"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Durky peleň, şir mysaly...»

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň ymgyr sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini — alabaýlary ösdürip ýetişdiripdirler. Halkymyz itleri seçip-saýlamakda, köpeltmekde we kämilleşdirmekde baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda çopan durmuşynda möhüm orny eýeläpdir. Çopanlar goýun itlerini güjüjekliginden alyp terbiýeläpdirler. Netijede, çopanyň janyna deňeýän mallaryny bakmaga, goramaga gaýym, mert, wepaly, örän sak we türkmen tebigatynyň yssy, sowuk şertlerine çydamly alabaýlar ýetişdirilipdir. Itleri saýlap almak we ösdürip ýetişdirmek tärleriniň dürli görnüşleri bolupdyr. Bu babatda, ilkinji nobatda, itleriň gelip çykyşy, nesilbaşylary anyklanypdyr. Çopançylyk tejribesine laýyklykda, goýun itini edinmek däbinde güjügi öz enesine saýlatmak usullary hem ulanylypdyr. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, munuň üçin birnäçe usullar peýdalanylypdyr. Güjükler doglanyndan soň, haýsy güjük enesiniň ýanyna ilki barsa, şony iň dogumlysy hasaplapdyrlar ýa-da güjükler garaňky jaýa salnyp goýlanda, ene it haýsy güjügini ysyrganyp birinji tapsa, şol iň gowy it bolar diýlip çaklanypdyr. Şeýle hem haýsy güjügi

Gymmatly ýadygärlik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyza uly sarpa goýulýar. Şeýle sarpaly, aýawly saklanylýan mirasyň giň ýaýran görnüşleriniň biri hökmünde resminama ýadygärlikleri hem bellenmäge mynasypdyr. Bu gymmatly ýadygärlikleri hasaba almak işi hem özboluşly bolup, olar arhiwlerde, muzeýlerde, kitaphanalarda saklanylýar. Olaryň esasy saklanylýan ýeri arhiwlerdir. «Arhiw» latyn sözi bolup, «resminamalar gaznasy» diýmegi aňladýar. Arhiw resminamasy jemgyýet, döwlet, raýat üçin gymmaty taýdan uly ähmiýete eýedir. Olar bilen tanşyp, biz ynsan ykballaryna, şöhratly taryhymyza degişli maglumatlary alyp bilýäris. Ýurdumyzyň arhiwlerinde dürli döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary, ylymda, medeniýetde, sungatda yz galdyranlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, Watan goragynda mertlik görkezen görnükli şahslar, uruş hem zähmet weteranlary barada gymmatly maglumatlaryň uly toplumy saklanylýar. Şol resminama ýadygärlikleri öten nesilleriň mirasa, taryha gatnaşygyny hem özünde jemleýär.

Muzeý tapyndylaryna goşant

Täze taryhy gymmatlyk Hormatly Prezidentimiziň taryhy, medeni we muzeý gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljek nesillerimize miras goýmak hem-de taryhy maglumatlar bilen halk köpçüligini tanyşdyrmak barada öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň taryha baý ýerlerinden gadymy döwürlere degişli taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýar.

ÝAŞMAK —ZENAN ZYNATY

Ýaşmak sylaşygy, ýaşuly nesle hormat-sarpany, galyberse-de, sagdynlygy hem-de gözelligi aňladýar. Halkymyz ýöne ýerden «Ýaşmak – ýaraşyk» diýmeýär. Ilçilikde ýaşmak asyllylygyň aňladylmasy saýylýar. Söýgi, mähir-muhabbet siňdirilip, gulagymyza «huwwa» bolup giren mukaddeslikler maşgala atly kiçijik ojakdan Watan atly ullakan mesgene uzaýar. Şol aralykdaky düşünjeler bolsa ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar.

