Gyzykly maglumatlar
Meşhur fransuz ýazyjysy Wiktor Gýugo 1862-nji ýylda «Ýekirlenler» romany çapdan çykandan soň dynç almaga gidipdir. Elbetde, ýazyjyny täze eserini okyjylaryň nähili kabul edendigi gyzyklandyrjakdygy düşnükli. Wiktor Gýugo hem täze kitabynyň satuwynyň gidişi bilen gyzyklanyp, neşirýatyň ýolbaşçysyna sorag belgisini ýazyp, telegramma ýollapdyr. Olam ýazyjynyň näme diýjek bolýandygyna düşünip, ýüzlenme belgili telegramma ugradyp, kitabyň satuwynyň erbet gitmeýändigini düşündiripdir. Belki, bu iň gysga hat alyş bolan bolmagy mümkin. * * *