Şygryýet bossany
Rubagylar Saglyk hem näsaglyk agyzdan bilgil,Hergiz iýýän zadyň saýgaryp iýgil.Bu zatlara gaty ykjam bolmasaň,Netijesin diňe özüňden görgül.* * *Köp iýmeklik keselleriň başydyr,Az iýmeklik dermanlaryň başydyr.Köp sözlülik gözden salsa adamy,Az sözlülik danalygyň başydyr.* * *Bagtly gün adama ýylgyryp bakar,Gaýgy-gam adamy seljermän ýykar.Ýagşy-ýaman zatlar ýürege ýeter,Ýürekde gaýnan zat ýüzüňe çykar.* * *Danalyk gymmatdyr altyn, kümüşden,Gymmatdyr danalyk jöwherden zerden.Dünýäde hiç bir zat oňa taý gelmez,Ýakymly söz çykar danaň dilinden.* * *Ýürek gara bolsa üýtgedip bolmaz,Sabyn bilen ýuwup agardyp bolmaz.Ägä boluň gara ýürek adamdan,Oň ýüregin aga çalşyryp bolmaz.* * *Edep-ekram müdimilik mirasdyr,Biperwaýa betbagtlyk sebäpdir.Ömürboýy oka, öwren, bilim al,Bu dünýäde sowatsyzlar garypdyr.* * *Suw damjasy dama-dama daş deşer,Ejize sataşan gözden ýaş döker.Sag adama her gün iňňirdäp dursaň,Tebibi duşmadyk näsaga döner.* * *Dana adam öz diline erk eder,Dogry sözläp, adam ogly hak eder.Ýalan söz ahyry bir gün bilinse,Şol ýalan eýesin masgara eder.* * *Içiňde saklasaň seniň syryňdyr,Şonda ähli syryň seniň guluňdyr.Başarmasaň sen gulusyň öz syryň,Gulçulyga iten seniň diliňdir.* * *Nähili daňs