Limon
Ýiti ýokanç respirator keselleriň diňe bir öňüni almakda däl, eýsem, saglygy dikeldiş döwründe hem limonyň uly peýdasy bardyr. Onuň üýtgeşik ysy daşky gabygyndaky efir ýagy bilen baglydyr. Limon — iýmitler, işdäaçarlar, dürli naharlar taýýarlanylanda, şeýle-de, konditer, kosmetiki önümleri we derman serişdeleri taýýarlanylanda giňden ulanylyp gelýär. Ol gan basyşyny peseldiji, aterosklerozyň öňüni alyjy bolup, peşew ýollaryndaky duzlary azaltmakda, süýjüli diabet keseliniň öňüni almakda uly orna eýedir. Limonyň şiresi barmaklaryň arasynda döreýän kömelejikleri ýok etmäge hem ukyplydyr. Onuň gabygy deride bolan gataňsy ýygyrtlary ýumşatmaga, olaryň ýazylmagyna nepi degýändir. Limonyň ysy ynsan duýgurlygyny, işjeňligini güýçlendirýär. Adaty ýagdaýda, bir käse gaýnag suwa bir bölek limony atyp, bir çaý çemçe ary bal goşup, günüň dowamynda iki gezek içip bilersiňiz. Eger limonyň köp mukdaryny sarymsak, ary baly ýaly önümler bilen garyp, melhem hökmünde ulanjak bolsaňyz, onda lukmanyň maslahatyny alyň! Çünki, limon aşgazan turşulygy ýokary bolan, aşgazanda, onkibarmak içegede ýarasy bar näsaglara, allergiýasy bolanlara, öt haltada we ýollarynda daş emele gelmek ähtimallygy bar bolsa, ony ulanmak maslahat berilmeýär.