"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Barha rowaçlanýan ösüşli menziller

Adam hakynda döwlet tarapyndan uly aladalar edilende ömürler, ykballar görke beslenýändir. Durmuşa geçirilýän işleriň özeninde il bagtyýarlygy, ýurt asudalygy bolanynda, öýler, obalar, şäherler zamananyň zynaty bolup nur saçýandyr. Dünýä nusgalyk bolup ýaýylýan Watan meňziniň zynaty göwünleriň görki bolup lowurdaýar. Taryhyň altyn sahypalarynda tyllaýy nur saçýan döwrüň bagtyýarlygynyň öz bagtyňdygyny duýmagyň lezzeti başgadyr. Nesilleriň gül bolup açylýan bagty äleme anbar bolup ýaýylýar. Onsoň täze dogup gelýän Günüň nurana şöhleleri, asmanyň arassalygy, döwrüň ýakymy bilen sazlaşyp, janyňa aram berýär. Watan mähri bilen gurşalyp, ene topragyň ýylysyny duýup, dagyň üstünden öwüsýän arassa howadan dem almak bagtlylygyň alamaty. Sen şol bagty duýýan bolsaň, onda Watan üçin bitirmeli hyzmatlaryňa-da düşünýänsiň. Çünki ene deminde Watan waspy hüwdä öwrülýän bolsa, ata göreldesinde bu topraga gulluk etmegiň nusgalyk ýoly görünýändir. Ynsan kalbynda şineleýän Watan mukaddesligi şulardan gözbaşlydyr.

Şygryýet bossany

Dilde dessanym, Watan Döwürlere dowamat, dilde dessanym, Watan,Ömürlere hemaýat, zemin-asmanym, Watan,Gül-gujagyň sahawat, bagy-bossanym, Watan,Köşgi-eýwan ymarat, baky islänim, Watan.

Şygryýet bossany

Toprak Ylham-joşum çogan ýerler,Örküm bagly saňa toprak.Göbek ganym daman ýerler,Diýýäs mydam: «Ene toprak!».

Şygryýet bossany

Sözüm bardyr Güňle başym, düňle başym,Gözleň bilen tolgundyryp,Ýürek bilen söýen wagtyňBir ynamyň donun öpüp,Yşk merdi deý, düwle başym.

Şygryýet bossany

Durmuş Durmuş bir ullakan gämi mysaly,Dogry ugra ýüzse yzlabermeli.Käte ol gäminiň ugry üýtgese, Alyp dürs tarapa sazlabermeli.

Şygryýet bossany

Waspnama Yşkym dolmuş jahana,Sözler geler dahana.Arkadagly WatanymBir tende bir jan bu gün.

Şygryýet bossany

Pyragy Şygyrlaryň dünýä çaýýar ýalkymy,Güýç-kuwwadyň göwünleriň galkymy,Güneş kimin çoýýar dünýä halkyny,Şygryýet älemniň öçmez çyragy,Paýhas ummanynyň täji Pyragy.

Şygryýet bossany

Sähramyz Ýaz paslynda çyksam saňa seýrana,Gudratly äleme bezeg sähramyz.Gözleriň eglener synlap çar ýana,Bir täsin şemally öwser sähramyz.

Ak melekler ýa-da ruhy sedalar (pikirler, duýgular, liriki miniatýuralar)

Ýazyjynyň özünde lebiz, ygrar bolmasa, onuň eserleriniň gahrymanlarynda hem lebiz-ygrar, ar-namys, kanagat, ynsap bolmaýar. Şonuň üçin hem birinji nobatda ýazyjy ýazyjy bolmazdan öň şahsyýet bolmaly, milli ruhlara ýugrulan, belent adamkärçilikli bolmaly. Umuman, nusgalyk bolmaly. * * *

Ilçiniň­ habary (hekaýa)

Gün heniz dogmandy. Gündogara çaýylan gyrmyzy şapakda ojar közüniň ýalkymy bardy. Ünsli seretseň, ol parlap açylan çigildem gülüni ýadyňa salýardy. Şapak her demde täze röwüşde lowurdap, jümle-jahana täze Günüň dogup gelýändigini söýünjileýärdi. Gaýrat patyşanyň köşgüniň golaýynda bir minara başyny göge diräp otyrdy. Bu binanyň boýy kyrk bäş metre barabardy. Minarany Gaýrat patyşa ýörite saldyrypdy.

