Oňa ýeňişler ýaran
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, eziz Watanymyzyň sport abraýynyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýan türgenleriň sany barha artýar. Şeýle ýaşlaryň biri hem Köýtendag etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jasmin Jumanazarowadyr. Ol 5-nji synpdan bäri etrap merkezindäki 1-nji sport mekdebine gatnap, dzýu-do we kuraş boýunça tälim alýar. Ussat tälimçi Gülnur Jepbarowanyň elinde türgenleşýän Jasmin gün-günden kämilleşip, ussatlyga ymtylýar. Ol erjelligi, maksada okgunlylygy bilen tiz wagtda sportuň bu görnüşleri boýunça ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Ýaş pälwan ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleriniň arasynda dzýu-do we kuraş boýunça geçirilýän bäsleşiklerde yzygiderli ýeňiş gazanyp gelýär. Ol ilkinji gezek 2022-nji ýylyň iýun aýynda welaýatymyzda dzýu-do boýunça 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda 48 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ikinji orny eýeledi. Ýaş türgen şol ýylyň sentýabr aýynda kuraş göreşi boýunça 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen welaýatyň birinjiligi