Gijigen myhman (erteki)
Bir bar eken, bir ýok eken, häzirki zamanlarda gaz, durna, ördek, alahekge, serçe, oklukirpi, pyşbaga hem-de gurbaga dagy dost bolupdyrlar. Olaryň hersi aýry ýerde ýaşasa-da, mahal-mahal birek-birekden habar alyp durupdyrlar. Iň esasy-da, her gezek biriniň öýüne üýşüp, uzak wagtlap şagalaň gurap oturar ekenler. Şol gün öý eýesi dostlaryna giňden saçak ýazyp, uly hezzet-hormat eder eken. Mahlasy, olar şol güne maşgala toýy hökmünde garapdyrlar. Onsoň toý çakylygyny alan dostlar özleriniň ähli işlerini taşlap, çagyrylan ýere emgenmän barar ekenleri. Kä toýlar saz-söhbet bilen şady-horramlykda geçse-de, käsinde özara düşünişmezlikler ýüze çykypdyr, şonda-da ähli zat gülala-güllük bilen çözülipdir, agzybirlik hemme zatdan üstün çykypdyr. Ine, Täze ýylyň öňüsyrasynda hem olar ördegiň öýüne ýygnanyşypdyrlar. Ördek irgözinden toýuň saçagyny her dürli ir-iýmişden doldurmagyň aladasyny edipdir. Durna bolsa bu üýşmeleňiň çakylykçysy bolup, dostlaryna ýekänme-ýekän habar edip çykypdyr. Şeýdibem şol gezek pyşbagadan başgasy wagtynda gelipdir. Olar ördegiň naz-nygmatdan bol saçagyny görüp, agyzlaryny açypdyrlar. Ýöne hiç kes oňa el urmaga milt edip bilmändir. Ördek: