiň haýal siňmegine getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň yzygiderli gaýtalanmagy bilen adamda aşgazan ýarasy döreýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň tassyklamaklaryna görä, çiş keselleriniň 2—5 göterimi hut aşgazan ýarasynyň netijesinde döreýär. Spirtli içgiler köp ulanylanda, adamda aşgazanyň, gyzylödegiň çiş keselleriniň köp ýüze çykmak töwekgelçiligi artýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Jogapkärli meseleleriň çözgüdi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adam bolany üçin Garaşsyz döwletimizde adam hakdaky alada tutumly işlerde özüniň beýanyny tapýar. Şol bähbitli işlerde halkyň saglygyny goramak uly ähmiýete eýe bolup, bu meseläniň oňyn çözgüdi ugrunda ähli tagallalar edilýär. Muňa Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli işler doly şaýatlyk edýär.

Il saglygy - ýurt baýlygy

Alkyş eýesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny dikeltmek, bejermek, goramak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň ösmegi, ak ýektaýly lukmanlaryň yhlasly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ynsan saglygyny bejermek maksady bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary satyn alnyp, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa, saglyk ulgamynyň ilerlemegine uly itergi berýär.

Saglygymyzy goramak özümize bagly

•Bedeniň kesele garşy göreşjeňlik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Kompýuter we saglyk

Häzirki innowasion ösüşleriň döwründe adamyň durmuşyny kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu tehniki enjam edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, öýlerde giňden ulanylýar. Kompýuter hasabatlary, ýazuw işlerini, şahsy maglumatlary we beýleki zerur resminamalary taýýarlamakda, hasabat ýöretmekde, saklamakda möhüm enjam bolup durýar.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Saglygymyz — bagtly ömrümiz

Hamyla zenanlara açyk howada pyýada ýöremek, ýönekeý maşklary ýerine ýetirmek hem-de basgançakdan ýuwaşlyk bilen ýokary galmak örän peýdalydyr. Ýöne çaga düşmek howpy bar bolan zenanlara bu hereketleri etmek maslahat berilmeýär. Ilkinji üç aý göwreliligiň iň tolgundyryjy döwri hasaplanýar, sebäbi bu döwürde göwrede galan çaganyň köp agzalary emele gelip başlaýar. Oýlanyşykly gurnalan bedenterbiýe maşklarynyň doguljak çaga üçin peýdaly tarapy bar. Göwreliligiň 4 — 8-nji hepdelerinde garyn myşsasyna agram salynmaýan maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Olara suwda ýüzmek, akwaaerobika degişlidir. Bu döwürde yrgyldyly, öňe-yza egilmek, oturyp-turmak ýaly maşklary ýerine ýetirmekden gaça durmalydyrlar. Göwrelilik wagtynda sport bilen meşgullanmak diňe bir enä däl-de, göwredäki çaganyň saglygyna hem peýdalydyr. Ol aýallarda bedeniň fiziki taýdan çydamlylygyny ýokarlandyrýar, nerw, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň işini kämilleşdirýär we emosional durnuklylygy artdyrýar. Göwreli aýallar irden, köplenç, özüni ysgynsyz hem ýarawsyz duýýarlar. Dogry meýilnamalaşdyrylan we saýlanyp alnan maşklar bu duýgyny düýbünden aradan aýyrýar. Göwrelilikde haýsy maşklar gadagan edilendir? Belli bolşy ýaly, göwreli zenanlara sportuň käbir görnüşleri rugsat edilmeýär. Welosport, bökmek, aerobika, uzak aralyga ylgamak, suwa bökmek, garyn myşsalaryny çekýän we el-aýaklaryň uly hereketli maşklary d

AJAÝYP ASTRAGAL (Астрагал превосходный)

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Ajaýyp astragal -- kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50 — 80 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ösümlik tutuş gür mahmal kysmy tüýlüje. Baldagy göni. Ýan ýapragy çyzykly, neşder şekilli, ýiti, uzynlygy 3 sm, kirpiklije. Ýapraklarynyň uzynlygy 9 — 24 sm, gysga sapakly, uzynlygy 0,8 — 2 sm we 5 — 9 jübüt süýri ýumurtga görnüşli, ýaprajyklary ýitiräk, uzynlygy 3,4 — 5 sm we ini 1,4-2 sm.

Gözellik we sagdynlyk

Häzirki döwürde gözellik serişdelerini öndürýän önümçilik pudaklary derini bejermegi, owadanlaşdyrmagy we ýygyrtlary aýyrýan kosmetikasynyň düzüminde onuň täsirli goşundylaryny ulanmagyny yzygiderli giňeldýär. Dükanlaryň we dermanhanalaryň tekjelerinde dürli hili gutularda deriniň hiline, düwürtige we ýaş aýratynlyklaryna gabat gelýän kremleri görmek bolýar. Jahyllyk düwürtigi babatda aýtsak, ilki bilen, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Düzüminde retinol, ýagny witamin A bolan kremler ýüzdäki düwürtiklere täsirini ýetirýär, şeýle-de ýüzüň ýygyrt atmasyna we deriniň çekilmegine kömek edýär. Retinolly kremler ýüzüň derisiniň tekizlenmegine, düwürtik yzlaryny azaltmaga hem-de ýüzüň derisiniň has öwüşgin atmagyna täsir edýär. Ýöne aşa köp ulanylan ýagdaýynda ýüzüň derisiniň guramagyna getirýändigini hem ýatdan çykarmaly däldiris.

Üns beriň!

1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. 2. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Iýseň sarymsak, bolar seriň sag!

Tebigy antibiotik hasaplanýan sarymsak birnäçe dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Sarymsagyň özüne mahsus ýiti tagamyny we ysyny onuň düzümindäki efir ýaglary emele getirýär. Hatda Lukman Hekim hem köp keselleri bejermekde sarymsak iýmegi maslahat beripdir. Ony gowrup iýseň, aşgazany berkidýändigini, suwuny içseň, sarygetirmäni hem dep edýändigini belläpdir. Sarymsak işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, gan basyşy bilen bagly ýüze çykýan kesellerde we aterosklerozda hem sarymsak giňden ulanylýar. Sowuklamada, bronhial demgysmada sarymsagyň mesge bilen garylan şülä meňzeş garyndysy döşe çalynýar. Ajyja burç bilen sarymsak goşulan unaş dümewiň bire-bir emi hasaplanýar.

Sag­dyn dur­muş — ruhubelentligiň gözbaşy

Ata Wa­ta­ny­myz mil­li ýol-ýö­rel­ge­si bi­len ösüp-öz­ger­ýär, ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gi­ni bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da Türk­me­nis­tan­da spor­ty hal­ka­ra ta­lap­la­ry­na la­ýyk kä­mil­leş­dir­mä­ge, spor­ty we sag­dyn dur­mu­şy wa­gyz et­mä­ge, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn üns ber­ýär. Be­den maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek sag­ly­gy ber­kit­mek bi­len bir ha­tar­da, adam­la­ryň asyl­ly iş­le­re, dö­re­di­ji­lik we zäh­met üs­tün­lik­le­ri üçin gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň asyl­ly iş­le­re ruh­lan­dyr­ýan­dy­gy­na he­mi­şe ün­si çek­ýär. Şu mak­sat bi­len, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da sport ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek hem-de onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, de­giş­li kö­pu­gur­ly dü­züm­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti hem-de sport adam­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne, wa­tan­çy­lyk d