Ak ­alaňlaryň­ aýdymy (hekaýa)

Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ýaz aýlarydy. Mahmal ýaly mylaýym howa, ýakymlyja ýaz şemaly agyr gelen gyşdan ýadan adamlaryň şükürlilik bilen meýdan işlerine girişmeklerine gop beripdi. Mekdep durmuşy hem adaty kadasy bilen dowam edip durdy. Şol günleriň birinde-de «Kel dugtar gelipdir» diýen gürrüň kiçijik oba mekdebiniň içini ala gowur etdi. On — on iki ýaşly ekabyrrak oglanlaryň bezzatraklary eýýäm gaçyp ýetişipdi. Sähel salymdan soň gowur ýatyşdy. Çagalaryň futbol oýnaýan meýdançasynda birnäçe okuwçy hatara goýuldy. Mekdep müdiri ulaga mündürilýänleriň hasabyny ýöredip durşuna Agadurdy çopanyň obanyň çekene sürüsini öňüne salyp deňine gelenini hem duýmady. Şol başagaýlygynyň arasynda-da oňa salam berip, halyny sorady: — Agadurdy aga, giçläpsiňizle?

Medet (hekaýa)

Didar mekdebe gitmek üçin, hemişeki wagtynda öýlerinden çykdy. Bu günem adatdakylary ýaly, Gülaýyma garaşyp durdy. Olar çagalykdan bäri, mekdebe bile gatnaýardylar. Gülaýym eslije wagt garaşdyrdy. Hemişekileri ýaly, bu günem bezenip-beslenip çykdy. Ýaşlar çala baş atyp salamlaşdylarda, seslerini çykarman, mekdebe gatnaýan ýollaryndan haýdap başladylar. Alabaharyň howasy bolansoň, howa çigrekdi. Dagyň başynda henizem gar görünýärdi. Golaýda düşen ygal zerarly ýer palçykdy. Ýaşlar mekdebe baransoňlar, hersi öz aladasy bilen boldy. Mekdep döwrüniň tamamlanmagyna wagt az galansoň, ýokary synpyň okuwçylarynyň hersiniň aladasy ýetikdi. Ýokary okuw mekdebine synanyp görmekçi bolýan oglandyr gyzlar ähli ünslerini okuwa jemläpdiler. Didar beýlekilere garanyňda, sapaklaryna gowy ýetişýärdi. Ol synpdaşlary bilen hoşniýetli gatnaşyk edýärdi.

Eýesine gowşan sargyt (hekaýa)

Taňryberdi täjir süýji ukudan oýanyp, säher bilen Maru-Şahu jahana ugrajak düýeleri bir hatar gözden geçirdi. Soňam olaryň otuna-suwuna seredýän düýekeşleriň birini ýanyna çagyrdy-da: — Han-ha, ho-ol inerçäni görýärmiň?! Ana, şol janawary hatardan aýyr-da, ätiýaçdaky inerleriň birini alyp gel. Ol janawar ýagşa aýagyny buýduryp, damarlaryny üşeden bolarly. Az-küş agsaýjagam bolýar ol. Bu gezek ony hatardan alyp galmasak, ol ýolda juda heläk bolar — diýip, tabşyryk berdi-de, ilerligine tarap seretdi. Ol çägeli aňňatlara biraz nazaryny dikip durdy-da, uludan bir demini alyp, yzyna öwrüldi. Ol yzyna öwrülen mahaly, alysdan özüne tarap gelýän Palta bagşyda gözi eglendi. Ol säher bilen Palta bagşynyň bu taýyk gelmegini geňlemedi. Çünki arada bir märekede Palta bagşy oňa duşup:

Söýünji (hekaýa)

Buşluk, Hezret aga! — Buşluk, Hezret daýy! Gelin gelýär!

Goşgulardan dünýä döreden şahyr

Edebiýat diýlen täsin meýdan, täsin giňişlik. Edebiýat umman kysmy bir zatdyr. Şol äpet giňişlikdäki düýpsüz çuňluklarda çaýkanyp ýatan umman suwlary bolsa, olara yzygider guýýan derýalaryň netijesidir. Munuň şeýledigini halkymyzyň «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa — çöl» diýen paýhasyndan gowy düşündirmek mümkin däl. Halkyň aňynda, hakydasynda orun almagy başaran şahyrlar, ýazyjylar, dramaturglar, žurnalistler... gerimi babatda-da, çuňlugy babatda-da tereň ummanlaryň yzygider dolmagyny üpjün edýän derýalar kysmydyr. Olaryň ylhamynyň önümi bolan her bir eseri şol derýalary doldurýan çeşmeler, biri-birine birleşip, şol çeşmeleri emele getirýän ygallar, damjalar ýalydyr.

