Täze eýýamyň milli ruhy-ahlak ýörelgeleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň ýaşlaryna ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly gowy gylyk-häsiýetler mahsus bolmalydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär. Terbiýe - munuň özi ynsanyň ýüreginde bar bolan gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky gurşawyň oňat ýörelgelerini endik etmegini gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent ýaşamaga, mydama netijeli hereketde bolmaga gönükdirmekdir. Onda mukaddes zatlary söýmek, ýaramaz endikleri ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. Ata-enän