«Dutar janly» diýilýändir

Asyrlaryň dowamynda adamzat ýaşaýşyna ruhy güýç beren saz gurallaryň hersiniň döreýşi, gelip çykyş taryhy bar. Türkmen durmuşynda adamzat ýaşaýşynyň göwün küýsegini, söýgüsini gazanan saz gurallaryň biri-de, dutar saz guralydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Asyrlar içre köňül syrdaşyna öwrülen türkmen dutary halkymyň iň meşhur, iň söýgüli saz guraly bolmagynda galýar» diýip nygtaýar. Türkmen durmuşynda dutar gadymy ynanja görä, ol öý-ojagyň abadançylygyny, agzybirligini, rysgal-berekedini goraýar diýen ruhy ýörelgä eýeripdirler. Elbetde, dutaryň ajaýyp owazyndan dörän joşgunly aýdym-sazlar türkmeniň ruhy dünýäsine, medeni durmuşyna öz täsirini ýetiripdir. Ussat bagşy-sazandalar dutaryň ýany bilen ajaýyp goşgulary heňe salyp, dutaryň waspyny belentden-belent ýaňlandyrypdyrlar. Bu saz guralynyň beýikligi hakda Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynyň: «Ýoluňyz açyk bolsun!» bölüminde:

Gursagynda başarnyk bar, zehin bar

Ynsan ömri. Ol edil heniz otarylmadyk erteki kibi gyzykly hem täsin. Şol täsinliklerden pürepür ömrüni halal zähmete bagyş eden adamlar bolsa, göwün matlabyna ýetip, gün-güzeranyny bol-telkilige utgaşdyrmagyň hötdesinden gelýärler. Hawa, hawa, ykbalyny päk zähmet bilen örklän ynsanlar mydama-da il içinde arzyly. Çünki durmuş kerweni her kimi öz ynsabyna, mynasybetine we ukyp-başarnygyna görä derejelendirýär. Ynsan daýhançylyga bil bagladymy, diýmek, oňa topragyň berekedinden rysk berip, ony döwletli kişä öwürýär. Şeýdip, barlygyň özboluşly arabaglanyşygy biziň ömür diýlip atlandyrýan menzilimizi görklendirip gidip otyr. Özem päk zähmeti, daýhançylygy saýlan adamlar üleşikden mydama paýly bolýarlar. Ine, şeýle rysgal-berekede eýe bolan daýhan zenanlaryň birem Sarahs etrabynyň «Gaňňaly» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Güljemal Saparowadyr. Daýhançylyga bolan höwes bu gelniň ýüregini mydama ekinli pele sary atygsatdy durdy, ýogsam, ol obasyndaky çagalar bagynda terbiýeçi bolubam işleýärdi. Çagalara terbiýe bermek ýaly asylly käriniň daşyndan daýhançylyk işlerine-de ýetişýän bu gelniň edenliligi dogmundanam bellidi. Garagözelek, bugdaýreňkden gelen orta boýly gelniň Güne gaýzygan roýy, onuň topragyň tabyny bilýändigini aýan edip dur. Hereketi çakgan, eden işi

«...Goýun gije diýip aglar»

Çarwalaryň arasynda «Çaga eje diýip aglar, goýun gije diýip aglar» diýlen aýtgy bar. Sebäbi gije bakylýan mallaryň beýleki mallardan mese-mälim tapawudy bolýar. Gije bakylýan mallar ikindinara suwa ýakylýar we güýzde sentýabr aýynyň başyndan — oktýabr aýynyň ahyryna çenli bir aşyma gije bakmaga çykarylýar. Iki gijäni we bir gündizi meýdanda geçirip, gün irki guşluk bolanda suwa inen dowarlara, bir aşymdan gelen diýilýär. Ol mallar ilki agşam öriniň üstünde ýataklaýarlar we ýary gijeden täzeden örüzilýär hem-de şol tertipde bakylýar.

Söz manysy

Teg Ozallar obalarda çagalary ýatyrmak üçin ýüpden sallançak edilerdi. Häzirki döwürde onuň ýerini demir sallançaklar tutdy. Şol sallançagyň arasyny açmak üçin teg agajy ulanylýar.