Bu­ güýz ­miwesiniň­ tagamy aýry

Sözbaşydaky bu pikir ýurt Garaşsyzlygymyza degişlidir. Bu şahyrana setirde beýiklikler — Watana bolan söýgi, ene topraga togap, halka-millete sygynmak duýgulary jemlenýär. Şeýle duýgulary oýnam sözde beýan eden şahyr ýüregi Jeýhun derýasy kimin joşup, ýene-de ençeme-ençeme şygry, kyssany, terjime eserlerini we publisistikany öz okyjylaryna miras galdyrdy. Sözümiziň başynda biz ýene-de bir zada ünsi çekmekçi. Edebiýatymyzda çagalara niýetlenen eserleri ýazýan awtorlar çagalar ýazyjysy hökmünde tanalýarlar. Olaryň çeper döredijiligi-de çagalar edebiýatynyň eserleri hökmünde öwrenilýär. Ýaşan döwründe ýaş dostlary üçin ajaýyp eserleriň ençemesini ýazyp, sowgat goýup giden ýazyjylaryň biri-de, ýokarky ýaly süňňi bilen watançylyga ýugrulan setirleriň awtory Akmämmet Hümmedowdyr.

Ni­ýe­ti­ňi­ ýag­şa ­di­kip­ ýaşamaly

Bu onuň durmuşdaky baş ýörelgesi bolupdy. Bu dünýä durşy bilen nämälimliklere, syra basyrylan. Aram-aram ynsan balasynyň beýnisinde garaşylmadyk, üýtgeşik duýgular oýanýar. Ine, şu saparam şeýle boldy.

«Bardygyň­ bilinse­ ýagşy»

Men oňa ahyr şu ýerde sataşdym. Ol hakynda eşidenim bäri kän kişiden sorag-ideg etdim. Emma olaryň hiç biri hem bu ynsanyň keşbini hyýalymda doly janlandyrmagy başarmady. Birden onuň Köneürgenjiň şol wagtky «Ak altyn» etrap gazetinde işläni ýadyma düşdi. Men kitaphana gidip, şol gazeti okamagy ýüregime düwdüm.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Ömür beýanyVI.Soňy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Gazna köşgüniň kätibi Abdyljepbar Utby öýle namazyndan soň soltanyň huzuryna barmak çakylygyny alan badyna bu duşuşyk şahyr Abulkasym Ferdöwsi hem onuň döredýän eseri bilen baglydyr diýip çaklady. Hakykatda welin, bütinleý başga mesele hökümdary biynjalyk edýär eken.

Bagşynyň saz gurallaryna söýgüsi

Suratlar geçen günleriň ýylýazgysy ýaly bolup, ýatlamalaryň ummanyna atarýar. Ýakynda menem maşgalamyzyň şahsy arhiwini gözden geçirip otyrkam, kakam Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenýaz Nobatowyň birnäçe suratlaryna gabat geldim. Şolaryň birinde onuň 1957-nji ýylda çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişinde düşürilen suraty bar ekeni. Ödenýaz Nobatow diýlende esasan, dutarda çykyş edýän bagşy göz öňüne gelýär. Ýöne bu suratda onuň baýan çalyp duranlygy ünsüňi özüne çekýär. Şol ýyllarda Ödenýaz Nobatow Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynyň medeniýet öýünde işleýärdi. Obanyň ýaşajyk oglandyr gyzlary onuň ýanyna gatnap, dutarda saz çalmagyň we aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrenýärdiler. Halypa öz şägirtlerine bagşy-sazanda boljak bolsaň, halk köpçüliginiň öňünde sungatyňy görkezjek bolsaň, edep-terbiýeli, arassa hem mylakatly, hoşgylaw, saçdyr dyrnaklaryň aýrylan bolmalydygyny öwran-öwran maslahat bererdi. Şeýle-de öz şägirtlerine bagşy bolmak üçin saglygyňy has berkitmek üçin sesiňi goramalydygyny, sowuk zatlardan daşda bolmalydygyny şireli miwelerden daşda durmalydygyny, aşa gyzgyn nahary, gyzgyn çaýy bokurdagy ýakyp içmeli däldigini düşündirerdi.