Dostlukly ýurtdan «Tiz kömek» awtoulaglary gelip gowuşdy
Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni Daşoguz welaýatynda guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy. Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilen gününde — 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň degişli möçberiniň muzdsuz iberilmegi, ýurdumyza Özbegistanda öndürilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.