Magtymguly, sözle herne bileniň

Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti, dana döredijiligi diňe bir Ýakyn hem Orta Gündogaryň gadymy halklaryndan biri bolan şahandaz türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň köpasyrlyk taryhynda däl-de, bütin Gündogaryň edebiýatynda  hem  örän uly ähmiýete eýedir. Magtymgulynyň dana döredijiligi biziň halkymyzyň şahyrana-filosofik pikirleriniň ajaýyp gymmatlygydyr. Akyldar şahyryň watançylyk temadaky goşgulary häzirki döwürde hem ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup, halkyň kalbynda mydamalyk  orun alypdyr. Şahyryň  «Türkmeniň», «Türkmen binasy»,  «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly birnäçe goşgulary bütin türkmen halkyny agzybirlige, Watany söýmäge, dost-doganlyga çagyrýar:

Ýedilikleriň äleminden

Murgaply belli mirasgär Ümür Esenowyň folklor materiallaryndan: Ýedi ata. Adam ata, Nuh ata, öz ataň, azan ata, sünnet ata, ylym ata, gaýyn ata.

Tebigatdan nusga alyp...

Türkmen gelin-gyzlarynyň hünärli gollarynyň keşdelän, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän tahýalary, gültahýalary barada halk arasynda birnäçe rowaýatlar döräpdir. Gadym zamanlarda gum obasynda ýaşan oba kethudasynyň sekiz sany men diýen garadangaýtmaz ogly bolupdyr. Olaryň sekizisi hem edermenlikde, pähim-paýhasda oba ýigitlerinden saýlanypdyr. Şol döwürlerde oba häli-şindi ýagy çozup, ogul-olja, gyz-ýesir edilip talanar eken. Bir gün goňşy oba ýagy çozdy habary düşýär. Ony eşiden oba kethudasy ogullaryny ýygnap: «Kyýamat güni — goňşudan» diýlişi ýaly, goňşy oba kömek bermegimiz gerek!» diýip, olary oba ýigitleri bilen kömege ugradýar. Hiç wagt atalarynyň sözünden çykmaýan gerçek ýigitler desbi-dähel atlanýarlar. Ýöne ýakynda öýlenen körpe inileri ýaş gelniniň ýanyndan gussaly çykýar. Ýagy gaýtarylýar, ýow sowulýar, ýöne kethudanyň sekiz ogly hem şehit bolýar.

Sun­gat­da se­kiz­burç­lu­gyň be­ýa­ny

Milli oýunlar we nesil terbiýesi

Türkmen halky öz taryhy ösüşinde ýaş nesle terbiýe bermegiň dürli tärlerini esaslandyrypdyr. Biziň günlerimize gelip ýeten şeýle tärleriň biri hem çagalary milli oýunlaryň üsti bilen terbiýelemekdir. Olar çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, terbiýe we ählumumy bilim bermek häsiýetine hem eýedirler. Türkmen milli oýunlaryny mazmuny we häsiýeti boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar. Olaryň birnäçesi ýaş nesli zähmete, durmuşa uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bolsa, birnäçesi durmuşda görýän we göz ýetirýän zatlarynyň wezipeleriniň ornuny ýerine ýetirýär. Çaganyň özbaşdak, erkin häsiýete eýe bolup başlamagy olaryň döredijilik ukybynyň ösmegine ýardam edýär. Oýundaky aýdylýan sanawaçlar, oýun aýdymlary çagalaryň gepleýiş ukybyny ösdürmäge, aýdym aýtmagy, sanamagy öwretmäge gönükdirilipdir we bu häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Türkmen milli oýunlarynyň aglabasy hereketli oýunlardan ybarat bolup, ähli döwürlerde-de çagalara we ýetginjeklere beden terbiýesini bermekde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Şonuň üçin hem, çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, milli oýunlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanylypdyr.

