Daglarym...
(Oýlanma) Hyýalbent köňlüm ýene daglaryň belent gerşine gondy. Hyýal-arzuwlaryma erkimi aldyryp barşyma, Magtymguly atamyzyň nazary düşen keremli daglaryň goýnuna doldum. Ynha, Zemin bilen gögüň arasyny baglap oturan, näzik duýgularyňy oýaryp, derýa deý joşdurýan, dumany serinde belent gerişli gojaman daglarym! Megerem, Gorkut atanyň pähim-paýhasy, şahyr atamyzyň şygyrlary, Görogly begiň batyrlygy seniň kalbyňda yz goýan bolarly. Çünki bu beýik şahsyýetleriň ruhy mähri hem seniň süňňüňe siňendir. Asyl, öz kaddy-kamatyňy üýtgetmän oturanlygyň hem şondandyr. Belki, şu duran beýik daşyň üstünde Magtymguly atamyz syrly dünýäsini taraşlandyr. Sebäbi hezreti Magtymgulynyň önüp-ösen, kämil eserleri döreden ýerleri bu daglar... Akyldar şahyrymyz telim sapar bu daglaryň deredir jülgelerine, çeşme-çaýlaryna nurana nazaryny aýlap, onuň bilen nijeme gezek didarlaşandyr, syr alyp, syr berşendir. Magtymguly atamyz bu daglaryň üstünden Zemine bakyp, degre-daşa mähir bilen nazar aýlap, arzuwlaryna umyt baglandyr. Bu dag gözelliklerini, täsinliklerini bolsa duýgularyna siňdirendir. Olaryň gaýtalanmajak mukaddes söze öwrülip, ýüreklerde ebedi orun almagynyň hikmeti hem, megerem, şunda bolsa gerek. Henizem nazarymy bu daglaryň garlyklaryndan sowup bilmän durun. Ynha, bir ýer