Depämdäki täjim sen!

— Hany, ýegenlerim, bärik geliň! — diýip, aňyrdan ýylgyryp gelýän Umyt Merjendir Göwheri ýanyna çagyrdy-da, penjeginiň goltuk jübüsinden çykaran gültahýalaryny gyzlaryň başyna geýdirdi. Ol: — Muny mamaňyz iberdi, alyň, nesip etsin! — diýdi.

Magtymguly we «Mertler Watany beýgeldýär»

Watan waspy, Watan mertebesi hemişelikdir, müdimidir we dowamlydyr. Edil halkyň, milletiň ömri kysmydyr. Dili senaly we dili dogaly kişileriň Watan hakda sözlemedigi ýokdur. Çünki beýikler Watan beýikligini dabaralandyrmak bilen beýgelendirler. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez ylham çeşmesine eýlenen ajaýyp eserleriniň ählisiniň süňňünde ömrüni Watanyň mertebesine mertebe goşup, öňki derejesinden bir gez beýgeltmek islegi bilen ýaşan gerçekleriň sütün-sütün ykballary örän ussatlyk bilen yzarlanýar. Bir gezek 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndaky taryhy çykyşlarynyň birinde hormatly Arkadagymyz pederleriň häsiýetiniň hemişelik ýörelgedigi dogrusynda: «Hormatly adamlar, halk biz üçin işlemeli däl-de, biz ýolbaşçylar halk üçin, onuň bagtyýarlygy üçin zähmet çekmelidigimizi hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, bir ajaýyp paýhasy dabaralandyrdy. Bu paýhas kämil şahsyýetiň zehinine eýlenip, 2017-nji ýylda biziň elimize «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjileriň müdimilik gollanmasyna öwrülen ajaýyp eser bolup gowuşdy. Adamzadyň parahat we asuda ýaşaýyş hakyndaky sowallaryna döwrebap seslenýän ideýalary we taglymatlary özünde jemleýän gymmatly eserleri ýazmagyň ussady

Änewli haly

XV asyra degişli Seýit Jemaleddin metjidi we öz döwründe dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan «Ak bugdaýyň watany» diýlip atlandyrylan Änew medeniýeti dürli ýyllarda milli haly sungatymyzda öz waspyny tapdy. 1948-nji ýylda haly suratkeşi Kemal Asgerowyň taýýarlan nusgasy boýunça halyçy Bossan Geldiýewa Seýit Jemaleddin metjidiniň ýokary bölegini haly sungatymyza geçirýär. 2.12x1.69 ölçegli, 25 reňk ulanylyp dokalan «Güberçekli haly», «Aždarhaly haly» ady bilen giňden tanalýan bu haly milli sungatymyzyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir.

Mirasa köňül goýan

Sungatyň beýikligi onuň ähli halklar üçin düşnükliligidir. Ussat keramikaçy Wera Miloşewiçi hem, başga milletiň wekilidigine garamazdan, halkymyzyň milli senetçiliginiň täsin dünýäsine getiren sungatyň jadyly güýji bolsa gerek. Wera Miloşewiçiň surat çekmäge bolan höwesi Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde okap ýören wagtlary ýüze çykýar. Özüniň zehinini ilki bolup duýan mekdebiň surat mugallymy Nikolaý Wasilýewiçi Wera hoşallyk bilen ýatlaýar. Ykbal zehinli gyzy başga ugra gönükdirýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň, ene-atasynyň maslahaty bilen hasapçylyk hünäri boýunça başlangyç bilim alýar, soňra Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebini tamamlaýar. Wera alan hünäri boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa kärhanasyna işe iberilýär. Ol bu uly kärhananyň çägi bilen tanşyp ýörkä keramiki önümler ýasalýan bölümine barýar we şu ýerde işlemäge isleg bildirýär. Wera orta mekdepde okuwdan daşary surat çekmegiň syrlaryny öwrenendigini, eger isleseler, şu ýerde zehinini görkezip biljekdigini aýdýar.

Kitabyň gymmaty

Gadymy Köneürgenç dünýä belli alymlaryň ýaşan mukaddes topragydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda Gündogaryň beýik akyldary Abu Ali Hüseýin Ibn Abdallah Ibn Sinanyň ylmy işlerinden söz açyp, onuň döredijiligine ýokary baha berýär. Aşgabat şäherindäki «Ylham» seýilgähinde alymyň heýkeliniň oturdylmagy oňa goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Biz ussat lukmanyň durmuşyndan bir tymsaly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Günlerde bir gün Buhara emiri Nuh Ibn Mansur as-Samany agyr keselläpdir. Hiç bir tebip onuň derdini dep edip bilmändir. Emiriň lukmany Kamary kömek sorap, Ibn Sina ýüz tutmaga mejbur bolupdyr. Ibn Sina emiriň saglyk ýagdaýyny içgin öwrenipdir we degişli bejergi geçiripdir. Az wagt geçip-geçmänkä, emir doly sagalypdyr. Hoşallyk hökmünde hökümdar ýaş lukmana altyn ýüzük sowgat beripdir hem-de köşk lukmany wezipesine kabul edilendigini aňladýan hormat hatyny gowşurypdyr. Emir lbn Sinanyň ýüzüne seredende, onuň nämedir bir zatlar aýtmak isleýändigini aňypdyr-da:

Milli aýdym-sazlarymyzyň täzeçe öwüşgini

Welaýatymyzda ir döwürlerden bäri halypa-şägirtlik gatnaşyklary esasynda bagşyçylygyň ärsary ýoly dowam edip gelýär. Bu ýol türkmen halkymyzyň bagşyçylyk sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolmak bilen, öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan ahal, salyr-saryk, ýomut-gökleň, damana, çowdur ýollaryndan tapawutlanyp, Lebap boýlarynda ýaşaýan ähli kowumlaryň gylyk-häsiýetlerini, şiwe äheňlerini özüne siňdirip, süýjy owaz, bokurdak jukguldylary we hüwwüldileri bilen ýerine ýetirilip aýdylýan aýdymlar toplumydyr. Ol aýdymlary Amyderýa jülgesinde ýaşap geçen şahyr hem bagşy Mahmyt Gaýyby, Pudak bagşy, Magrup Saltyk, Aýal bagşy, Myrat şahyr, Seýit bagşy, Ärsary bagşy, Durdy bagşy, Kyrkar bagşy, Nazar bagşy, Haky bagşy, Goç bagşy, Bazar bagşy, Mämmetmyrat bagşy ýaly halypalar ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Olaryň bu jadyly sungata berlen beýik söýgüsi baradaky gürrüňler bolsa häli-häzirler hem ilat arasynda ýaşaýar. Bagşyçylygyň beýleki ýollarynda bolşy ýaly, ärsary ýolunda hem Babagammar dutaryň, Aşyk Aýdyň sazyň piri hasap edilipdir. Şol bir wagtda bolsa Lebap boýlarynyň bagşy-sazandalary Myrat bagşy atany bagşyçylygyň, Gorkut atany dessançylygyň piri diýip hasap edipdirler.

Taryha ser salyp...

Şan-şöhrat getiren şahsyýetler Bu toprakda ençeme halklaryň taryhy ykbalyna täsirini ýetiren alymdyr beýik şahsyýetler ötüp geçipdir. Şeýle görnükli şahsyýetleriň biri hem Abusagyt Abulhaýyrdyr. Onuň gadyr-gymmaty Magtymguly Pyragynyň “San bolsam” goşgusynda hem öz ornuny tapýar. Alymlaryň durmuş ýoluny öwrenmek ylym-bilim, medeni gatnaşyklarymyzyň baýlaşmagyna we täze ylmy çeşmeleriň ýüze çykarylmagyna getirýär.